Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mara Aşgabatdan barlag geldi, keselhanalarda diwarlar hassalaryň gapdalynda boýaldy


Keselhana otaglary hassalaryň gabat garşysynda boýaldy. (arhiw suraty)

Mara Aşgabatdan ugradylan ýörite barlag komissiýasynyň saparynyň çäklerinde, welaýatyň hassahanalarynda gyssagly abatlaýyş işleri geçirilýär, lukmanlar dynç günleri hem işe çykmaga mejbur edilýär. Keselhanalaryň diwarlaryny boýamagy hem öz içine alýan abatlaýyş işleri hassalaryň gabat garşysynda alnyp barylýar, bu hem näsaglaryň saglyk ýagdaýlarynyň has hem ýaramazlaşmagyna sebäp bolýar.

Geçen ýekşenbe güni Mary welaýatyna Aşgabatdan ýörite barlag komissiýasy gelip, ilkinji nobatda sebitiň saglyk edaralaryna aýlanyp başlady. Bellesek, Azatlyk resmi taýdan maglumat berilmeýän bu komissiýanyň sebite etjek sapary, oňa görülýän giň gerimli taýýarlyk işleri we hüşgärlik çäreleri barada mundan birnäçe hepde ozal yzygiderli habar beripdi.

Barlag komissiýasynyň ýurduň günorta welaýatyna gelmegi bilen, häzirki günde Baýramalynyň etrap hassahanasynda gyssagly ýagdaýda bejeriş işleri geçirilýär, şol sanda palatalaryň diwarlary, düşekleriň gapdalyndaky tekçeler-tumboçkalar hem reňklenýär.

Keselhanada bejergi alýan näsaglaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolmagy başaran habarçymyz, bu işleriň hassalaryň edil gabat garşysynda, hiç hili öňüni alyş çäreleri görülmezden geçirilýändigini, munuň netijesinde käbir syrkawlaryň saglyk ýagdaýynyň has hem ýaramazlaşandygyny anyklady.

“Toksikologiýa bölüminde geçirilen abatlaýyş işleriniň dowamynda, bejergi alýan bir aýal maşgala boýagyň ysyna allergiýasynyň bardygyny aýdyp, özüniň başga bir ýere geçirilmegini sorady. Emma oňa hiç kim gulak asmady. Şepagat uýasy: ‘Barlag gelýär, diwarlary hökman boýamaly. Beýleki palatalarda hem ýagdaý şular ýaly’ diýip, hassanyň haýyşyny duşundan geçirdi” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan beýleki hassalaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

“Mundan soňra, ol näsag üsgürip başlady, soňra-da demi ýetmän huşundan gitdi. Ony gyssagly reanimasiýa bölümine äkitdiler we kisloroda çatdylar” diýip, efirde adynyň Jeren diýlip üýtgedilmegini soran 50 ýaşlaryndaky beýleki hassalaryň biri nygtady.

Azatlyk ol hassanyň soňky ykbaly barada häzirlikçe goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Mundan başga-da, keselhanada ýaňy çalynan boýagyň yssynyň hassalarynyň yzyndan getirilen azyk önümleriniň hem zaýalanmagyna getirýändigi bellenilýär.

“Keselhana gireniňde ilki bilen boýagyň ýiti ysy urýar. Tumboçkalaryň hem reňklenmegi bilen, olarda yzymyzdan getirilýän azyklary saklar ýaly bolmady. Boýagyň ysy iýmite ornap, ony iýer ýaly bolmaýar. Azygy başga ýerde saklamaga mümkinçilik hem ýok. Hassalaryň köpüsi bu şertlere çydaman, keselhanany terk etdiler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran 40 ýaşlarynyň ortasyndaky hassalaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň ençeme synanyşygyna garamazdan, Baýramalynyň etrap hassahanasyndan bu görülýän işler we olaryň syrkawlara ýetirýän täsirleri barada maglumat almak başartmady.

Habarçymyz Aşgabatdan barlag komissiýasynyň gelmegi bilen, Mary welaýatynyň beýleki sebitlerindäki keselhanalarda hem gyssagly abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini belledi.

Bu aralykda, Turkmen.news internet neşiri welaýatyň administratiw merkezi Mary şäherindäki köpugurly hassahanada-da ýokarda beýan edilen ýaly abatlaýyş işleriniň geçirilendigini, mundan başga-da ýekşenbe güni ähli lukmanlaryň işe çykmaga mejbur edilendigini habar berýär.

“Şenbe güni keselhananyň işgärleri, hassalary başga palatalara geçirmän, gyssagly ýagdaýda krowatlary we ýyladyş turbalaryny reňkläp başladylar. Munuň netijesinde, ýatyp bejergi alýan, otagdan özbaşyna çykyp bilmeýän hassalar ilki himiki galyndylary dem almaga mejbur boldular, soňy bilen-de boýagyň ysyny çykarmak üçin penjireler açylanda, sowukdan kösendiler” diýip, neşir öz çeşmelerine salgylanyp maglumat berýär.

Turkmen.news ýekşenbe güni keselhananyň lukmanlarynyň 18:00-a çenli iş ýerinde saklanandygyna garamazdan, barlagyň bu hassahana gelmändigini hem nygtaýar.

Neşiriň maglumatyna görä, 50-60 adamdan ybarat komissiýa häzire çenli Marynyň ýokanç keseller keselhanasyna, maýyplar üçin hassahanasyna we diagnostika-barlag merkezine baryp görüpdir.

Barlag komissiýasynyň agzalarynyň wezipelerini häzirlikçe anyklamak başartmady. Şeýle-de, toparyň welaýatyň diňe bir saglyk pudagy bilen çäklenjekdigi ýa-da sebitiň beýleki edarlaryna hem aýlanjakdygy mälim däl.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri sebitlere iberilýän komissiýa we olaryň geçirýän barlaglary hem-de netijeleri barada aç-açan maglumat bermeýärler.

Galyberse-de, bu barlag işleri türkmen resmileriniň ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň hem resmi taýdan hasaba alynmandygyny öňe sürýän, emma Azatlygyň we beýleki garaşsyz çeşmeleriň ýurtda COVID-19 alamatly hassalaryň köpelýändigi baradaky habarlarynyň arasynda bolup geçýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG