Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mara baran komissiýa yzyna gaýdansoň, zenan mugallymlara degişli täze çäklendirmeler girizildi


Illýustrasiýa suraty

Mara Aşgabatdan ugradylan ýörite barlag komissiýa yzyna gaýdansoň, wagtlaýyn mekdep müdirleri wezipesinden boşadyldy. Zenan mugallymlaryň daşky keşbine degişli täze çäklendirmeler girizilip, öňden bar bolan gadaganlyklar pugtalandyryldy. Şeýle-de, okuwçylardan mekdebe ýörite derman gutularyny eltmek baradaky talaplar hem güýçlendirildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, Mary şäherindäki 14-nji we 5-nji mekdepleriň direktor wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän bilim resmileri işinden boşadyldy. Olara başga hiç hili iş hödürlenmedi.

“Wagtlaýyn mekdep müdirleri Aşgabatdan gelen ýörite barlag komissiýa Marydan gidenden soňra işden çykaryldy. Olaryň işinden boşadylmagynyň sebäpleri mekdeplerdäki her bir synplarda 40-a golaý okuwçynyň okaýandygy bilen baglanyşykly” diýip, şäheriň bilim müdirliginde işleýän bir işgär adynyň efirde aýdylmazlygy şerti bilen habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, bilim resmilerine mekdepleriň arassaçylygyna gözegçiligiň gowşakdygy we bu babatdaky talaplaryň doly berjaý edilmändigi hem aýdylypdyr.

Azatlyk Radiosy bu barada agzalýan mekdeplerden, Mary şäheriniň bilim bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Noýabryň üçünji ongünlüginde Mara Aşgabatdan ýörite barlag komissiýasy gelip, ilkinji nobatda sebitiň saglyk, bilim edaralaryna we beýleki kärhanalaryna aýlanyp başlady. Azatlyk resmi taýdan maglumat berilmeýän bu komissiýanyň sebite etjek sapary we oňa görülýän giň gerimli taýýarlyk işleri barada noýabryň ortalarynda yzygiderli habar beripdi. Ýöne onuň sebäplerini resmi derejede anyklaşdyryp bilmändi.

Şeýle-de, bu komissiýanyň Aşgabada gaýtmagynyň yzýany, habarçymyzyň sözlerine görä, zenan mugallymlaryň daşky keşbine degişli täze çäklendirmeler girizildi we öňden bar bolan talaplar has-da pugtalandyryldy.

Täze çäklendirmelere laýyklykda, mugallymlaryň kellelerindäki ýaglyk ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelerdäki ýaly ýerligi gara, nagyşlary sary reňkdäki öýme bolmaly. Olaryň köýnekleri bir reňk bolup, ýakalary ýapyk we türkmen milli ýakaly bolmaly.

“Aýal mugallymlar işe gelende, indi olaryň üstündäki egin-eşikleri talaba laýyk bolmaly. Ondan daşary, olaryň saçlarynyň reňkleri gara bolmaly. Eger-de saçlary sary ýa-da başga reňke boýalan bolsa, olary gaýtadan gara boýamaly. Dyrnaklaryna lak çalmaly däl. Zenanlar işe “sada” bolup gelmeli” diýip, bilim bölüminiň işgäri aýtdy.

Şeýle-de, ol zenan mugallymlara bu talaplary berjaý etmedikleriň işinden dessine boşadyljakdygy barada duýduryş hem berildi.

Azatlygyň bu talaplar we olaryň sebäplerini anyklamak boýunça Mary şäher häkimliginden hem-de bilim bölüminden goşmaça maglumat almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi. Bu barada Aşgabatdan Mara baran komissiýanyň haýsydyr bir duýduryş ýa-da bellik edendigini hem anyklap bolmady.

Ýöne Türkmenistanda zenan mugallymlaryň, şeýle-de býujet işgärleriniň daşky keşbine we egin-eşiklerine degişli käbir çäklendirmeler indi ençeme ýyl bäri dowam edýär. Bu çäklendirmeleri berjaý etmedik zenanlaryň işden kowulmagy hem-de jerimelere sezewar edilmegi barada maglumatlar hem bar.

Mundanam başga, komissiýa yzyna dolanandan soň, okuwçylardan mekdebe ýörite derman gutularyny eltmek baradaky talap hem güýçlendirildi. Bu talaba laýyklykda, şu günler okuwçylaryň her birinden plastik gutulara gury we öl salfetkalary, antiseptik, oksolin mazy we ujy pagtaly taýajyklary salyp, mekdebe eltmek talap edilýär.

“Her bir okuwçy bu gutulardan iki sanysyny eltmeli we onuň ady bellenen gutular synpda goýulmaly. Köp ene-ata okuwçylaryň synp mugallymlaryna aýlanyp, sargalan zatlary satyn almaga maddy güýjüniň ýokdugyny aýtdy. Ýöne mugallymlar özlerine-de şeýle buýruk berlendigini aýdyp, hiç hili bahana bolmaly däldigini bellediler” diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran maryly ene habarçymyza gürrüň berdi.

Häzirki wagtda derman gutusy üçin satylýan gury salfetka 4 manat, öl salfetkanyň iň arzany 30 manat, ujy pagtaly taýajyklar 10-15 manat, oksolin mazy 40 manat, antiseptikler 20-40 manat we plastik guty 40-50 manat bahalanýar.

Bu talap, türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlasa-da, ozal girizilen çäklendirmeleriň möhletini uzaldýan we maska geýmek režimini güýçlendirýän mahaly amala aşyrylýar. Türkmen hökümeti bu çäklendirmeleriň ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleriniň çäginde geçirilýändigini aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, sebitlere iberilýän komissiýa we olaryň geçirýän barlaglary hem-de netijeleri barada aç-açan maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG