Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Lebapda 45 ýaşdan geçen raýatlaryň ýurduň beýleki sebitlerine sapar etmegi gadagan edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda pandemiýa sebäpli girizilen hereket çäklendirilmeleri dowam edýän mahaly, Lebapda ýaşaýjylaryň ýurduň paýtagtyna we beýleki welaýatlaryna gitmegine täze çäklendirmeler girizildi. Olardan talap edilýän resminamalaryň sany hem artdyryldy.

Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysynyň tassyklamagyna görä, ýaşy 45-den aşan adamlara ýurduň beýleki sebitlerine sapar etmek üçin zerur bolan resminamalar berilmeýär. Bu ýagdaý 15-nji noýabrdan bäri dowam edýär.

Lebabyň saglyk, polisiýa we beýleki edaralary, habarçymyzyň sözüne görä, bu çäklendirmäniň sebäplerini 45 ýaşdan geçen raýatlaryň immun sistemasynyň pes we ýokanç kesellere töwekgelçiliginiň ýokary bolmagy bilen düşündirýärler.

Türkmen resmileri häzire çenli Türkmenistanda koronawirusyň hasaba alynmandygyny öňe sürseler-de, martda ýurduň sebitleriniň arasynda hereket çäklendirmelerini girizdiler we bularyň möhletini 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaltdylar.

Bu çäklendirmeleriň çäginde sebitleriň arasyndaky otly, awtobus we taksi gatnawlary ýatyrylyp, häzirki wagtda raýatlaryň diňe uçarda sapar etmegine rugsat berilýär. Ýöne munuň üçin ilatdan resminamalaryň ençemesi talap edilýär.

Soňky çäklendirme Türkmenistanda ýokanç keseller bilen kesellemek töwekgelçiligi bolan adamlaryň hereketine täze çäklendirmäniň girizilendigi barada ýarym-resmi neşirde çap edilen habaryň yzýanyna gabat geldi.

23-nji noýabrda Orient.tm neşiri ýurtda "töwekgelçilikli adamlaryň, şol sanda ýaşy 50-den geçen raýatlaryň şäherara we sebitara ugurlary boýunça hereketine çäklendirmeleriň girizilýändigini" mälim etdi.

"Şeýle hem, ýaşy 50-den aşan işgärleriň ýurduň sebitlerine iş saparlary hem çäklendirildi" diýlip, habarda bellenilýär.

Azatlyk Radiosyna raýatlaryň hereketinde ýaş çäginiň ýarym-resmi neşirde 50 diýlip yglan edilendigine garamazdan, Lebapda munuň näme sebäpden 45-e çäklendirilendigini anyklamak başartmady.

Ýöne Azatlygyň lebaply habarçysy çäklendirmäniň munuň bilen hem gutarmaýandygyny aýdyp, ýurduň beýleki sebitlerine sapar etmek isleýän, ýaşy 45-e ýetmedik raýatlardan talap edilýän resminamalaryň sanynyň artdyrylandygyny hem belledi.

Onuň sözlerine görä, bu raýatlardan etrap lukmanlaryndan özleriniň saglyk kitapçasyny we saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak talap edilýär. Şeýle-de, bu şahadatnamada olaryň azyndan 10 aý üçin öňünden pul töländigi baradaky kwitansiýalar we möhürler hem bolmaly.

"Saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň 10 aý üçin tölegini ýazgyda duran ýeriňdäki banka tölemeli. Her aý üçin 25 manat, jemi 250 manat tölemeli. Soňra ony etrap keselhanasyna tassyk etdirmeli" diýip, darganataly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Habarçy mundan soň raýatlaryň uçar biletlerini satyn alyp, ýaşaýan etrabyndan kepilnamany we polisiýa edarasyndan rugsatnamany hem almalydygyny belleýär.

"Bu resminamalary almak üçin hem her bir edaranyň öňünde ençeme sagatlap nobata durmaly. Darganatanyň keselhanasyndan kepilnama almak üçin 100 manat para bermeli" diýip, darganataly ýaşaýjy belledi.

Şondan soň raýatlar Lebabyň merkezi sanitariýa edarasynda COVID-19 üçin test tabşyrmaly bolýarlar. Testiň asyl bahasy 100 manat, ýöne habarçymyzyň sözlerine görä, saglyk işgärleri 400 manat para bermedik adamlara "test ýok" diýip jogap berýärler.

Habarçy para meselesiniň diňe resminamalary almakda ýa-da test tabşyrmakda däl, eýse uçar biledini satyn almak bilen bagly prosesde hem ýüze çykýandygyny aýdýar.

Onuň sözlerine görä, Türkmenabadyň aeroportundaky kassalarda tapdyrmaýan uçar biletlerini şol töwerekde aýlanyp ýören adamlardan ýa-da "araçylardan" 1500 manada satyn alsa bolýar. Bilediň asyl nyrhy 250-300 manat bahalanýar.

"Garaz, bir raýat üçin ýurduň başga sebitine gitmek 2500-den 3500 manada çenli düşýär. Ýurtda iň pes aýlyk haky bolsa 870 manat. Paranyň şeýle giň ýaýran wagtynda, ýarawsyz adamlar hem 4000-5000 para berseler, Aşgabada arkaýyn uçup bilýärler" diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçy ýurtda ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar we pandemiýa çäklendirmeleri bilen bagly işsizligiň ýiti duýulýandygyny belläp, iş gözleginde has köp raýatyň ýurduň beýleki sebitlerine sapar etmäge synanyşýandygyny hem aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebap welaýat we Darganata etrap häkimliklerinden, saglyk bölümlerinden we Türkmenabadyň aeroportundan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistan COVID-19 tassyklanan ýekeje hadysany hem hasaba almandygyny öňe sürýän az sanly ýurtlaryň biri bolmagyna galýar. Türkmen häkimiýetleri pandemiya bilen bagly girizýän çäklendirmelerini "ýurda ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak" tagallalary bilen düşündirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG