Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar möhleti dolan tussaglaryň azat edilmegine, 'türme ýitirimliginiň' bes edilmegine çagyrýar


Türkmen türmelerinde "ýitirim edilen" haspalanýan tussaglaryň käbiri
Türkmen türmelerinde "ýitirim edilen" haspalanýan tussaglaryň käbiri

Hukuk goraýjylar koalisiýasynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanda türme möhletini doly tamamlan tussaglaryň hem birnäçesiniň azatlyga goýberilmezligi we ykbaly näbelli, ýitirim bolan tussaglaryň arasynda galmagy adam hukuklarynyň has gödek bozulmagy bolup durýar. 

Türkmen häkimiýetleri mejbury ýitirimlige sezewar edilen we möhletini tamamlan tussaglary haýal etmän azatlyga çykarmaly diýip, “Olary diri görkeziň” kampaniýasy 28-nji awgustda, ýitirim bolanlaryň halkara gününe gabat çap eden beýanatynda aýdýar.

30-njy awgustda ýitirim bolanlaryň halkara güni bellenilip geçilýär, Türkmenistanyň hökümeti bolsa ýurduň kanunçylygyny we halkara konwensiýalaryny, adam hukuklary standartlaryny gödek bozmak bilen, adamlary özüniň orta asyr türme şertlerinde ýitirim etmegini dowam etdirýär diýip, beýanatda aýdylýar.

“Olary diri görkeziň” kampaniýasy türkmen türmelerinde 120-den gowrak adamyň ýitirim bolandygyny dokumentleşdirendigini aýdýar we heniz anygyna ýetilmedik işleriň hem kändigine ynanýandygyny öňe sürýär.

Hukuk goraýjylar koalisiýasynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanda türme möhletini doly tamamlan tussaglaryň hem birnäçesiniň azatlyga goýberilmezligi we ykbaly näbelli, ýitirim bolan tussaglaryň arasynda galmagy adam hukuklarynyň has gödek bozulmagy bolup durýar.

“Türme möhletleri gutaran hem bolsa, olar tussaglary yzygiderli gynaýan we adamkärçiliksiz şertlerde ýaşamaga mejbur edýän ulgamda ýitirim bolan halda galmagyny dowam etdirýär” diýip, hukuk goraýjylar bu adamlaryň köpüsiniň indi 18 ýyl bäri maşgalalary bilen görşüp, hat alşyp, olardan azyk, derman kömegini alyp bilmeýändiklerini belleýärler.

Türkmen türmelerinde ýitirim bolan hasaplanýan tussaglaryň maşgala agzalary köplenç olaryň diridigini ýa ýogalandygyny hem anyklap bilmeýär. Bu diňe halkara kanunçylygynyň däl, türkmen kanunlarynyň hem bozulmagy bolup durýar, türkmen kanunçylygynyň ýekeje maddasy-da tussagyň saklanýan ýerini ýa-da saglyk ýagdaýyny gizlemäge mümkinçilik bermeýär diýip, beýanatda aýdylýar.

Türkmenistanda ýitirim bolan hasaplanýan tussaglaryň azyndan ýedisiniň türme möhleti doly tamam boldy, emma olar boşadylmady. Içerki sürgüne geçirilen bir adamyň, Gulgeldi Annanyýazowyň ýagdaýyndan başga, bu adamlaryň maşgalalary olaryň nirededigini ýa-da ýagdaýlarynyň nähilidigini bilenok.

Syzyp çykan maglumatlara görä, Gülgeldi Annaniýazow 2019-njy ýylyň mart aýynda doly türme möhletini tamamlady we azat edilmegiň deregine, ýurduň ilatynyň aşa agyr şertlerde ýaşaýan künjegine, uzak sebite sürgün edildi.

Möhleti doly tamamlan ýedi adamyň bäşisi 2002-nji ýyldan bäri türmede otyr. Olar öňki prezident Saparmurat Niýazowy wezipesinden agdarmak synanyşygy diýilýäne gatnaşmakda aýyplanýan "noýabrçylar", Annageldi Akmyradow, Esen Buriýew, Isa Garataýew, Bazar Gurbanow we Konstantin Şyhmuradow dagydyr.

Gürrüňi edilýän ýedi adamyň ýene biri bolsa Mamur Ataýew, ol hem 2004-nji ýylda agdarylyşyk synanyşygy diýilýän bilen ilteşiklilikde aýyplanyp tussag edildi we şondan bäri bäri türmede otyr.

Türmede ýitirim bolan beýleki bäş tussagyň türme möhletleri 2020-2021-nji ýyllarda gutarmaly. Bular möhleti 2020-nji ýylyň güýzünde gutarmaly Rüstem Jumaýew, Saparmyrat Muhammedow, möhleti şu ýyldan gijä galman gutarmaly Batyr Sarjaýew dagy. Orazmämmet Yklymowyň, Öwezmyrat Ýazmyradowyň türme möhletleri bolsa 2021-nji ýylyň güýzünde dolýar.

“Olary diri görkeziň” kampaniýasy türkmen häkimiýetleriniň ýitirm bolan tussaglaryň arasyndaky möhleti dolan bendileri haýal etmän we hiç bir şert goýmazdan azatlyga çykarmagyny talap edýär we tussaglaryň mejbury ýitirim edilmeginiň derhal bes edilmegi we bendileriň ählisine öz maşgala agzalary bilen duşuşmak, aklawçy saýlap almak, saglyk kömegini almak we halkara gözegçileri bilen görüşmek mümkinçiliginiň döredilmegi baradaky talabyny gaýtalaýar.

Şeýle-de kampaniýa halkara jemgyýetçiliginiň, şol sanda halkara guramalarynyň türkmen häkimiýetlerinden adam hukuklary boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini, halkara ülňülerini berjaý etmegini we bu adamlary haýal etmezden we şertsiz boşatmagy talap etmeklerine çagyrýar.

2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanda daşarky dünýäden üzňelikde saklanýan tussaglaryň hak-hukuklaryny goramak bilen meşgullanýan hukuk goraýjylar koalisiýasy Türkmenistanda 20 ýyl töweregi wagt bäri tussaglaryň mejbury ýagdaýda ýitirim edilýändigini belleýär.

“Halkara guramalarynyň we ýokary derejeli daşary ýurt diplomatlarynyň köp sanly ýüzlenmesine garamazdan, türkmen häkimiýetleri BMG-niň, ÝHHG-nyň agzalygy bilen bagly öz üstüne alan halkara ülňülerine we borçnamalaryna göz ýumup, bu meseläniň bardygyny inkär edýärler” diýip, beýanatda aýdylýar.

Gürrüňi edilýän tussaglar ýapyk sudlarda sud edildi we soň olaryň käbiriniň günäsini boýun alyp, özüni ýazgaryp we näletläp, wideokameranyň öňünde eden çykyşlary döwlet telewideniýesinde halka görkezildi.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan başlap, tussaglary özüne, garyndaşlaryna garşy görkezme bermäge mejbur etmek, şol bir wagtda hiç bir aklaw hökümini çykarmazlyk kada öwrüldi.

Ýurduň Konstitusiýasynyň 45-nji maddasyna laýyklykda, raýatyň özüne garşy beren görkezmesiniň ýuridiki güýji ýok. Emma türkmen telewideniýesi soňky otuz ýyla golaý wagtda özüni günäkärleýän we kameranyň öňünde talap edilýän sözleri gaýtalaýan adamlary yzygiderli görkezýär we döwletiň adam hukuklary boýunça halkara borçnamalaryny doly berjaý edýändigini ynandyrmaga çalyşýar.

Emma muňa garamazdan, synçylar ýurtda sudlaryň garaşsyz däldigini, ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanýan adamlaryň dürli basyşlara, şol sanda adam gynamalaryna sezewar edilmeginiň giň ýaýrandygyny, aklawçylaryň, garaşsyz hukuk goraýjylaryň öz işlerini päsgelçiliksiz ýagdaýda ýerine ýetirmegine hiç bir şertiň ýokdugyny aýdýarlar.

Mundan başga, ýurduň kanun goraýjy guramalarynyň işgärleriniň arasynda hem korrupsiýanyň giň ýaýrandygy aýdylýar we hatda uly derejeli, uzak wagtlap işlän we orden-medallar bilen sylaglanan emeldarlaryň hem soňundan türme basylyp, telewideniýede “toba” etdirilmegi täzelik däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG