Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus kanun çykaryjysy protestçileriň hukuklaryny has-da çäklendirmek üçin kanun taslamalaryny hödürleýär


Russiýanyň Döwlet Dumasy
Russiýanyň Döwlet Dumasy

“Ýedinaýa Rossiýa” partiýasyndan bir kanun çykaryjy Russiýada raýatlaryň ýygnanyşmak hukuklaryny mundan-da beýläk has-da çäklendirýän iki kanun taslamasyny teklip edýär.

17-nji noýabrda Döwlet Dumasyna Dmitriý Wýatkin tarapyndan hödürlenen kanun taslamasy ýörişleriň daşary ýurt serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmegini gadagan etmegi, adamlaryň bir hatara düzülmegini bikanun hasaplamagy we bir adamlyk piket protestlerine gatnaşyjylaryň çalyşylmagyny hem-de şeýle ýygnanyşyklar barada habar berýän žurnalistler üçin täze çäklendirmeleriň girizilmegini teklip edýär.

Şeýle-de, kanun taslamasy polisiýa bölümi ýa-da beýleki howpsuzlyk gulluklarynyň edara binalarynyň golaýynda ýöriş geçirilmegini hem gadagan eder.

Oppozisiýa kanun çykaryjylary bir adamlyk piketler hakyndaky kanuna giriziljek üýtgetmeleri dessine tankyt etdi.

“Adalatly Russiýa” partiýasynyň wekili Oleg Şeýn “Kommersant” gündelik neşirine beren interwýusynda şeýle kanun taslamalary hödürlemek bilen hökümet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň öz-özüni “jemgyýetiň talaplaryndan daşlaşdyryp, gabaw astynda galan gala” öwürýändigini aýtdy.

Şeýn Uzak Gündogardaky Habarowsk şäherinde dowam edýän köpçülik protestlerine üns çekip, gadagançylyklaryň we çäklendirmeleriň adamlaryň hökümete garşy duýgy-düşünjelerini beýan etmek üçin geçirýän ýygnanyşyklaryny bes etdirip bilmeýändigini aýtdy. Habarowsk protestleri regionyň häkimi Sergeý Furgalyň tussag edilmegine garşy iýul aýynda başlady.

Mundan başga-da, Russiýanyň adam hukuklary boýunça komissary Tatýana Moskalkowa şu ýylyň başlarynda bir adamlyk piketleriň “köpçülik çäresi” hasaplanmaýandygyny aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar rus hökümetini adamlaryň ýygnanyşmak hukuklaryny çäklendirýän kanunlary ýatyrmaga çagyrdy.

Russiýada ýerli häkimiýetleriň rugsady bolmazdan köpçülik ýygnanyşyklaryny ýa-da piketleri gurnamaga rugsat berilmeýär.

Köplenç halatda oppozisiýa toparlary tarapyndan guramalaşdyrylýan şeýle ýörişler ýa-da köpçülik protestleri polisiýa tarapyndan bikanun çäre hökmünde ýowuz basylyp ýatyrylýar.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Wýatkiniň başlangyçlary bilen özüniň heniz ýakyndan tanyşmandygyny aýdyp, teklip edilýän kanun taslamasy barada kommentariýa bermekden boýun towlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG