Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Söýgüde din ýok". Orsýetiň ulamalar şurasy musulmanlara başga dindäkiler bilen nikalaşmagy gadagan edýär. WIDEO


Russiýadaky toý

Russiýanyň musulman ulamalarynyň şurasy dürli dindäkileriň nikalaşmagyny gadagan edýän fetwany çykardy. Ol fetwa mundan bir ýyl öň kabul edilipdir, ýöne golaýda Russiýanyň Ruhany edarasynyň saýtynda çap boldy. Dindarlaryň bu gelen karary musulmanlaryň arasynda-da, beýleki dindäkileriň içinde-de dürli pikirleri döretdi.

Asly Täjigistandan bolan Muhammat birnäçe ýyl mundan öň Moskwada hristian rus gyzyna öýlenipdir hem musulman däbi boýunça metjitde nika gyýdyrypdyr. Ol wideo alnanda, aýalynyň hossarlarynyň närazy bolmazlygy üçin, ýüzüniň görkezilmezligini hem sesiniň üýtgedilmegini haýyş etdi. Ol Ybraýym pygamberiň getiren dinindäkiler bilen nikalaşmaga yslam dininde rugsadyň bardygyny, bu hakda Kurhanda aýatyň geçýändigini aýtdy. Şonuň üçinem ol hristian diniden bolan gyza örän arkaýyn öýlenipdir. Toýdan soň özi mejbur etmese-de, onuň gelni yslam dinini kabul edipdir, muňa özüniň gaty şat bolandygyny gürrüň berýär. Olaryň birnäçe çagasy bolupdyr, bilelikde, bagtly maşgala bolup ýaşaýandyklaryny aýdýar.

Muhammat ýeterlik dini bilimi bolmadygy üçin, Russiýanyň Ruhany edarasynyň çykaran fetwasy barada, kommentariýa berip bilmejekdigini aýtdy.

Ýöne öýlenmezinden öň gelinliginiň öňünde bir şert goýandygyny mälim etdi. “Men oňa aýtdym: “Eger yslamy kabul etseň – ol seniň işiň. Bu esasy zat däl. Möhüm zat, kabul etseň – ol has oňat, eger kabul etmeseň, çagalarymyz yslam dininde bolmalydyr” diýdim. Biz muňa ylalaşyp, soňra öýlenişdik. Soňlugy bilen ýuwaş-ýuwaşdan ol yslamy kabul etdi. Men ant içýän, ony hiç wagt muňa mejbur etmedim” diýip, Muhammat aýdýar.

Musulmanlara başga dindäkiler bilen nikalaşmagy gadagan edýän düzgün barada beýlekileriň pikirini bilmek islegi bilen Moskwa metjidinde birnäçe adama musulmana hristianlar ýa-da ýahudiler bilen nikalaşmak bolýarmy diýen soragy berdik. Pikirler dürlüçe boldy. Olardan birnäçesi aýal hökman yslam dinini kabul etmeli diýdi, beýleki birleri eger olar halaşýan bolsalar, haýsy dinde bolanynyň parhy ýok diýip jogap berdiler.

Bu dawaly fetwa barada Döwlet Dumasynyň wekili hem öz pikirini aýtdy. Maşgala, aýallar hem çagalar meselesi baradaky komitetiň başlygynyň orunbasary Oksana Puşkina “Gepleýär Moskwa” radiosyna interwýu bereninde, ulamalar şurasynyň fetwasyny tankytlady. Onuň pikiriçe, beýle fetwa halkyň bitewiligini üpjün edip bilmeýär.

“Söýgi jyns aýratynlygyny, milli tapawudy, dini bilmeýär. Ol biri-birinden düýpgöter adamlaryň arasynda-da döräp biler. Islendik nikanyň berk bolmagynyň aslynda söýgi durýar. Şoňa görä dürli dini toparlardan bolanlaryň arasyndaky nika dürli dini garaýyşlary özara baglanyşdyrýar. Ony gadagan etmek – iki halaşýan ýüregi bölmek, maşgalany, jemgyýeti aýyrmak” diýip, Dumanyň wekili aýdýar.

Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň ylmy işgäri Ruslan Gurbanow kabul edilen fetwa barada beýle uly gürrüň etmek gelşikli däl hasaplaýar. Sebäbi ol şol diniň içindäki iş, ol diňe maslahat beriji häsiýete eýe. Şeýle hem fetwa bir toplum alymlaryň pikiri bolup, ony berjaý etmek hökman däl. Iň möhüm tarapy-da, ol fetwa Russiýa Federasiýasynyň kanunyna, ýagny dini ynançlar baradaky erkinlige kepil geçýän kanuna ters gelmeýär diýip düşündirýär.

“Musulman ulamalarynyň arasynda her günde ençeme hukuk meselelerine garalýar. Munuň özi her günde bolup geçýän nika bozmalara bilen baglanyşykly, mal-emläk mirasy, çagalara bolan gatnaşyk ýaly gaty köp meselelere seredýärler. Bu olaryň içerki, hususy, jemgyýetiň özüne degişli işleri. Ol jemgyýetiň içinde gelnen karar barada näme üçin şeýle uly gürrüň gozgamagyň gerek bolandygyna men düşünmeýärin” diýip, Ruslan Gurbanow aýdýar.

Russiýanyň Ruhanylar edarasynyň ulamalar şurasynyň agzasy Wisam Ali Bardwil bolsa, bu fetwa Orsýetdäki maşgala institutyny berkidýär diýdi. Sebäbi onuň pikiriçe, dürli dinler arasyndaky nika soňra maşgalada döreýän meseleleri çözüp bilmän, düşünişmezlik sebäpli maşgalanyň bozulmagyna alyp barýar ýa-da olardan çaga bolanynda, onuň haýsy dine degişli bolmalydygy baradaky mesele ýüze çykýar. Şuňa meňzeş meseleler örän köp diýip, Wisam Ali aýdýar. Şeýle ýagdaýlardan gaçmak üçin, şol fetwa kabul edilipdir. Ýöne durmuşa çykjak gelinlik şeýle meselelere aňly-düşünjeli garaýan bolsa, öz jogapkärçiligine-de düşünse hem şoňa meňzeş kynçylyklary ýeňip geçmäge ynamy bolsa, onda ymam olara arkaýyn nika gyýyp biler diýip, ol aýdýar.

“Sebäbi biz görüp durus, gynansak-da, şeýle nikalaryň ahyry gynançly tamamlanýar, üstesine-de ol nikanyň netijesinde dünýä inen çagalar bar, olar nika bozulandan soň ýeke galýarlar. Bu hemişe gaty gynançly bolupdyr, zeýrenýärler, aglaşýarlar. Eger-de şeýle nika eýýäm bar bolsa, bu öz-özünden düşnükli, fetwa olara degişli däl, biz nikada bolanlary öz maşgalasyny pozmaga çagyrmaýarys, gaýtam tersine, bu maşgalany berkidýär” diýip, ol düşündirýär.

Bilermenler hem Ybraýymyň getiren dininiň arasynda diňe yslam dürli dinlileriň nikasyna rugsat berýär diýip aýdýarlar. Meselem, hristian ruhanysy hiç wagtda tä ol hristian dinini kabul edýänçä, başga bir dindäki bilen nikalaşdyrmaýar. Şoňa görä, halaşýan jübütler şeýle päsgelçilige duşmajak bolup, ZAGS-da – graždanlyk ýagdaýynyň aktlar ýazgysy esasynda, dünýewi kanun boýunça nikalaşýarlar.

Material Azatlyk Radiosynyň Häzirki Zaman kanaly tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG