Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maska, düzgün bozanlara jeza, saglyk işgärleriniň mejbury dynç alyşy. Türkmenistan COVID-19-a garşy "göreşýär"


Türkmenistan, noýabr, 2020 
Türkmenistan, noýabr, 2020 

Türkmenistanda maska dakynmak düzgünini bozandygy üçin ilat gaty yzarlanýar, tutuş ýurt boýunça reýdler, tussaglar we jerimeler amala aşyrylýar. Şeýle-de, içerki syýahat gadaganlygy güýçlendirilýär we saglyk edaralarynda işgärleriň sany azaldylýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ilata köpçülik ýerlerinde maska dakynmagy maslahat berýän hem bolsalar, sebäbini düşündirmeýär, soňra talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edip, düzgüni bozanlary köpçülikleýin jezalandyrýarlar.

"Şu gün joramyň adamsy awtobusly barýarka oňa Oguzhan köçesinde jerime salyndy. Ol maskalydy, ýöne maska bütin burnuny ýapmandyr. Raýat eşikli birnäçe ýigit awtobusa girip, hiç hili resminama görkezmezden maska režimini bozandygy üçin birnäçe adamy tutup, alyp gitdiler. Görnüşi ýaly, bular harby akademiýanyň we polisiýa akademiýasynyň kursantlarydy"- diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 17-nji noýabrda gürrüň berdi.

Düzgüni bozanlar tutulyp, polisiýa bölümine äkidilýär we olara jerime salynýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, indi saklanan adamlaryň maglumatlary kompýutere girizilýär, ýöne tölenen jerime barada olara hiç hili kwitansiýa berilmeýär: "Ilkinji gezek düzgün bozulandygy üçin 21 manat tölemeli. Emma kwitansiýa berilmeýär. Düzgün bozanlar kän. Köpüsi erkek adamlar. Aýal-gyzlary "goh etmesin diýip" köp saklamaýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar we aýallaryň köplenç gaharlanýandyklaryny we hukuklaryny talap edýändigini, şonuň üçin polisiýanyň köplenç aýallaryň ýanyna barmazlygy makul bilýändigini aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky ýene bir habarçysy adamlaryň öz öýleriniň howlusynda polisiýa tarapyndan saklanýandygyny habar berýär: "Bir tanyşymyň ogly kakasynyň resminamalaryny awtoulagdan getirmek üçin howla çykdy, şol pursatda polisiýa akademiýasynyň kursantlary maskasyz ýetginjegi görüp, golaýdaky polisiýa bölümine alyp gitdiler."

Maskalaryň dakylmagyna gözegçiligiň güýçlendirilmegi noýabr aýynyň başynda hasam güýçlendi. Aşgabatda maska režiminiň berjaý edilmegine gözegçiligi polisiýa işgärleri we harby okuw jaýlarynyň kursantlary amala aşyrýarlar. Türkmenabatda reýdleri häkimligiň, polisiýanyň we sanitariýa-epidemiologiýa gullugynyň işgärlerinden düzülen ýörite toparlar geçirýärler. Maryda polisiýa işgärleri bilen bilelikde mekdep mugallymlary hem bu işi berjaý edýärler. Mundan başga-da, ýerli mekdepleriň mugallymlary birnäçe gün bäri köçelerde patrullyk edýärler.

Jemgyýetçilikde maska geýmek talaby iýul aýynda Bütindünýä saglyk guramasynyň koronawirus boýunça missiýasynyň saparyndan soň başlandy. Şonda halkara bilermenleri Türkmenistana ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat beripdi.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň arasynda koronawirus alamatly keselçiligiň ýaýramagyna, şol sanda ölümiň bardygyna garamazdan, bu keseliň ýokdugyny aýtmagyny dowam etdirýärler. 13-nji noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "ýurtda koronawirusyň ýokaşmagy bilen baglanyşykly ýekeje hadysanyň-da hasaba alynmandygyny ýene gaýtalady, ýöne sentýabr aýynda ýurduň ýolbaşçylary global koronawirus pandemiýasynyň agyrlygyny ykrar edipdi we saglyk işgärlerine goşmaça ýeňillikleri wada beripdi.

Azatlygyň habarçylary wada berlen kömek pulunyň ýerine indi paýtagtyň saglyk işgärleriniň tölegsiz rugsada iberilýändigini aýdarlar.

"Aşgabadyň Halkara kardiologiýa merkezinde şepagat uýalary işiň we hassalaryň köp bolmagyna garamazdan, tölegsiz dynç alşa iberilýär. Şeýlelikde, şepagat uýalarynyň bir bölegi bir aýlyk dynç alyşdan soň işe gaýdyp geldi, başga-da ýedi adam şol şertlerde öýlerine iberildi. Mundan başga-da, olara hatda arza ýazmagyň zerurlygy ýok. Bir gün öň işgärlere jaň edilýär we olaryň ertirden işe barmaly däldigi aýdylýar "- diýip, habarçymyz bu ýagdaýyň beýleki saglyk merkezlerinde-de bardygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý boýunça Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden resmi maglumat alyp bilmedi.

Bu aralykda raýatlaryň ýurduň içinde syýahat etmegine degişli şertler has agyrlaşdy.

"Maryda etraplaryň arasynda syýahat etmek gaty kyn. Saglyk ýagdaýy barada poliklinikadan resminama almaly. Uzakdaky obalara asla baryp bolmaýar. Şäherde işleýänler her 10 günden bir gezek keselhanadan we işleýän ýerinden sprawka almaly bolýarlar. Köpler nirä barjagyny we näme etjegini bilmeýärler", diýip Azatlygyň Marydaky habarçysy 17-nji noýabrda gürrüň berdi.

Noýabr aýynyň başyndan bäri Türkmenistanda ilatyň ýurduň içinde hereket etmek mümkinçilikleri hasam çäklendi. Welaýatlaryň arasynda awtobus we demirýol gatnawy ýatyryldy.

Habarçymyzyň sözlerine görä, häzir Maryda köpler gije bikanun hereket edýän awtoulaglarynyň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar: "Gijelerine taksiler işleýär. Bahasy adam başyna 600 manat. Howply we gymmat bolýandygyna garamazdan, umytsyzlyk sebäpli köpler mundan peýdalanmaly bolýarlar. Şeýdip Aşgabada gatnaýanlaryň arasynda hassalar we onkologiki keselleri bejermek üçin barýan çagalar hem köp" diýip, habarçymyz aýdýar.

Mundan ozal habarçylarymyz Türkmenistanyň hökümetiniň koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreleri 1-nji noýabrdan başlap has-da güýçlendirmegi planlaşdyrýandygy habar beripdi. Tizara, türkmen häkimiýetleri Türkmenistanda koronawirus çäklendirmeleriniň täze ýyla çenli güýjünde saklanjagyny tassykladylar. "Türkmen demir ýollary" kompaniýasynyň resmi web sahypasynda otly gatnawynyň golaýda dikeldilmejegi barada gysga habar çap edildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG