Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Lukmanlar ‘köpçülikleýin’ keselleýär, häkimiýetler çäklendirmeleriň möhletini uzaldýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde barha köp lukman, käbiri juda agyr halda tassyklanan COVID-19 ýagdaýlary bilen keselhanalara ýerleşdirilýär. Mary welaýatynda koronawirus alamatly ýüz tutýan näsaglaryň köpelmegi netijesinde, ikinji hassahana karantine ýapyldy. Türkmen häkimiýetleri entegem ýurtda resmi ýagdaýda koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýärler, şol bir wagtda girizilen çäklendirmeleriň möhletini uzaldýarlar.

Türkmenabadyň köpugurly hassahanasynda koronawirus näsaglaryna gözegçilik edýän saglyk işgärleriniň arasyndan, soňky günleriň dowamynda azyndan 15 adamda, şol sanda lukmanlarda, şepagat uýalarynda we laborantlarda koronawirus ýüze çykaryldy.

“Koronawirus bilen kesellänleriň arasynda köpugurly hassahananyň orunbasary, saglyk öýüniň işgärleri hem bar. Olara hassahananyň öýken bölüminde bejergi berilýär” diýip, Türkmenabadyň köpugurly hassahanasynyň işgärleriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Maryda hem 60 ýaşlaryndaky bir lukmanda koronawirus tassyklanyp, ol ýokanç keseller hassahanasyna ýerleşdirildi.

“Lukmanyň gyzgyny galyp, demi gelmän başlady. Testiň netijesinde ondan koronawirus tapyldy we ol keselhana ýerleşdirildi. Onuň maşgala agzalaryny hem testden geçirdiler, olarda wirus ýüze çykarylmady. Onda-da olara öýünden çykman, karantinde oturmak tabşyryldy. Olaryň öýüniň töweregi her gün dizinfeksiýa edilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýaşaýjy Azatlygyň Marydaky habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli anyk adam we ýer atlaryny äşgär etmekden saklanýar.

Bellemeli ýeri, Azatlyk Radiosy ýurduň dürli künjeklerinde adaty raýatlar bilen bir hatarda lukmanlaryň hem köpçülikleýin ýagdaýda COVID-19 alamatlary bilen keselhanalara ýerleşdirilýändigi barada yzygiderli habar berip gelýär.

Lukmanlar hökümetiň gerekli gorag serişdeleri bilen üpjün etmeýändigini, tersine ýüz maskalaryny hem öz hasaplaryna satyn almaga mejbur etdirýändigini aýdyp, munuň netijesinde saglyk işgärleriniň hem ‘aňsatlyk’ bilen wirusa ýolugýandyklaryny gürrüň berýärler.

Bular barada Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, şeýle-de onuň degişli ýerli edaralaryndan maglumat almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Bu aralykda, Maryda COVID-19 alamatly ýüz tutýan hassalaryň akymyna döz gelip bilmän, welaýatyň ýene bir ýokanç keseller hassahanasy karantine ýapyldy.

Ýatlatsak, şu hepdäniň başynda Mary şäheriniň ýokanç keseller hassahanasy karantine ýapylyp, koronawirus alamatly hassalary Sakarçägäniň degişli keselhanasyna ýollap başlapdylar. Emma näsaglary kabul etmek mümkinçilikleriniň çäklenmegi bilen, bu hassahana hem karantine ýapyldy. Indi COVID-19 alamatly näsaglar Murgap etrabynyň ýokanç keseller hassahanasyna ugradylýar.

Türkmenistanda koronawirusa täze ýolugýanlar, ondan heläk bolýanlar barada barha köpelýän maglumatlara garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurtda wirusyň bardygyny resmi derejede ykrar etmeýärler, tersine ondan “azatdygyny” öňe sürýärler.

Muňa garamazdan, türkmen hökümeti ozal girizilen çäklendirmeleriň möhletini uzaltdy. Ýarym-resmi türkmen internet neşirleriniň maglumatyna görä, ýurtda metjitler 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýapyk saklanar. Ýatlatsak, metjitler “öňüni alyş çäreleri üçin” diýen düşündiriş bilen 13-nji iýulda ýapyldy. Şol bir wagtda, metjitlerde bäş wagtyna azanyň okaljakdygy bellenilýär.

Mundan başga-da, ýurtda söwda, jemgyýetçilik iýmit merkezlerine girizilen çäklendirmeler geljek ýylyň başyna çenli uzaldyldy. Ozalky çäklendirmeleriň möhleti 1-nji dekabrda tamamlanmalydy.

Mundan öň, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky içerki hereket çäklendirmeleriniň hem geljek ýylyň 1-nji ýanwara çenli uzaldylýandygyny mälim edipdiler.

Türkmen häkimiýetleri bu çäklendirmeleri gönümel koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşdyrman, bularyň ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleriniň çäginde geçirilýändigini aýdýarlar.

Galyberse-de, Aşgabatda polisiýa maska režimine gözegçiligi has-da güýçlendirdi. Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy her çatrykda polisiýa işgäriniň gözegçilik edýändigini, ozal aýal-gyzlara dözmezçilik edilen bolsa, indi olara berk daraşylýandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanda polisiýa işgärlerine 'maskasyzlary' ýüze çykaryp, olara jerime ýazmak boýunça gündelik plan berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG