Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jebir çeken günäkärmi? Merkezi Aziýanyň kazyýetlerinde gender meselesindäki deňsizlik


Parwin Jahongiri (sagda) öz makalasynda, ýaş aýallaryň iş ýerlerinde zorluga ýa-da ýanalma duşar bolanlarynda, gorkmazlygy hem aýtmaga çekinip gezmezligi üçin, aýratyn ähmiýet berendigini aýdýar.
Parwin Jahongiri (sagda) öz makalasynda, ýaş aýallaryň iş ýerlerinde zorluga ýa-da ýanalma duşar bolanlarynda, gorkmazlygy hem aýtmaga çekinip gezmezligi üçin, aýratyn ähmiýet berendigini aýdýar.

Biri Täjigistanda, beýlekisi Gyrgyzystanda ýakynda bolup geçen sud diňlenişigi, Merkezi Aziýadaky kazyýetlerde aýallaryň kemsidilýändigini görkezdi.

27-nji oktýabrda Täjigistanyň paýtagtynda bolup geçen sud diňlenişigi ýaş modelýer Parwin Jahongiri «Вечерний Душанбе» (‘Duşenbe agşamy’) gazetinde öz biznes-partnýoryna töhmet atanlykda günäli saýdy hem Parwiniň aýdýan faktlarynyň ynançly däldigini mälim etdi.

GARŞYLYK GÖRKEZMEK

2019-njy ýylyň maý aýynda Jahongiri özüniň Virgo ýazky-tomusky egin-eşikler kolleksiýasyny Tajikistan Fashion Week toparyna çykardy. Onuň kolleksiýasyna «Casual – aýallar üçin örän amatly hem gündelik durmuş üçin, jemgyýetiň gyýa göz bilen garamagyndan erkin» diýlip baha berildi.

Onuň modalary Tajikistan Fashion Week’iň direktory Tohir Ibragimowda gowy täsir galdyrdy hem bilelikde döredilen T&Z brendine işe çagyrdy.

«Men öz arzuwyma hiç haçan şolar ýaly ýakyn barmandym» diýip, Parwin ýatlaýar.

Ýöne Jahongiriniň sözüne görä, ilkinji iş gününden, Ibragimow tarapyndan ýanalmalara hem kemsidilmä sezewar bolupdyr. Ol Parwine mydama haýbatly ýüzlenipdir, onuň taýýarlan zatlaryny öňüne zyňypdyr, hatda zorlajakdygy bilen haýbat atypdyr.

6-nji aprelde «Вечерний Душанбе» gazetiniň informasiýa saýtynda Jahongiriniň makalasy çap bolýar. Ol özüni müşderileriň öňünde Ibragimowyň kemsidendigini hem abraýyny peseldendigini ýazypdyr.

Bilelikde taýýarlanýan täze önümleriň 40 çemesine Jahongiri jogapkär eken, onuň daşyndan ýene öz işleri-de bolupdyr. Gazetde çykan makalada ol özüniň wagtyny täze buýrulan işlere hem hususy kolleksiýalaryna nädip böljegini bilmeýändigini boýun alýar.

Ibragimow oňa örän haýal işleýändigini aýdypdyr. «Ol meni kemsidip başlady, meniň haýaldygymy, hiç zat başarmaýanymy öňe sürdi. Ol hamana bar işi iki sagatda özüniň edip biljekdigini aýtdy» diýip, Parwin belleýär.

Şondan soň Jahongiri elindäki matany onuň öňüne oklap: «Özüň tik!» diýipdir.

Ibragimow bolsa onuň bokurdagyndan tutup, diwara gysypdyr. Modelýeriň sözüne görä, Ibragimowyň doganoglany dawa goşulyp, ony Parwinden aýrypdyr.

Ol öz pikirini – iş ýerinde ýaş aýallara garşy edilýän zorlugy hiç bir gorkmazdan hem açyk ýagdaýda gazete ýazandan soň, işden boşadylandygyny Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna gürrüň beripdi.

Tohir Ibragimow Parwin Jahongiri suda berýär, ony öz abraýyna şek ýetirenlikde, mertebesini peseltmekde aýyplaýar. «Weçerka» gazetine bolsa töhmet atandygy üçin, jerime salmagy talap edýär. Aslynda ol gazet makalany çap etmezden öň, Ibragimowa ýüz tutupdyr hem şol makala barada onuň kommentariýasyny çap edipdir.

Paýtagt Duşenbäniň Ferwöwsi raýonynyň kazyýeti Ibragimowyň haýryna höküm çykaryp, Parwine we «Weçerka» iki müň somoni (ABŞ-yň 200 dollary çemesi) jerime salýar.

Jahongiri we «Weçerka» kazyýetiň höküminden ýaňadan arz etmekçi.

Golaýda halkara täzelikleri hem syýasat baradaky Diplomat saýtynda Täjigistan boýunça Internews’iň ýolbaşçysy Wadim Sadonşoýew kazyýetiň Jahongiri we «Weçerka» barada gelen kararyny gender zorlugy diýip belledi.

ÖZÜNI GORAN GÜNÄKÄRMI?

Maşgala zorlugyna duçar bolan 29 ýaşly Gülnara Pasanowa günorta Gyrgyzystanyň ýaşaýjysy. Ol özünden 18 ýaş uly bolan adamsynyň birnäçe ýylyň dowamynda urup hem horlap gelendigini aýdýar.

Pasanowanyň sözüne görä, 2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda adamsy serhoş halda oňa topulypdyr.

Human Rights Watch (HRW): «Bu hüjüm Pasanowa garşy öz adamsy tarapyndan edilen ilkinji zorluk däl, ol 2019-njy ýylda sud-medisina ekspertizasyndan geçipdi, şonda onuň öň fiziki zorluga duçar bolandygy tassyk edilipdi» diýip maglumat berýär.

Şol gezekde ol aýalyny urupdyr hem pyçak çenäp haýbat atypdyr. Pasanowa bolsa bir demir taýagy alyp, äriniň kellesinden urupdyr. Ol huşuny ýitiripdir.

Gülnara Pasanowa Tiz kömegi çagyrýar, ýöne adamsy keselhanada jan beripdir.

Adamsy jaýlanýan güni Pasanowany tussag astyna alýarlar. Ol tussaglykda wagtynda, özüni gorajak bolup, adamsyny demir taýak bilen urandygyny boýun alýar.

Şu ýylyň mart aýynda Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň sudy adama agyr ýara salmakda günäli saýyp, Pasanowany dokuz ýyl azatlykdan mahrum edýär.

«Adalat ugrunda» (Clooney Foundation for Justice – CFJ) fondy ol aýalyň aklanmagy üçin alada bildirdi. «Suduň birinji etapynda Pasanowa şaýatlary çagyrmaga rugsat berilmedigi üçin, onuň hukugy bozulypdyr, ol şaýatlar arkaly özüniň maşgala zorlugyna duçar bolandygyny subut edip bilerdi, şeýle hem şol ýagdaý ýüze çykan pursatda Pasanowanyň psihiki ýagdaýy nazarda tutulmandyr» diýip, CFJ fondy hasap edýär.

Apellýasiýa sudunyň diňlenişigi 17-nji iýunda geçdi. Ýöne kazyýet öňki hökümi öz güýjünde galdyryp, diňe «tussaglaryň umumy amnistiýasy çäginde» jeza möhletini üç ýyl kemeltdi.

CFJ bolsa apellýasiýa sudunyň maşgaladaky zorlugy nazarda tutmandygyny, ol aýalyň özüni gorajak bolup, şeýle herekete mejbur bolandygyny öňe sürýär.

CFJ öz beýanatynda ýene şulary aýdýar: «Hanym Pasanowa sudda şu zatlary subut etmäge çalyşdy, ýöne oňa şeýle mümkinçiligi bermediler». «Prokuror kemsidiji ýagdaýda Pasanowanyň görkezmeleriniň arasyny kesdi hem ony ýaramaz, gadyrbilmez aýal hökmünde görkezmäge çalyşdy».

CFJ fondy bilen birlikde Pasanowanyň işi barada Amerikanyň ýuristler birleşigi hem gyzyklanyp, sud diňlenişigi wagtynda «ol işiň düýpli düzgün bozmalar bilen bulaşdyrylandygyny» mälim etdi.

«Sud derňewleri geçýän döwründe Pasanowa demir gözenegiň aňyrsynda oturdy». «Ol adamsy Isakowyň hossarlarynyň masgaralaýjy sözlerine hem gargynjyna duçar boldy» diýip, ynsan hukuklaryny goraýjylar aýdýarlar.

Pasanowanyň adamsynyň hossarlary apellýasiýa sudunyň kararyndan arz edip, onuň on ýyl azatlykdan mahrum edilmegini sorap, Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýetine arza beripdirler. Häzir bu işe Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýeti seredýär.

«Haçan-da, aýallar maşgaladaky zorluga duçar bolanlarynda, olary gynaýanlar seýrek ýagdaýda jogapkärçilige çekilýärler» diýip, HRW guramasy mälim edýär.

Şu ýylyň tomsunda HRW Gyrgyzystanda bir adamyň öz aýalynyň elini daňyp, urup-gynaýandygy baradaky hasabaty ýaýratdy. Onuň wideoýazgysy Internetde ýaýradyldy. Ol adamy aýalyna «ýowuz daraşmakda» günälediler, ýöne «iki güne çeken sud diňlenişiginden soň, ol adam azatlyga çykdy» diýen habar ýarady.

Bu ýerde getirilen Merkezi Aziýanyň iki ýurdundan bolan diňe iki mysal. Munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynda aýallaryň erkek kişiler tarapyndan zorluga duçar bolanlarynda, kanun goraýjy organlaryň tutýan pozisiýasyny görkezýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG