Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan we Özbegistan Gyrgyzystanyň maliýe kynçylyklardan çykmagyna ýardam berýärler


Gyrgyzystanyň premýer-ministri hem prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Sadyr Žaparow Ýokarky Naryn GES-inde.
Gyrgyzystanyň premýer-ministri hem prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Sadyr Žaparow Ýokarky Naryn GES-inde.

Gyrgyzystan örän çylşyrymly döwri başdan geçirýär. Resmi maglumata görä, Gyrgyzystan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda COVID-19 sebäpli ýogalanlaryň sany boýunça iň ýokary derejä baryp ýetdi, şonuň bilen birlikde bu ýagdaý ýurduň ykdysadyýetine-de ýaramaz täsir etdi. Oktýabr aýynyň başynda närazylyk protestine çykan köpçülik ýurduň prezidentini hem hökümeti iş başyndan çekilmäge mejbur etdiler. Täze döredilen hökümet ýolbaşçylary kömek gözläp başladylar, ol kömegi bolsa garaşylmadyk ýerden – öz goňşularyndan tapdylar.

12-nji noýabrda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň metbugat-gullugy Gazagystanyň hem Özbegistanyň Gyrgyzystan döwletine maliýe hem ynsanperwer ýardamlary berjekdigini mälim etdi.

Özbegistanyň Gazeta.uz informasiýa saýty hem şol gün Tokaýewiň Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew bilen telefon arkaly gepleşendigini, onuň dowamynda «sebitdäki berkararlygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin bilelikdäki tagallalar, şeýle hem gyrgyz halkyna ykdysady we ynsanperwer ýardam bermek barada gepleşilendigini» habar berdi.

Gazeta.uz saýtynyň makalasynda ýazylyşyna görä, häzirki günde Gyrgyzystanyň daşarky bergisi 4,5 milliard dollara ýetipdir. Ol berginiň 42%-den gowragy Hytaýa degişli.

Bu iki döwletiň Gyrgyzystana berjek ykdysady ýardamynyň hem ynsanperwer kömeginiň möçberi barada makalada takyk maglumat berilmeýär, ýöne ol beriljek ýardamyň düýbüniň birnäçe gün öň tutulandygy mälim edilýär.

Gyrgyzystanyň täze daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew 29-njy oktýabrda Gazagystana we 5 – 6-njy noýabr aralygynda Özbegistana resmi sapar etdi hem bu iki döwletden ýardam sorady.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Sadyr Žaparow hem-de Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew.
Gyrgyzystanyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Sadyr Žaparow hem-de Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew.

GYRGYZYSTANYŇ BÝUJETINI GOLDAMAK HEM-DE AZYK ÖNÜMLERINIŇ HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK

Gazagystan bilen Özbegistanyň bermekçi bolýan maliýe ýardamy Gyrgyzystanyň býujetini goldamaga gönükdiriler hem-de ýurduň azyk-iýmit howpsuzlygyny üpjün eder.

Gyrgyzystanyň koronawirusa garşy göreşine ýardam bermek üçin, Gazagystan bilen Özbegistan olara däri-derman ibermegi, keselhanalara enjamlary ýollamagy-da nazarda tutýarlar. Habarda aýdylyşyna görä, Özbegistan ol ýerde «bejeriş-saglyk merkeziniň» gurluşyk işlerine-de ýardam bermäge razylyk bildiripdir.

Munuň özi Russiýanyň Gyrgyzystana maliýe ýardam berjek diýip planlaşdyran 100 million dollaryny doňduran wagtynda, hut häzirki günde Gyrgyzystan üçin iň zerur ýardam bolup durýar. Moskwanyň şeýle karara gelmegine Gyrgyzystanda soňky 15 ýylyň içinde köpçülikleýin protestler esasynda üç gezek döwlet ýolbaşçylarynyň çalşygy täsir edipdir.

Şeýlelikde, Gazagystanyň hem Özbegistanyň agyr ýagdaýda galan goňşusyna ýardam bermegi tebigy ýagdaý. Bu üç döwlet baryp 1997-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda, Bişkek şäherinde baky doganlyk Şertnamasyna gol çekipdiler. O döwürde bu ýurtlaryň prezidentleri başga adamlardy, her halda ol dokument iş ýüzüne geçip bilmedi. 1998-nji ýylyň noýabrynda Gazagystan hem Özbegistan baky doganlyk barada ikitaraplaýyn Şertnama gol çekişdiler.

Merkezi Aziýa döwletleri öz garaşsyzlygyny alanlaryndan soňra, geçen 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Gazagystan-Gyrgyzystan gatnaşyklary tutuş sebitde iň gowularyndan biri boldy. Golaýda Gyrgyzystanyň täze bellenen daşary işler ministri Kazakbaýew resmi saparda bolanynda, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew muny belläp geçdi.

— Gazagystan hem Gyrgyzystan iň ýakyn döwletlerdir. Bizi hiç bir zat bölmeýär, gaýtam, tersine, bizi birleşdirýän faktorlar örän köp – diýip, Kasym-Žomart Tokaýew öz gyrgyz myhmanyna mälim etdi.

Özbek-gyrgyz serhedindäki «Dostluk» geçelgesinde, ýolagçylar koronawirus barlagyndan geçýärler.
Özbek-gyrgyz serhedindäki «Dostluk» geçelgesinde, ýolagçylar koronawirus barlagyndan geçýärler.

ATAMBAÝEWIŇ GAZAGYSTANY TANKYTLAMAGYNA GARAMAZDAN

Bu gatnaşyk Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň 2017-nji ýylyň ahyrynda Gazagystanyň adresine tankydy bellikleri aýdandygyna garamazdan dowam etdi. Gyrgyzystana jogap hökmünde Gazagystan öz serhedini ýapdy. Gazagystan tarapy şol döwürde Gyrgyzystana Ýewroaziýa ykdysady bileleşiginiň çäginde, 100 million dollar ýardam bermekçidi.

Şawkat Mirziýaýewden öňki Yslam Kerimow döwründe Özbegistan ne Gazagystan, ne Gyrgyzystan bilen dost bolup bilmedi. Yslam Kerimow döwründe 1388 kilometre ýetýän özbek-gyrgyz serhedi häli-şindi ýapyk boldy.

Mirziýaýew 2016-njy ýylyň sentýabrynda döwlet başyna gelende, Özbegistanyň öz goňşy döwletleri bilen ýakyn aragatnaşygy ýola goýaryn diýen wadasyna eýerdi diýmek mümkin. Indi Daşkent bilen Nur-Sultan ýygy-ýygydan möhüm meseleler, şol sanda «sebitiň durnuklylygy hem hopwsuzlygy» barada pikir alşyp başladylar.

«GYRGYZYSTANYŇ ABADANÇYLYGY SEBITDÄKI HOWPSUZLYGYŇ MÖHÜM FAKTORY BOLUP DURÝAR»

Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem Özbegistanyň liderleri 9-njy oktýabrda Gyrgyzystanda döwlet agdarylyşygy bolansoň, «doganlyk Gyrgyzystanda bolýan ýagdaýa» alada bildirýändikleri barada bir tarapdan seslendiler. «Gyrgyzystanyň abadanlygy tutuş sebitiň howpsuzlygyna hem-de Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin möhüm faktor bolup durýar» diýdiler.

Ol beýanat Tokaýewiň metbugat-gullugy tarapyndan ýaýradyldy, bilelikdäki şeýle möhüm beýanata itergi beren hem gurnan Merkezi Aziýanyň liderleri diýilse-de, Tokaýew bilen Mirziýaýewiň arasynda baran gepleşikleriň netijesidigi öňe sürülýär. Täjigistan bilen Türkmenistan öz içerki meselelerine berk bagly, olaryň içki kynçylyklary diýseň köp, şonuň üçinem olar beýleki liderleriň hatarynda şeýle beýanatyň inisiatorlary bolmakdan uzakda.

Gazagystan hem Özbegistan Merkezi Aziýanyň esasy täsirli ýurtlary bolup durýar. Sebitde ykdysady hem harby gatnaşyklar meselesinde, şeýle hem ilat sany boýunça örän güýçli ýurtlardyr. Şeýle-de bolsa, olaryň öňki gatnaşyklarynyň agyr bolmagynda, ýene-de esasy sebäp Kerimowyň kejirligi bolupdy.

Gazagystan-Özbegistan hyzmatdaşlygynyň ilkinji netijesi Gyrgyzystandaky ýagdaýyň gowulaşmagy bolsa gerek. Mundan daşary-da, Gazagystanyň hem Özbegistanyň hökümetleri sebitdäki howpsuzlygy hem durnuklylygy üpjün edip bilerler. Bu merkezi aziýaly bäş döwletiň daşarky uly döwletlerden, aýratyn-da bir ýagdaý ýüze çykanda, Russiýa bilen Hytaýdan garaşly bolmagyny azaldyp biler.

Makalada awtoryň aýdanlary Azatlyk Radiosynyň garaýyşlaryna laýyk gelmän biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG