Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda we Lebapda COVID-19 alamatly keselçilik ýaýraýar. Paýtagtda söwda merkezleri ýapyldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri henize çenli ýurtda koronawirusyň hasaba alynmandygyny öňe sürýän mahaly, Aşgabatda we Lebapda COVID-19 alamatlary bilen keselleýän adamlar köpelýär. Paýtagtda söwda merkezleriniň ençemesi we dükanlar ýapyldy. Lebapda 1-nji dekabrdan başlap welaýatyň köp ugurly hassahanasyny karantine almak barada maslahat edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 23-nji noýabrda Aşgabatdan we Lebapdan habar berdiler.

Şu günler Aşgabatda adamlaryň koronawirus alamatly keselçilik bilen kesellemek derejesiniň ýokarlanýandygy barada maglumat bar. Paýtagtdaky habarçymyz saglyk işgärlerine salgylanyp, hususan-da ýurduň elitasynyň, şol sanda howpsuzlyk güýçleriniň agzalarynyň arasynda köp hadysanyň hasaba alynýandygyny aýdýar.

"Saglyk öýlerindäki lukmanlaryň, şeýle-de maşgala lukmanlarynyň ençemesini gije duýdansyz alyp gidýärler. Olary dürli, şol sanda ýokary gatlaga degişli adamlaryň öýlerine eltip, şol jaýdaky adamlarda test geçirmegi talap edýärler. Käbir maşgalalarda 5-6 adam birden keselleýär. Olar öýde bejergi almagy makul bilýärler" diýip, paýtagtyň Saglyk öýleriniň birinde işleýän lukman adynyň aýdylmazlygy şerti bilen habarçymyza beren maglumatynda gürrüň berdi.

Koronawirus alamatly keselçiligiň ýaýraýandygy baradaky habarlaryň arasynda, soňky günlerde paýtagtyň häkimiýetleri öňünden duýduryş bermezden, söwda merkezleriniň ençemesini ýapdy.

Habarçymyzyň aýtmagyna görä, 19-njy noýabrda azyk önümlerini satmaýan söwda nokatlary ýapylan bolsa, 20-nji noýabrda "Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" lomaý söwda bazary hem doly ýapyldy. "Kämil" söwda merkezi öz işini dowam etdirýän bolsa-da, "Halk" market alyjylar üçin öz gapylaryny gulplady.

"19-njy noýabrda "Gülüstan" söwda merkezinde senagat harytlaryny satýan dükanlaryň eýelerini we olaryň satyjylaryny bazara goýbermediler. Şeýle ýagdaý "Teke bazarynda" hem gaýtalandy. Bu barada öňünden hiç zat aýtmadylar" diýip, bu bazarlarda söwda nokatlary bolan telekeçileriň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy saglyk pudagyndaky çeşmelere salgylanyp, COVID-19 alamatly keselçiligiň bu welaýatda hem möwç alýandygyny habar berýär.

"Hadysalaryň köpelmegi bilen bagly, 1-nji dekabrdan başlap welaýatyň köp ugurly hassahanasyny ýene-de karantine almak meýilleşdirilýär. Bu barada welaýat resmileri we ýokary wezipeli saglyk işgärleri derejesinde maslahat edilýär" diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran lebaply saglyk işgäri habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Bu aralykda, 28-nji oktýabrda Tatarystandan Türkmenabat şäherine gelen türkmen raýatlaryny 24 gün karantinde saklap, 21-nji noýabyrda öýlerine goýberildi.

Tatarystandan gelen raýatlaryň we olaryň dogan-garyndaşlarynyň ençemesiniň aýtmagyna görä, ýolagçylar öýlerine goýberilmezden öň, olaryň ýaşaýan ýeri hasaba alyndy. Şeýle-de, maşgala lukmanlary her bir ýolagçynyň ýaşaýan jaýyna baryp, olaryň ýazgyda duran ähli maşgala agzalarynda COVID-19 testini geçirdi.

"Maşgala agzalarymyz "Bizden näme üçin test alýaňyz? Entek oglum gelenok" diýip maşgala lukmanyndan sorasa, ol "Buýruk şeýle, ogluňyz gelenden 10 günden soň, ýene gaýtadan test tabşyrmaly bolarsyňyz" diýip jogap berdi. Bir maşgalada 10 adam ýazgyda duran bolsa, olaryň her biriniň testi üçin 100 manat, jemi 1000 manat tölemeli bolduk. 10 günden ýene-de 1000 manat tapmaly" diýip, ogly Tatarystandan gelen lebaply cene-atalaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabat we Türkmenabat şäher häkimliklerinden, Lebabyň köp ugurly hassahanasyndan, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Soňky bir aýyň dowamynda türkmen hakimiyetleri maska dakynmak talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirdi. Bu işe polisiýa we býujet işgärleri, mugallymlar bilen bilelikde, ymamlar we ýaşulular hem çekilýär. Şeýle-de, ýurtda içerki hereket çäklendirmeleriniň möhleti 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli uzaldyldy.

Türkmen häkimiýetleri henize çenli ýurtda koronawirusyň hasaba alynmandygyny öňe sürüp, bu çäreleriniň sebäplerini "ýurda ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak" tagallalary bilen düşündirýärler.

13-nji noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow atasynyň doglan obasynda täze Ýokanç keseller hassahanasyny açyp, ýurduň COVID-19-dan “erkin bolmagynyň" “guwandyrjy” ýagdaýdygyny aýtdy we “bu biziň uly üstünligimizdir” diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG