Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda Lukaşenka garşy ýörişlerde 300-den gowrak adamyň tussag edilendigi habar berilýär


Minskde pensionerleriň we lukmanlaryň ýörişi. 2020-nji ýylyň 30-njy noýabry.

Belarusyň häkimiýetleri diýdimzor Alýaksandr Lukaşenkany döwlet başyndan aýyrmaga gönükdirilen demonstrasiýalaryň dowamynda 300-den gowrak protestçini tussag etdi.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän "Wýasna" guramasynyň habaryna görä, olaryň köpüsi Minskde tussag edilipdir, ýöne Brest, Hrodno, Barauliany we beýleki şäherlerde-de tutha-tutluklar bolupdyr.

Bu protestler "Goňşularyň ýörişi" şygar astynda geçýän çykyşlaryň ikinji hepdesidir. Oppozisiýa öz strategiýasyny protestleri merkezden daşlaşdyrmak we polisiýanyň aktiwistleri ýygnamagyny kynlaşdyrmak usulda guramalaşdyrýar.

"Diktatorlyga garşy goňşy goňşysy üçin" diýlip, Minskdäki bir protest bannerinde ýazylan şygarda aýdylýar. Beýlekilerde-de 1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan Lukaşenka garşy negatiw garaýyşlar mälim edilýär.

Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy hukuk goraýjy edaralaryň käbir demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gaz we granat ulanandygyny habar berdi. Minskde mobil Internet hyzmatlary kesildi we merkezi metro stansiýalary ýapyldy.

Belarus paýtagtynyň ähli etraplarynda diýen ýaly demonstrasiýalar geçirildi.

Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen bir wideoda Minsk polisiýasynyň Puşkin metro stansiýasynyň golaýynda huşsuz bir adamy süýräp alyp gidýändigi ýaly bolup görünýär.

Demonstrasiýalara näçe adamyň gatnaşandygy entek belli däl.

Belarusda Lukaşenkany altynjy möhlete wezipä gaýtadan getiren 9-njy awgustdaky çekeleşikli geçen prezident saýlawlarynda soň, yzygiderli protestler geçýär. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Lukaşenkanyň gaýtadan prezidentlige saýlanmagyny ykrar etmedi.

Saýlawda dalaşgär Swýatlana Tihanowskaýanyň hakyky ýeňiji bolandygyna ynanýan oppozisiýa Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyna, ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagyna we täze prezident saýlawlarynyň geçirilmegine çagyryş edip gelýär.

Häkimiýetleriň basyşy astynda saýlawdan soň gysga wagtyň içinde ýurtdan çykan we häzirki wagtda Litwada sürgünlikde galýan oppozisiýa kandidaty Swýatlana Tihanowskaýa demonstrantlara goldaw berýär.

"Her hepde režim protestleriň azalýandygyny öňe sürýär. Her hepde režim belarus halkyny urup-ýençmek we gorkuzmak üçin göz ýaşardyjy gazly hem-de granatly güýçlerini iberýär. Şeýle bolsa-da, olar Lukaşenkanyň režimine garşy parahatçylykly protest geçirmek üçin her hepde ýygnanýarlar" diýip, Tihanowskaýa 29-njy noýabrda Twitterde ýazan maglumatynda aýtdy.

Twitde seýilgähiň içinden geçip barýan adamlaryň akymyny görkezýän wideo hem ýerleşdirildi.

27-nji noýabrda Minsk keselhanasyna eden sapary wagtynda Lukaşenka täze konstitusiýa kabul edilen halatynda işinden aýryljakdygyny aýtdy.

"Men täze konstitusiýa astynda siz bilen prezident hökmünde işlemerin" diýip, döwlet habar beriş serişdeleri Lukaşenkanyň sözlerini sitirlediler.

Ol Konstitusiýa üýtgetmeleriň we prezidentiň ygtyýarlyklaryna düzedişleriň girizilmeginiň zerurdygyny nygtady, ýöne täze konstitusiýanyň anyk haçan kabul edilip bilinjekdigini anyklaşdyrmady.

Lukaşenka konstitusiýa üýtgetmeleriniň bolup biljekdigini mundan öňem birnäçe gezek belläp geçdi, ýöne oppozisiýa onuň hökümete garşy çykyş edýänleri basyp ýatyrmak üçin wagt utmaga we häkimiýet başynda galmaga synanýandygyny aýdyp, awtoritar lideriň bu sözlerini ret etdi.

Öňki kolhoz başlygy, 66 ýaşly Lukaşenka 1994-nji ýyldan bäri Belarusy dolandyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG