Özbegistanyň Samarkant şäherindäki Mirzo Ulugbek köçesinde ýerleşýän söwda merkezinde, 20-nji noýabrda ýüze çykan hadysany wideo düşüren hem-de ony sosial ulgamda köpçülik bilen paýlaşan üç ýaş adam kanun goraýjylar tarapyndan saklandylar.
Samarkant welaýatynyň Içeri işler edarasynyň informasiýa gullugynyň 23-nji noýabrda beren maglumatyna görä, ol saklananlaryň garşysyna administratiw çäreleri bozanlykda aýyplama bildirilip, protokol ýazylypdyr hem düşündiriş işleri geçirilipdir. Samarkant şäher kazyýeti ol üç adamy administratiw çäre hökmünde, tussag astyna alypdyr.
Resmi maglumatda ol üç kişiniň näçe wagt tussaglykda saklanjakdygy aýdylmaýar. Özbegistanyň Administratiw kanun bozmalar Kodeksiniň 189-njy maddasynyň 1-nji bölümi hem-de jenaýat Kodeksiniň 130-njy maddasynyň 1-nji bölümi esasynda, olar reklama maksady bilen, ony köpçülige görkezmek ýa-da aýan etmek, zorlugy ýa-da ýowuzlygy propaganda etmek, ony ýaýratmak ýa-da alyp çykmak maksatly hereket edenlikde düzgüni bozan hasaplanýarlar.
Maglumatda aýdylyşyna görä, 20-nji noýabrda, takmynan 18:00-da 42 ýaşly bir adam öz aýalyny hem onuň oýnaşy hasaplanýan adamy Samarkant şäheriniň Mirzo Ulugbek köçesinde ýerleşýän söwda merkezinde pyçaklapdyr. Köp gan gitmegi netijesinde, ol adam hem aýal şol ýerde jan beripdir.
Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň maglumatyna görä, jenaýatçy tutulyp, oňa garşy jenaýat işi açylypdyr. Oňa Özbegistan Respublikasynyň jenaýat Kodeksiniň 97-nji maddasynyň 2-nji bölümi («Iki ýa-da ondan köp adamy aýratyn zalymlyk bilen öldürmek») boýunça günä bildirilipdir.
Material Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.