Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda onlarça adam häkimiýetlere garşylyk bildirip, şäher bazaryny açdyrdy


Illýustrasiýa suraty. Lebap welaýatynda bir bazar.
Illýustrasiýa suraty. Lebap welaýatynda bir bazar.

Baýramaly şäheriniň uly bazary ýüzlerçe adamyň eklenç çeşmesi. Bazaryň çäginde ýerleşýän aýakgap ussahanalarynda, hususy naharhanalarda, tikinçilik öýlerinde, galyberse-de söwda tekjelerinde ýüzlerçe adam gazanç edip, hojalyk aýlaýar. Ýöne ynha pandemiýanyň fonunda polisiýanyň şäher bazaryny ýapyk saklamagy ýerli ýaşaýjylary ynjalyksyz etdi. Satyjylar bazar administrasiýasyna we polisiýa garşylyk bildirip, bazaryň ýapylmazlygyny gazandylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji sentýabrda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän uly bazar polisiýa tarapyndan ýapyk saklanýardy. 19-njy sentýabr güni bazar satyjylaryndan we alyjylardan ybarat onlarça adamlyk topar bazaryň gapysynda polisiýa tarapyndan goýlan demirleri üýşüp, göterip gyra zyňdylar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy wakany synlady.

Bazar derwezesiniň öňünde jemgyýetçilik tertibine gözegçilik edýän polisiýa işgärlerine garşylyk bildiren adamlar köpçülik bolup, öz nägileliklerini beýan etdiler:

“Adamlar bir agyzdan ‘halys halky aç öldürjek bolýarsyňyz, indi bu bazary ýapansoň, adamlar nireden eklenmeli’ diýip, satyjylar gygyryşdy” diýip, habarçy aýtdy. Habarçy uly bazaryň ýüzlerçe adam üçin eklenç çeşmesidigini sözüne goşdy.

“Bu bazarda diňe satyjylar däl, eýsem bazaryň içindäki galtakçylar hem işläp, öz çagalaryny gündeki azabyna ekläp saklaýarlar. Olardan daşary köwüş tikýänçiler, bazar alyjylaryna niýetlenen hususy naharhanalar we tikinçilik öýleri bar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda iýul aýynyň ahyrlaryndan başlap, karantin çäreleriniň çäginde bazarlar, söwda we dynç alyş merkezleri ýapylyp başlandy. Ýurt boýunça girizilen çäklendirmeler Baýramalynyň uly bazaryny hem ýapdyrdy.

“Agzalan ýerlerde ýüzlerçe adam işleýär we olar gündelik gazançlary bilen öz hojalyklaryny ekleýär” diýip, habarçy belledi.

Bazaryň ýapyk saklanmagyndan ynjalyksyz bolan satyjylar 19-njy sentýabrda häkimiýetlere nägilelik beýan etdi. Olaryň nägileligini häkimiýetler kanagatlandyrdy:

“Satyjylar bazar administrasiýasyna we polisiýa garşylyk bildirip, bazaryň ýapylmazlygyny gazandylar” diýip, habarçy aýtdy.

Ýöne onuň maglumatlaryna görä, welaýatyň çäginde beýleki merkezi bazarlar heniz hem ýapyklygynda galýar.

“Birnäçe hojalyk bazarlar ýapylandan bäri, işsiz galdy” diýip, habarçy aýtdy.

Häkimiýetler bazarlaryň haçan açyljakdygy barada anyk sene bermeýärler.

Ýöne muňa garamazdan, habarçynyň maglumatlaryna görä, 19-njy sentýabr güni häkimiýetler Mary şäheriniň “Gök bazarynda” gurnalan wagtlaýyn göçme söwda tekjelerinde adam başyna 2 litrden günebakar ýagynyň satylmagyny guramalaşdyrdylar.

“Günebakar ýagynyň 1 litri 15 manatdan satyldy” diýip, habarçy aýtdy.

“Hususy dükanlarda günebakar ýagy 25-30 manat aralygynda satylýar” diýip, ol sözüne goşdy.

Ýerli ýaşaýjylar bazaryň göçme söwda tekjelerinde satylan günebakar ýagyny satyn almak üçin nobat emele getirdiler we telefon üsti bilen tanyş-bilişlerine ýag söwdasy barada habar berdiler.

Döwlet media serişdeleri ýurtdaky ýag gytçylygy barada habar bermeýär.

“Bir salymdan soň nobat ulaldy” diýip, habarçy aýtdy. Onuň maglumatlaryna görä, ýag nobata ýygnananlaryň hemmesine däl, diňe käbirlerine ýetdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG