Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gytçylygyň arasynda häkimiýetler Lebabyň un zawodlaryny we bugdaý ammarlaryny derňeýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenabatda bir çörek dükany. Arhiwden alnan surat

Lebap welaýatynyň döwlet dükanlarynda un, çörek we ýag gytçylygy dowam edýän wagty, hukuk goraýjy edaralar welaýatyň iri un zawodlaryny we bugdaý ammarlaryny derňeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji awgustda habar berdi.

“Saýat, Sakar we Türkmenabat şäherleriniň un zawodlarynda Hojambaz etrabynyň galla kabul ediş harmanhanalarynda hukuk goraýjy edaralar 2020-nji ýylyň galla hasyly boýunça derňew işlerine başladylar” diýip, habarçy habar berdi.

Ol geçirilýän derňew işleri bilen baglylykda agzalýan desgalaryň 1-nji sentýabra çenli ýapyk saklanjakdygyny aýtdy.

Häkimiýetleriň welaýatyň un we bugdaý ammarlarynda geçirýän derňew işleri welaýatda un üpjünçiliginiň ýaramazlaşýan wagtlaryna gabat gelýär.

“Welaýatda kartoçka esasynda berilýän un paýogy iki ýarym aý bäri berilmeýär” diýip, habarçy aýtdy.

Ykdysady çökgünligiň ýitileşmegi bilen Türkmenistanyň dürli künjekleriniň döwlet azyk haryt dükanlarynda esasy iýmit önümleriniň üpjünçiligi azyk kartlary arkaly ýola goýuldy.

Ýatlasak, maý we iýun aýlarynda Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde halkyň gündelik sarp edýän esasy iýmit önümlerini döwlet dükanlarynda kartoçkalar arkaly satmak düzgüni girizilipdi.

5-nji awgustda Azatlygyň habarçysy bu düzgüniň Lebap welaýatynda soňky alty – sekiz aý töweregi wagt bäri dowam edýändigini, her aý adam başyna 250 gram arassalanmadyk ýagyň hem-de 3 kilogram unuň ýeňillikli döwlet bahasyndan azyk kartlary esasynda ýaşaýjylara satylýandygyny habar berdi.

Ýöne habarçy ençeme lebaplylaryň sözlerine salgylanyp, bu möçberiň ujypsyzdygyny, galyberse-de welaýatda un paýogyň üpjünçiliginde dörän böwşeňligiň yz ýany, adamlaryň arasynda nägileligiň güýçlenendigini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, golaýda un ýetmezçiligi bilen baglylykda Çärjew hem-de Saýat etrabynyň bir döwlet dükanynda ýaşaýjylar dükan satyjysyna fiziki hüjüm edipdir.

“Saýatda un bilen bagly uruş dawalar köpeldi” diýip, habarçy belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, Çärjew we Saýat etraplarynda ilat arasynda azyk üpjünçiligi bilen baglanyşykly dörän dartgynly ýagdaýyň yz ýany welaýatyň iri un zawodlarynda we bugdaý ammarlarynda hukuk goraýjy edaralar derňew işine başlady.

Habarçy Saýat, Sakar we Türkmenabat şäherleriniň un zawodlarynda we Hojambaz etrabynyň bugdaý ammarlarynda jogapkär resmileriň häkimiýetler tarapyndan ogurlykda güman edilýändigini aýtdy. Şeýle-de, onuň sözlerine görä, geçirilýän derňew işleriniň çäginde degişli ammarlarda bugdaýyň saklanyş şertleri, barlaghanalar we tereziler barlanýar.

Azatlygyň habarçysy welaýatyň döwlet dükanlarynda un paýogynyň iki ýarym aý töweregi wagt bäri gijikdirilmeginiň bugdaý ammarlarynda gallanyň azalmagy hem-de welaýat boýunça ýygnalan umumy hasylyň pesligi bilen düşündirilýändigini habar berdi.

Türkmen hökümeti iýulyň başynda bu ýyl ýurduň bugdaý meýdanlaryndan 1 million 400 müň tonna hasylyň ýygnalandygyny mälim etdi. Ýöne Azatlyk bilen gürleşen gallaçylar bu sanlara ynanmaýar.

“Olar (häkimiýetler-red.) nädip bolsa-da, häzirki kyn şertlerde halka çörek bermegi maksat edinýändiklerini aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

“Emma her ýyl azyndan üç un kärhanasynyň ýa-da harmanhananyň başlygy we ençeme resmi türmä gidýär, olaryň ýerine täzeleri gelýär. Şol bir ýagdaý gaýtalanyp dur, düzelýän zat ýok!” diýip, bir ýerli synçy Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Para berip işe girýärler, para alyp türmä basylýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG