Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hanstitusiýa" ýa-da Gyrgyzystan näme üçin awtoritar düzgünli goňşularyna deňleşýär?


Gyrgyzystanda geçen parlament saýlawlaryndan soň dörän halk tolgunyşyklarynyň netijesinde hökümet başyna gelen Sadyr Žaparow öz üstünden premýer-ministrlik wezipesini aýryp, prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Jemgyýetçiligiň maslahatyna hödürlenen Gyrgyzystanyň täze Konstitusiýasy tankyda duçar boldy. Ilkinji nobatda prezidentiň hukuklarynyň giňeldilmegi tankytlanýar. Merkezi Aziýada «demokratiýanyň adasy» hasaplanýan Gyrgyzystan awtoritar düzgüni berkiden ýakyn goňşularyna deňleşjek bolýar.

Dawaly geçen parlament saýlawlaryndan soňra, Gyrgyzystanda oktýabr aýynda halk tolgunyşyklary ýüze çykdy hem bu hökümet agdarylyşygyna getirdi, prezident Sooronbaý Žeenbekow wezipesinden çekildi. Indi bolsa Gyrgyzystan Konstitusiýanyň täze proýektini maslahatlaşýar.

Ol proýekt owal başda parlamentiň 80 deputatynyň inisiatiwasy bilen öňe sürlüpdi, birnäçe deputat bolsa oňa düýpgöter garşy çykdy. Aslynda Konstitusiýanyň täze görnüşini hut kimiň işläp taýýarlandygy belli däl.

Täze proýektde esasy üns prezidentiň hukuklarynyň giňeldilmegine gönükdirilýär. Ýurduň baş maslahat berijisi hem ähli meseleleri ugrukdyryjy we gözegçilik ediji Halk gurultaýy bolup durýar. Hut şu üýtgeşiklikler hem syýasatçylar we syýasat boýunça bilermenler tarapyndan berk tankyda duçar boldy, oňa graždan aktiwistleri, ýuristler hem käbir kanun çykaryjylar-da goşulýarlar. Sebäbi häzirki teklip edilýän proýekt Gyrgyzystanyň syýasy gurluşyny düýpgöter üýtgedýär. Onsoňam täze proýekti teklip edýänleriň legitimligi sorag astynda galýar. Parlamentiň altynjy çagyrylyşdaky deputatlarynyň möhleti 28-nji oktýabrda tamamlandy, ýöne ýurtdaky durnuksyz ýagdaý sebäpli diýilip, olar öz işini dowam etdirýärler. Bu bolsa täze Konstitusiýanyň proýektini teklip etmek meselesinde jemgyýetde dürli jedelleriň döremegine giterdi.

«HANSTITUSIÝAMY?»

Konstitusiýanyň täze proýektine görä, prezident bäş ýyldan saýlanmaly, häzirki dowam edýän Baş kanuna laýyklykda, prezident alty ýyl möhlet bilen saýlanýar. Geň tarapy, proýektiň gyrgyz hem rus dillerindäki tekstinde tapawut bar. Gyrgyz nusgasynda şol bir adam iki gezek prezidentlige saýlanyp bilmez diýilýär. Hut şol maddanyň rus tekstinde bolsa, şol bir adam prezidentlige iki möhletden artyk saýlanyp bilmez diýilýär. Ýurtda gyrgyz dili döwlet dili hasaplanýar, rus dili resmi dil hökmünde ulanylýar.

Proýekte laýyklykda, 10-njy ýanwarda möhletinden irki prezidentlik saýlawlary geçiriler we prezident alty ýyl möhlet bilen saýlanar, ol prezidentiň 1-nji möhleti bolar. Proýekt boýunça prezident ýurduň baş dolandyryjylyk wezipesini ýerine ýetirer. Proýekti tankyt edijiler bolsa prezidentiň hukuklarynyň şeýle giňeldilmegini, şol sanda onuň referendum geçirmäge ygtyýarly bolmagyny ýazgarýarlar. Şonuň üçin täze nusga halk arasynda «hanstitusiýa» (ol ýere «han» sözi goşuldy — red.) diýlip atlandyryldy. Birnäçe syýasatçylar Merkezi Aziýanyň «demokratiýa adasy» saýylýan Gyrgyzystany sebitdäki beýleki döwletleriň awtoritar liderleriniň Konstitusiýany üýtgedip durmagy bilen deňeşdirdiler.

BIŞKEKDEHALK GURULTAÝY, AŞGABATDAHALK MASLAHATY

Gyrgyzystanyň Konstitusiýasynyň täze proýektine Halk gurultaýy diýilýän institutyň girizilmegi Türkmenistanyň halk maslahatyny ýatladýar.

Konstitusiýanyň proýektiniň 7-nji maddasynda «Halk gurultaýy iň ýokary halk geňeşi, konsultasiýa beriji, pikir-garaýyşlary diňleýji hem-de ugrukdyryjy organ bolup durýar» diýilýär. Häzirki dowam edýän Konstitusiýada Halk gurultaýynyň beýle statusy ýok. Şu wagtky dowam edýän kanun aktlaryna görä, graždanlar döwlet ýa-da jemgyýetçilik ähmiýetli halk gurultaýyny geçirip bilerler, gurultaýyň gelen karary bolsa maslahat hökmünde döwlet organlaryna ýollanmaly.

Baş kanunyň häzirki proýektinde gurultaý döwleti hem-de jemgyýeti ösdürmek boýunça möhüm kararlary kabul edip bilýär, graždanlaryň ynsan hukuklary hem azatlygy baradaky meseläniň döwlet organlarynda garalmagyny öňe sürmäge hukukly bolýar. Mundan daşary-da, ol «döwletiň içerki hem daşarky syýasaty boýunça esasy meseleleri ýurduň prezidentine teklip edip bilýär» diýlip görkezilipdir. Bu organ Halk gurultaýynyň başlygynyň, prezidentiň hem parlamentiň ýolbaşçysynyň hasabatlaryny diňleýär we gelnen karary prezidentiň, döwlet organlarynyň hem-de ýerlerdäki öz-özüni dolandyryş guramalarynyň garamagyna hödürleýär.

Halk gurultaýy baradaky söz owal başda Sadyr Žaparowyň agzyndan köpçülige ýaýrady. Häzir ol prezidentlik wezipesine dalaşgär bolup saýlawlara gatnaşmak üçin, özünden premýer-ministrlik wezipesini aýrydy, indi döwlet ýolbaşçysynyň wezipesini-de wagtlaýyn ýerine ýetiriji däl. Ol Jalaj-Abat oblastynda saparda bolanynda, döwlete kontrollyk etmekde, Halk gurultaýynyň örän netijeli mehanizm boljakdygyny öňe sürdi. «Her ýylda bir gezek gurultaýyň wekilleri ýygnanyşyp, prezidentiň hem parlamentiň hasabatyny diňlärler. Şonda hökümetiň üstünden halk kontrollygy ýola goýlar» diýip, Sadyr Žaparow aýtdy.

Aslynda gyrgyz jemgyýetinde Halk gurultaýy baradaky mesele aram-aram ýatlanyp durulýar. Şu ýylyň fewral aýynda gurultaý hem onuň gurluşy we dolandyrylyşy, onuň saýlawlary hem gurultaýyň döwlet edaralaryndaky orny barada referendum geçirmek teklip edilipdi. Mundan daşary-da, Halk gurultaýy baradaky kanun proýektini jemgyýetiň maslahatyna hödürlemek öňe sürüldi. Käbir syýasatçylar bolsa ol gurultaýy parlamentiň ýokary öýi hökmünde kabul etmeli diýdiler.

Häzirki Halk gurultaýy baradaky öňe sürülýän pikirler gyrgyz jemgyýetine Türkmenistany ýatlatdy. Türkmenistanda şu ýylky geçen Konstitusiýanyň reformasyndan soňra, Halk Maslahaty parlamentiň ýokary öýi hökmünde hasap edilýär.

Parlamentiň deputaty Ömurbek Tekebaýew we öňki premýer-ministr bolan Feliks Kulow prezidentlik ygtyýarlyklarynyň artdyrylmagy hem-de Halk gurultaýy hökümetiň bir adamyň elinde jemlenmegine getirip biler diýip, olar muny Türkmenistandaky ýagdaý bilen deňeşdirdiler. Öňki deputat Sadyk Şer-Nyýaz bolsa Konstitusiýany üýtgetmekligiň hökümeti ele almak synanyşygy boljakdygyny, munuň totalitar düzgüne getirjekdigini aýtdy. Ol kanun çykaryjylary Baş kanunyň täze nusgasyndan ýüz öwürmäge çagyrdy.

Daşary ýurtda ýaşaýan Türkmenistan boýunça bilermen Saparmämmet Nepesgulyýew «Gyrgyzystan bilen Türkmenistany deňemek hakykata laýyk gelmeýär» diýdi. «Iki ýurduň arasynda azda-kände meňzeşlik bolsa-da, aslynda olar düýpgöter başga döwletler. Syýasy gurluşy boýunça-da, ykdysady ýagdaýy babatynda-da, hatda milletiň häsiýetinde-de, biz düýbünden başga milletlerdiris» diýip, ol aýdýar.

— Türkmenistandaky Halk Maslahaty institut derejesinde gurulmadyk, ol maslahat ýasama organ. Gyrgyzystanda nähili-de bolsa söz azatlygynyň alamatlary bar. Türkmenistanda oppozisiýadaky bir wekil hem ýok, hiç bir oppozisiýa neşiri ýok. Ol aýdylýanlar diňe ýurduň daşynda. Mundan daşary Gyrgyzystanda adamlar köçä çykyp bilýärler, hökümeti agdarmaga güýçleri ýetýär – diýip, Saparmämmet Nepesgulyýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

«GARŞY DURMAK PURSADY ELDEN GITDI»

Gyrgyzystan boýunça garaşsyz ekspert Anar Musabaýewa täze hökümetiň ýurduň Baş kanuny boýunça gyssagly suratda referendum geçirmegini konstitusiýa öwrülişigi hasaplaýar. “Konstitusiýanyň täze nusgasynyň işlenip düzülen döwründe hiç hili syýasy konsultasiýalar diňlenmedi”, jemgyýetçilik wekilleri oňa gatnaşdyrylmady diýip belleýär. Musabaýewanyň aýdyşyça ol “kluar konstitusiýa reformasy” bolupdyr. Anar Musabaýewanyň sözüne görä, raýat aktiwistleri Konstitusiýanyň üýtgedilmegine garşy proteste çykmagy mümkin. Täze nusga bilen ylalaşmaýandygy barada deputatlaryň hem birnäçesi açyk çykyş etdiler.

Konstitusiýanyň täze proýektiniň çap edileninden bäri köp wagt geçenok, şonuň üçinem jemgyýetçilik tankydynyň nazara alynjak ýa-da alynmajagy belli däl.

— Hut meniň pikirime görä, häzirki ýagdaýda jemgyýetçilik pikiri gaty az zat üýtgedip biler. 22-nji oktýabrda möhüm pursady duşumyzdan geçirdik diýip hasap edýän, şol wagtda wagtlaýyn hökümetiň konstitusiýa reformasy barada öňe süren pikirne garşy durup bolardy. Ýöne indi ol mümkinçilik ýok, iş ýola girizildi, Sadyr Žaparow hem onuň komandasy bu işi referenduma ýetirmek üçin, ähli mümkinçilikden peýdalanar – diýip, Anar Musabaýewa Azatlyk Radiosyna aýtdy.

22-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň parlamenti Konstitusiýanyň 38-nji we 63-nji maddalaryndaky «Gyrgyzystanyň prezidentini we Žokary Keneşiň deputatlaryny saýlamak» baradaky kanun aktyny duruzmak hakda karar kabul etdi. Kabul edilen karara laýyklykda, gaýtadan teklip girizmek ýa-da parlamente deputatlaryň saýlanmagy diňe konstitusiýa reformasyndan soňra bolar, ýöne parlamente saýlawlar 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan gijä galdyrylmaz.

22-nji oktýabrda prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Sadyr Žaparow girizilen düzediş baradaky karara ýüzugra gol çekdi. Birnäçe ýuristler hem guramalar şeýle kanun proýektiniň kabul edilmeginde düzgüni bozmalaryň goýberilendigini, munuň Konstitusiýa garşy gelýändigini aýtdylar. 18-nji noýabrda Ýewropanyň konsultatiw organy bolan Wenesiýa komissiýasy bu ýagdaý barada gyssagly suratda öz kararyny mälim etdi. Komissiýanyň ekspertleri saýlawlary Konstitusiýa reformasyndan soňa galdyrmagyň demokratik ölçeglere laýyk gelmeýändigini aýtdylar. Ol komissiýa Gyrgyzystanyň Konstitusiýa palatasynyň başlygy, ýurduň Ýokary kazysy Karybek Duýşeýewe ýüz tutandygyny mälim etdi. Wenesiýa komissiýasy Gyrgyzystany konstitusiýanyň görkezmelerini berjaý etmäge çagyrdy.

— Wenesiýa komissiýasynyň gelen netijesi rekomendasiýa – maslahat beriji häsiýete eýe, şoňa görä-de komissiýanyň aýdanlary täze hökümetiň maksadyny düýpli özgerder diýip garaşmak örän sadalyk bolar – diýip, Anar Musabaýewa belleýär.

Sadyr Žaparow aýdylýan tankyda ahyry seslendi hem Gyrgyzystanyň 2010-njy ýylda kabul eden Konstitusiýasynyň Gyrgyzystany mundan beýläk ösüşden saklaýandygyny aýdyp, golaýda bolup geçen halk tolgunyşygyny muňa mysal getirdi. Ol: «Biziň halkymyzyň talaplaryny berjaý etmek üçin, täze Konstitusiýany kabul etmegiň wagty ýetdi» diýip belledi. Halkyň garamagyna hem ses bermäge hödürlenen täze Baş kanun «yza gaýdyşlyk ýa-da Akaýew hem Bakiýew döwründe kabul edilen Konstitusiýa däl» diýip belledi.

2010-njy ýylyň Aprel rewolýusiýasyndan soňra Gyrgyzystan parlament usulyndaky dolandyryşa geçdi. Şonda hem täze Konstitusiýa kabul edilip, ony geljekde on ýylyň dowamynda üýtgetmeli däl diýlen moratoriýa girizildi. Ýöne 2016-njy ýylda Baş kanuna üýtgeşme girizmek barada referendum geçirilip, premýer-ministriň hukuklary güýçlendirildi.

Material Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG