Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Balkanyň häkimiýetleri içerki migrantlary welaýatdan çykarýar


Illýustrasiýa suraty

Balkanyň häkimiýetleri işsizligi, döwlet dükanlaryndaky azyk gytçylygyny, bankomatlardaky nagt ýetmezçiligini we olaryň öňündäki nobatlary beýleki sebitlerden gelen içerki migrantlary welaýatdan çykarmak arkaly çözmäge synanyşýar.

Işsizlige, azyk we nagt krizisine garşy görülýän bu çäräniň çäginde polisiýa öýlere aýlanyp, içerki migrantlary gözleýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy noýabrda Balkan welaýatyndan habar berdi.

"Şu günler Türkmenbaşy we Balkanabat şäherleriniň polisiýasy başga welaýatlardan gelen raýatlary sebitden çykaryp başladylar. Olar bu şäherlerde diňe Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň ýaşap we işläp bilýändigini aýdýarlar" diýip, içerki migrantlaryň we polisiýa işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri agşam sagat 8-den soň duýdansyz öýlere aýlanyp, jaýda ýaşaýan raýatlaryň pasportlaryny barlaýarlar. Eger raýatlaryň ýazgyda duran ýeri başga welaýatda bolsa, onda olar polisiýa bölümlerine äkidilýär.

"Polisiýa işgärleri olara "Bu ýerden nädip gitseňiz gidiň. Eger ýene bir gezek ele düşseňiz, gaty görmäň" diýip haýbat atýarlar" diýip, habarçy Balkanda Lebap we Mary welaýatlaryndan gelen müňlerçe raýatyň işleýändigini, olaryň bazarlarda araba sürüp, tam süpüriji bolup ýa-da gurluşykda işläp gazanç edýändigini hem belledi.

Polisiýa işgärleri bu çäräniň sebäplerini işsizlik, döwlet dükanlaryndaky azyk gytçylygy, bankomatlardaky nagt ýetmezçiligi we olaryň öňündäki nobatlar bilen düşündirýärler.

"Dükanlarda azyk çäkli bolandygy sebäpli, polisiýa işgärleriniň aýtmagyna görä, şäheriň resmileri olara içerki migrantlary welaýatdan çykarmagy tabşyrypdyrlar. Şeýlelikde, dükanlaryň, bankomatlaryň öňündäki nobatlary azaltmak maksat edinilýär. Şeýle-de, polisiýa işgärleri häzir bu sebitiň öz ýaşaýjylaryna iş, azyk kömeginiň gerekdigini aýdýarlar" diýip, habarçy belledi.

Habarçy ýurtda indi ençeme aý bäri dowam edýän karantin çäklendirmeleri sebäpli Türkmenbaşy we Balkanabat şäherleriniň ýaşaýjylarynyň ykdysady şertleriniň erbetleşýändigini hem aýdýar.

Ol muňa karantin çäreleriniň çäginde köp kärhanalaryň, şol sanda nebiti gaýtadan işleýän zawodyň, "Hazar Balyk" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we ençeme myhmanhananyň işiniň duruzylmagynyň sebäp bolandygyny belleýär.

"Müňlerçe balkanly işini ýitirdi. Häzir köp adam işsiz öýünde otyr. Bu bolsa adamlaryň maddy ýagdaýynyň erbetleşmegine we arzan azyk önümlerine bolan talabynyň ýokarlanmagyna getirdi" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy beýan edilen bu ýagdaýlar barada Balkan welaýat, Türkmenbaşy we Balkanabat şäher häkimliklerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri döwlet dükanlarynda azyk, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi dowam edýär. Munuň bilen bagly olaryň oňünde uly nobatlar saklanyp galýan mahaly, ilat dürli kösençliklere sezewar bolýar.

Azatlygyň habarçylary pandemiýa sebäpli ýurduň serhetlerinde gatnawlaryň täzeden düzgünleşdirilmeginiň we welaýatlaryň arasyndaky hereket çäklendirmeleriniň azyk hem-de maliýe ýetmezçiliginiň has-da ýitileşmegine getirendigini habar berip gelýärler.

Bu aralykda, balkanly habarçymyz içerki migrantlara garşy görülýän bu çäreden soň, her gün ýüzlerçe marylynyň we lebaplynyň öz welaýatlaryna dolanyp başlandygyny hem aýdýar.

Onuň sözlerine görä, içerki migrantlar hereket çäklendirmeleri sebäpli jemgyýetçilik awtobusynda, otluda ýa-da takside öz ýaşaýan ýerlerine gidip bilmeýärler, şol sebäpli dürli kösençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

"Geçen hepde Türkmenbaşydan Türkmenabat şäherine gelýänçäm transportyň azyndan 30 sany görnüşine mündüm. Serdardan Ahalyň çägine çenli pagta daşaýan traktoryň tirkeginde, pagtanyň içinde, soňra bir çopanyň köne motosiklinde geldim. Arçmandan Gökdepä çenli aralygy mal bazaryna mal alyp barýan üsti açyk, "ZIL" kysymly ýük ulagynda geçdim" diýip, faraply Babamyrat habarçymyza gürrüň berdi.

Ol özi ýaly başga-da sekiz ýoldaşynyň şeýle usulllar bilen Lebaba gelendigini aýdyp, howanyň temperaturasy 3 gradusa çenli ýetýän şu günlerde onlarça kilometr ýoly pyýada ýöräp geçmeli bolandyklaryny hem belledi.

Ýurt häkimiýetleri yokarda aýdylanlary görmezlige salýarlar. Türkmen hökümetiniň hasabatlarynda diňe ýurduň ykdysady ösüşini görkezýän sanlar öňe sürülýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

XS
SM
MD
LG