Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň döwlet edaralarynda işgärlerden bikanun ýygnalýan pullaryň 'yzy çalynýar'


Trkmenistan. Polisiýa işgärleri. Bezeg suraty
Trkmenistan. Polisiýa işgärleri. Bezeg suraty

Marynyň döwlet edaralarynda geçirilýän barlaglar eýýäm birnäçe gün bäri dowam edýär, ýöne resmiler ol barlaglaryň sebäpleri barada hiç bir düşündiriş bermeýärler diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň Marydaky habarçysy sebitiň döwlet edaralarynda Aşgabatdan iberilen ýörite komissiýanyň agzalarynyň barlag, derňew işlerini geçirýändiklerini habar berýär.

Bu maglumat Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky günä geçiş kararyna gol çekip, 800-den gowrak tussagy azatlyga goýberen wagtyna gabat geldi. Prezidentiň kararynda türmeden boşadylanlary iş bilen üpjün etmek hem tabşyrylýar we radio bilen gürleşen öňki tussaglar häzirki şertlerde bu tabşyrygy ýerine ýetirjek ýolbaşçynyň örän azdygyny aýdýarlar.

Döwlet edaralarynyň habarçy bilen gürleşen işgärleriniň käbiriniň sözlerine görä, barlagçylar esasan edaralarda işgärlerden ýygnalyp alynýan pullar, täze işe alnan işgärleriň nädip işe girendigi, eger täze işgär para beren bolsa, näçe berendigi bilen gyzyklanýarlar we edara başlyklaryndan degişli dokumentleriň doly görkezilmegini talap edýärler.

Habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen bir resmi bu barlagyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üstünden edilen şikaýat esasynda geçirilýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, býujet edaralarynda işleýän adamlaryň her aýda ýolbaşçylara öz ujypsyzja aýlygyndan 100 manat möçberinde pul tabşyrmaga mejbur edilişi, pagta ýygymy döwründe adamlaryň her aýda tabşyrmaly pullarynyň möçberiniň 300 manada çenli baryp ýetişi barada ilki welaýat prokuraturasyna, soňra ýurduň baş prokuraturasyna anonim arza ýazylypdyr.

Marynyň döwlet edaralarynda geçirilýän barlaglar eýýäm birnäçe gün bäri dowam edýär, ýöne resmiler ol barlaglaryň sebäpleri barada hiç bir düşündiriş bermeýärler diýip, habarçy aýtdy.

Sebitdäki habarçylarymyz mundan öň Mary şäherinde häkimlige arz-şikaýat edip gelýän adamlaryň köpelýändigini, howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini aýdypdylar. Azatlygyň hökümetdäki çeşmesiniň sözlerine görä, hüşgärligiň güýçlendirilmegi sebit ilatynyň arasyndaky "nägilelik meýilleriniň" ösmegi, häkimiýetleriň özakymlaýyn protest hereketleriniň döremeginden ätiýaç etmegi bilen bagly.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, ýurtda dowam edýän mejbury zähmet, işsizligiň ösmegi netijesinde, döwlet edaralarynyň işgärleriniň, hususan-da mekdep mugallymlaryň we saglyk işgärleriniň barha kän ezilmegine we kemsidilmegine alyp geldi.

Oba hojalygyndaky dowamly çökgünligiň çäginde, yzygiderli meýdan işlerine çekilýän ýa-da ýerlerine adam tutmaga, satyn alynjak pagta, şugundyr ýa beýleki önümler üçin pul tölemäge mejbur bolýan işgärler näme etjeklerini bilenoklar, sebäbi durmuş gymmatlap, ozalam hiç zada ýetmeýän aýlygyňy pagta üçin ýa başga zat üçin bermek gaty agyr degýär diýip, anonimlik şertinde gürleşen 55 ýaşly maryly mugallym Azatlyga aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen maryly aklawçy ýolbaşçylaryň işgärlerden talap edýän pullaryny, çagalarynyň agzyndan kesip diýen ýaly berýän işgärleriň, nähili kyn ýagdaýa düşseler hem, işlerini ýitirmezlik üçin seslerini çykarmaýandyklaryny aýtdy. Ýöne onuň pikiriçe, ir ýa-da giç, adamlaryň “sabyr käsesi” ahyrynda dolmaly, sebäbi ýaşaýyş barha kynlaşýar.

“Eger häkimiýetler anonim, golsuz ýagdaýda ýazylan arzany barlap başlan bolsalar, bu olaryň ýagdaýyň agyrdygyna düşünip başlandygyny aňladýar. Ýöne işsizlik ýokary ýolsa, edara başlyklaryna ýokardan berilýän bikanun buýruklar dowam etse, pagta ýa başga zat üçin pul ýygnamagam, işe girýänlerden para almagam dowam eder” diýip, 60 ýaşyndaky aklawçy aýtdy.

Şeýle-de ol, şertleri gowulandyrman, barlag geçirip, adamlary türmä basmagyň çözgüt däldigini, sebäbi indiki bellenen ýolbaşçynyň hem para aljakdygyny, şu sebäpden ýurtda düýpli reformalara, ilkinji nobatda hem metbugat azatlygyna, sudlaryň garaşsyzlygyna ýol açmalydygyny belledi.

Ýerli synçylaryň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri ösýän işsizligiň derejesi bireýýäm 50-60 prosentden geçdi we, ozal ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow, soňra häzirki prezident tarapyndan alnyp barlan oba syýasaty, giň ýaýran korrupsiýa göz ýumulmagy netijesinde täze açylan iş orunlarynyň yzygiderli ýapylmagy, kanun esasynda işlemek mümkinçiliginiň tasdan galmazlygy barha köp adamyň gazançsyz galmagyna, daşary ýurtlara gitmegine, hökümete garşy protestlere goşulyp başlamagyna alyp geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG