Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Dükançylar ýapyk bazarda 'ulanan' toklary üçin goşmaça töleg tölemekden 'ýüz öwürýär'


Mary. Mollanepes we Atabaýew köçeleriniň çatrygy. Noýabr, 2020.

“Elektrik edarasyndan dört adam, 2-si montýor, biri elektrosetiň gözegçisi, ýene biri raýat eşikli hukuk goraýjy işgär gelip, her dükana girip, elektrik nokatlaryny, çyralary... sanap, her dükan eýesine azyndan 300 manat töleg ýazdylar” diýip, habarçy 4-nji dekabrda beren maglumatynda aýtdy.

Türkmenistanyň iň gür ilatly sebitiniň merkezinde dükan eýeleri bilen häkimiýet wekilleriniň arasynda ulanylmadyk tok üçin alynýan tölegi üstünde gapma-garşylyk döreýär, Marydaky uly we kiçi bazarlaryň ählisiniň toklary kesildi diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy 4-nji dekabr güni giçlik habar berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, Mary şäheriniň Oguzhan köçesindäki “Akbazaryň”, A.Nyýazow şaýolundaky “Läle”, “BagtyÝarlyk”, “Güneş” bazarlarynyň, Murgap köçesindäki “Galkynyş”, Galkynyş köçesindäki “Gulap”, “Şöhrat” bazarlarynyň toklary kesildi.

Bulardan başga, Atabaýew köçesindäki “Gonnur”, Gurbansoltan eje köçesindaki “Merw”, Mollanepes köçesindaki “Maru-şahu-jahan” merkezi bazarynyň we gök bazarynyň toklary öçürildi diýip, habarda aýdylýar.

Üç aý bäri karantinde bolan we ýapyk duran bazarlaryň toklarynyň kesilmegi, görnüşinden, ol bazarlarda dükanlary bolan adamlaryň ulanylmadyk elektrik togy üçin pul tölemekden boýun gaçyrmagy bilen bagly bolup görünýär.

“Eger tok puluny tölemeseňiz, dükanlyk ýerleriňiz eliňizden alnar” diýip, bu bazarlarda söwda eden adamlara berk duýduryş berildi.

Bazarlarda dükany bolan adamlar ýeri puluny töläp, özleriniň satyn alandyklaryny, dükanlaryny öz pullaryna gurandyklaryny, emma olaryň indi üç aý bäri ýapyk durandygyny, ýagny dükanda elektrigiň ulanylmandygyny aýdyp, öz nägileliklerini bildirdiler.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen dükan eýeleri munuň aç-açan talaňçylykdan başga zat däldigini aýtdylar.

“Biz gapylaryna möhür basylan dükanlarymyza bir gezegem girmedik, tok ulanmadyk, näme üçin pul tölemeli?” diýip, dükan eýeleri nägile bolýarlar.

Maryly dükançylar bazar karantine ýapylmazdan öň tok üçin töleg edendiklerini, bazarkomuň her aýyň başynda öňünden 100-200 manat möçberinde pul ýygnap alandygyny aýdýarlar.

“Şu gün elektrik edarasyndan dört adam, 2-si montýor, biri elektrosetiň gözegçisi, ýene biri raýat eşikli hukuk goraýjy işgär gelip, her dükana girip, elektrik nokatlaryny, çyralary, sowadyjy we beýleki enjamlary sanap, her dükan eýesine azyndan 300 manat töleg ýazdylar” diýip, habarçy 4-nji dekabrda beren maglumatynda aýtdy.

Häkimiýet wekilleri ýazylan tölegleriň bir hepde içinde tölenmelidigini, ýogsa döwlet öňündäki bergi-borjuny üzmedik dükançylaryň işleriniň prokuratura, kazyýete geçiriljekdigini, olaryň söwda ýerleriniň ellerinden alnyp, başga birlerine satyljakdygyny aýdyp, haýbat atdylar.

Bu haýbat adamlary alasarmyk ýagdaýa saldy. Olar bir-birleriniň ýüzlerine seredip, nämeleriň bolup geçendigine düşünmeýän şekilde, “biz karantinde bolduk ahyry, ýapyk dükanlara girmedig-ä, tok ulanmadyg-a” diýip, näme üçin ulanylmadyk tok üçin pul tölemeli boljagy ýa-da dükanlarynyň başga birlerine satyljagy bilen ylalaşyp bilmän, bir-birlerine zeýrençli ýüzlenýärler.

Bazarlaryň togunyň kesilmegi dükanlaryndaky sowadyjylarda zaýalanjak harytlary bolan, akwariumlarda janly balyk saklaýan dükançylary uly alada goýdy.

Dükanynda akwariumy bolan satyjylaryň käbiri tok kesýänlere ýagdaýyny düşündirmäge synanyp: “Togumy kesme, dükandaky akwariumda balyjak saklaýaryn, olar howa ýetmän öler” diýip ýalbardy.

Olara “biz kesmeli, hökümetiň buýrugy şol, balyklaryňy öýüňe äkit ýa-da bişirip iý” diýdiler.

Dükan eýeleriniň toguň haçan dikeldiljegi baradaky soragyna “pul töläň, şondan soň dikelderis” diýip jogap berdiler. Şeýle-de, tok kesenler olara “gelip kesenleri üçin pul almaýandyklaryny, ýöne togy dikeltmek üçin özlerine goşmaça 80 manat tölemeli boljakdyklaryny” aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG