Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Sanjar wakasy' 18 ýaşady: Synçylar halk, häkimiýet arasyndaky ynamsyzlygyň 'has çuňlaşandygyny' aýdýarlar


Türkmen resmileri garaşsyzlygyň 15 ýyllygyny belleýär. 27-nji oktýabr, 2006. Arhiw suraty

Synçylar bendileriň garyndaşlarynyň türmedäki hossarlary bilen hat alşyp, olara azyk, derman, geýim-eşik geçirmek ýaly kanuny hukuklaryndan hem kesilmegini, olaryň diri görkezilip bilinmezligini hökümetiň S.Nyýazow döwründäki gorky-howatyryndan henizem çykyp bilmezligi hökmünde häsiýetlendirýärler.

Türkmenistanda 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda, şol wagt atlandyrylyşy boýunça 25-nji sanjarda bolan ýa-da bolandygy aýdylan döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan bäri 18 ýyl geçdi.

Bu şol aýda doglan oglan-gyzlaryň 18 ýaşandygyny, kämillik ýaşyna ýetendigini we türkmenistanlylaryň ýene bir nesliniň öňünden okuw ýa iş meseleleriniň, durmuşda öz ornuňy tapmak üçin uly, aşa çylşyrymlaşan synagyň keserip çykandygyny aňladýar. Sebäbi Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna düşýän tussaglarynyň sany boýunça iň ýokary derejelerde durýar.

Synçylar bu ýagdaýy ýurtda soňky otuz ýylda giň ýaýran korrupsiýanyň, işsizligiň we jenaýatçylygyň derejesi, okamak, hünär almak mümkinçilikleriniň aşa peseldilmegi, netijede nesilleriň häkimiýet bilen halk arasynda dörän çuňňur ynamsyzlygyň ýesirine öwrülmegi we şol bir dar çygyrda galmagy hökmünde düşündirýärler.

Türkmenistandaky işsizlik, okuw, bilim almak mümkinçilikleriniň aşa azaldylmagy, bilimiň aşa syýasylaşdyrylmagy her ýyl müňlerçe türkmenistanlynyň daşary ýurtlara okuwa gitmegine alyn gelen bolsa, metbugat azatlygynyň bolmazlygy daşary ýurtlara gidip bilmedik ýaşlaryň köpüsiniň döwlet eýeçiligindäki medianyň wagyz telperliginde galmagyna, soňky otuz ýylda ýurtda we dünýäde bolup geçen özgerişlere dogry düşünmekde kynçylyk çekmegine sebäp boldy diýip, synçylar aýdýarlar.

Şeýle-de, ýerli synçylar Türkmenistanda 25-nji noýabr wakalaryna alyp gelen içerki syýasy göreşe, şondan soň emele gelen agyr ýagdaýa töwerekleýin syýasy baha berilmezliginiň jemgyýeti öz ýagdaýyna düşünmekden we “ýalňyş üstünde işlemekden” saklaýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk radiosy halk içinde “25-nj sanjar wakasy” diýip bilinýän “kast ediş synanyşygy” we onuň netijeleri barada pikirlerini sorap, birnäçe ýerli synçy bilen söhbetdeş boldy. Ýöne olar howpsuzlyk aladalary sebäpli öz atlarynyň we sesleriniň ulanylmazlygyny talap etdiler.

25-nji noýabrçylaryň jenaýatçylyk işleri, resmi düşündirişe görä, 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda, ir sagatlarda, şol wagtky ömürlik prezident Saparmyrat Nyýazowyň ulag kerwenine hüjüm edilmegi netijesinde açyldy we onlarça adamyň, şol sanda ozalky ýokary derejeli resmileriň ömürlik we uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilmegine alyp geldi.

Elbetde, hökümet ol adamlary “jenaýatçy, watan haýynlary” diýip yglan etdi we, “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň maglumatlaryna görä, Nyýazowyň janyna kast ediş synanyşygy diýilýän iş boýunça türmä basylan adamlaryň birnäçesi bendilikde ýogaldy, beýlekileri garyndaşlaryna görkezilmän saklanýar.

Ýerli synçylar bendileriň garyndaşlarynyň öz türmedäki hossarlary bilen hat alşyp, olara azyk, derman, geýim-eşik geçirmek ýaly kanuny hukuklaryndan hem kesilmegini, olaryň diri görkezilip bilinmezligini hökümetiň S.Nyýazow döwründäki gorky-howatyryndan henizem çykyp bilmezligi hökmünde häsiýetlendirýärler.

Ikinji tarapdan, bir-birinden aýratynlykda gürleşilen dürli ýaşdaky adamlaryň pikirlerine görä, 25-nji noýbrçylar babatdaky hökümet pozisiýasynyň 2007-nji ýylda häkimiýet çalşandan soň hem üýtgemezligi, olaryň doly üzňelikde saklanmagynyň dowam etdirilmegi wakalaryň resmi düşündirilişini barha kän sorag astyna salýar.

Eger-de häkimiýetler ol adamlaryň hakykatdan hem güýç ulanyp, konstitusion gurluşy zor bilen üýtgetmäge synanyşandygyna berk ynanýan bolsa, muňa ýeterlik subutnamalary bar bolsa, bendileriň hossarlary, garaşsyz aklawçylar, žurnalistler bilen hem duşuşmagyndan gorkup oturasy iş ýok diýip, Ýewropada ýaşaýan 36 ýaşly türkmen aýtdy.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda ol ýa-da beýleki jenaýatda günälenýän adamlary wideokameranyň öňünde öz eden ýa etmedik jenaýatyny boýun aldyrmak usulyny ulanyp, Stalin döwründäki “görelde” sudlaryny saklap galmakda, ilaty gorkuda saklamakda tankyt edilýär.

Halkara hukuk toparlarynyň ýyllyk hasabatlarynda aýyplanýanlaryň kanun esasynda özlerini goramak hukuklaryndan kesilýändigi, olaryň gynag astynda özlerine we beýleki adamlara garşy görkezme bermäge mejbur edilýändigi aýdylýar.

Özüni hukuk döwleti atlandyrýan ýurtda sudlar garaşsyz däl we aklawçylar öz müşderileri hakynda metbugata ýa hukuk goraýjylara açyk düşündiriş, maglumat berip bilmeýärler. Bu ýagdaý aýyplanýan adamyň günäsi açyk sudda subut edilmezden has öň hakyky manysyndaky tussaga, günäkäre öwrülýändigini görkezýär diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen öňki tussaglaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, türkmen türmelerindäki azyk ýetmezçiligi, ýeterlik ýyladylmaýan we salkynladylmaýan tussaghana binalary, hapaçylyk we keselçilik häkimiýetler tarapyndan adamlaryň erkini syndyrmak üçin ulanylýar.

Şeýle-de, öňki tussaglaryň käbiriniň tassyklamagyna görä, türmedäki adamlar yzlarynda galan ene-atalaryna, doganlaryna, çagalaryna zyýan ýetirmejek bolup, agyr jenaýatlary hem boýun alýarlar. "Sebäbi olara şeýle mazmunly haýbatlar hem atylýar" diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren adamlar aýdýar.

25-nji noýabrçylar hem, şol sanda öňki daşary işler ministri, wise-premýer we ilçi Boris Şyhmyradow hem kameranyň öňünde özüne ýüklenen günäleri boýun aldy. Mundan başga, B.Şyhmyradowyň adyndan bu iş boýunça kitap hem çap edildi.

Soňky otuz ýylda türkmen ýazyjylarynyň we žurnalistleriniň onlarçasy gara sanawa girizilip, ýazan zatlaryny çap etmekden mahrum edildi, emma hökümete gerek bolsa, ömürlik tussag edilen adam hem türmede kitap ýazyp, ony çap etdirip bilýär diýip, gadaganlykdaky ýazyjylaryň biri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde belledi.

Synçylar häkimiýetleriň bu ulanýan usullarynyň türkmen kanunçylygyna hem, halkara kanunçylygyna hem ters gelýändigini aýdýarlar.

Ikinji tarapdan, ýerli synçylaryň käbiri 25-nji noýabrçylaryň tarapdarlarynyň hem bolan wakalary doly aýdyňlaşdyryp bilmändiklerini, bu ýagdaýyň köp adamy alasarmyklyga salýandygyny aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, hakykatda bu waka has töwerekleýin öwrenilmeli we şaýatlaryň, synçylaryň we ekspertleriň gatnaşmagynda wideosöhbet gurnap, dokumental kino taýýarlanmaly.

“Bu türkmen halkynyň S.Nyýazowyň we onuň egindeşleriniň arasynda başlanan häkimiýet dawasynyň türkmen döwletini we halkyny alyp gelen syýasy-ykdysady petigine düşünmek we öňe gitmek üçin gerek” diýip, 61 ýaşyndaky dilçi mugallym Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Azatlyk 25-nji noýabr wakasynyň 18 ýyllygyna gabatlap, bu waka gönüden-göni dahylly bolan syýasatçylaryň biri, bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow bilen söhbetdeş boldy.

Bu söhbeti 28-nji noýabrda efire çykan Hepdäniň jemi programmamyzda diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýdyp bilersiňiz.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG