Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda çagalar köçelere aýlanyp, haryt satýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda bazarlar köp adamyň eklenç çeşmesi. Ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli bazarlar we uly söwda merkezleri ýapylandan soň, Lebapda ilat arasynda çaga zähmetinden peýdalanýan täze söwda gatnaşyklary emele geldi. Munuň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Lebapda koronawirus sebäpli bazarlaryň we uly söwda merkezleriniň ýapylmagy bilen resmi däl, “täze bazarlar” emele geldi. Ilat olary “torba bazar” atlandyrýar.

Bu bazarlaryň aýratynlygy näme?

Adaty bazarlardan tapawutlylykda “torba bazarlar” hereket edýär we onuň guramaçylygynda çaga zähmetinden peýdalanylýar.

Habarçynyň maglumatyna görä, käbir lomaý söwdagärler öz harytlaryny obalarda köçelere aýlap satdyrmak üçin 11-12 ýaşdan ýokary çagalary ulanýarlar.

“Lomaý söwdagärler 5-nji klasdan ýokary çagalara boýna asylýan torba berip, öz harytlaryny köçelere aýladyp satdyrýarlar” diýip, bir lebaply Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, söwdagärler mekdep direktorlaryna para berip, çagalar üçin okuwdan rugsat alýarlar.

“Çagalaryň irden 9-dan öýlän 5-e çenli işlän haky üçin 10-15 manat hak töleýärler” diýip, bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanda çaga zähmetini gadagan edýän halkara konwensiýalara goşuldy, ýöne iş ýüzünde şeýle tejribeler saklanyp galýar.

“Çagalar pul tapany üçin begenýärler” diýip, habarçynyň söhbetdeşi aýtdy. Ýöne lomaý söwdagärler çaga zähmetiniň olaryň sagdyn ösmegine ýetirmegi ahmal ýaramaz täsirleri barada dil ýarmaýar. Ýurtda barha ýaramazlaşýan durmuş şertleriniň hem-de ykdysady kynçylyklaryň arasynda, habarçynyň maglumatyna görä, Lebapda çagalar elleri torbaly köçelere aýlanyp haryt satýarlar.

“Torba bazarlaryň” hyzmatlaryndan esasan Çärjew hem-de Türkmenabat şäherleriniň lomaý söwdagärleri peýdalanýarlar.

“Olar işlerini saklap galmagy maksat edinýärler” diýip, beýleki bir lebaply gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, köçelerde ellerinde torba bilen haryt satýan çagalar şu wagta çenli Farap hem-de Darganata etraplarynyň käbir obalarynda görüldi.

“Ýassydepe, Hojakenepsi, Azatlyk, Goýgala, Jeýhun we Jendi obalarynda çagalar her gün köçeme-köçe her bir öýüň gapysyna aýlanýar” diýip, beýleki bir lebaply aýtdy. Ol çagalaryň adamlaryň isleg bildirýän harytlaryny torbalarynda bar bolsun, ýok bolsun, tapawudy ýok, tapyp getirip berýändiklerini sözüne goşdy.

Söwdagärler haryt ýükli ulaglary bilen köçäniň başynda garaşýar. Çagalar öýme-öý aýlanyp olaryň harytlaryny satýar.

“Ýük ulaglarynda azyk harytlary, geýim-gejim, arassaçylyk serişdeleri bar” diýip, “torba bazarlara” duş gelen bir lebaply Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Ýöne köp adam söwdanyň bu görnüşine geň galýar. Çagalaryň beýle satyjylyk etmegine köp adamyň rehimi gelýär. Daşary sowuk, çagalaryň geýimleri hem ýuka” diýip, habarçynyň gürrüňdeşi sözüni jemledi.

Döwlet mediasy ýurtda çagalaryň sagdyn ösüp ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini gaýtalaýar.

Türkmenistanyň kanunçylygy çaga zähmetini gadagan edýär.

Geçen tomus Azatlyk Radiosy Darganata etrabynda 3-9-njy synp aralygyndaky okuwçylara mejbury ýeralma ýygdyrylandygy, sentýabrda Maryda we Lebapda mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna çekilendigi barada habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG