Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda 40 ýaşyna ýetmedik aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhleti uzaldylmaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy 40 ýaşyna ýetmedik aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaldyp bermeýär. Bu habar paýtagtyň polisiýasynyň aýallaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmak üçin resminamalary kabul edip başlandygy barada geçen hepde gelip gowşan maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň tassyklamagyna görä, 11-nji etrapçadaky polisiýa edarasy 40 ýaşyna ýetmedik aýal-gyzlarda köp ýyl bäri, käbirinde azyndan 10 ýyl bäri sürüjilik tejribesi bar bolsa-da, olaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmak üçin zerur bolan resminamalaryny kabul etmeýär.

Türkmenistanda zenanlar iki ýyl töweregi wagt bäri öz sürüjilik şahadatnamalarynyň möhletini uzaltmakdan mahrum edildi. Ulag sürüp barýan aýallar saklanyp, olaryň sürüjilik şahadatnamalary dürli bahanalar bilen ellerinden alyndy we resminamalary täzelemek boýunça edýän synanyşyklary netije bermedi.

1-nji dekabrdan başlap bolsa, paýtagtyň polisiýa edarasy aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalaryny dikeltmek üçin arzalary gaýtadan kabul edip başlady. Şonda zenanlaryň ähli zerur edaralara aýlanmaga gyssanýandygy we zerur dokumentleriň sanawyndaky 13 sany resminamany ýygnamaga howlukýandygy mälim boldy.

Häzirki wagtda polisiýa resmileri 40 ýaşyna ýetmedik aýal-gyzlaryň şahadatnamalarynyň möhletiniň näme sebäpden uzaldylyp berilmeýändigi barada, aşgabatly zenanlaryň sözüne görä, ne dilden, ne-de ýazmaça düşündiriş berýärler.

Üstesine-de, olar bu hakda öňünden duýduryş hem bermeýärler. Aýal-gyzlar bu barada ençeme edara aýlanyp, ýüzlerçe manat möçberinde çykdajy edenden soňra, geçen hepdäniň ahyrynda polisiýa gullugyna baranda bilip galýarlar.

"Ýaş diskriminasiýasy barada hiç ýerde ýazmaça görkezme ýok. Köp adam resminamalara biderek pul töledi. Häzir resminamalaryny ýygnap, polisiýa edarasyna gelen aýal-gyzlar 40 ýaşyna ýetmedik joralaryna jaň edip, resminamalary ýygnamazlygy duýdurýarlar" diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran aşgabatly zenan habarçymyza gürrüň berdi.

Saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasy bolan aýal-gyzlar resminamalary almak, şol sanda saglyk barlagyndan geçmek üçin 85 manat, şahadatnamasy bolmadyklar 150 manat, psihdispanserden resminama almak üçin 4 manat, banka 10 manat tölemeli bolýarlar.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary 7-nji dekabrda 11-nji etrapçadaky polisiýa edarasynyň ýaşy 40-dan aşan aýallaryň-da resminamalaryny ýene kabul etmeýändigini habar berdiler.

Şu günler irden sagat 7-de bu edaranyň öňünde sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmak isleýän aýallaryň 100-den gowragy üýşýär. Ýöne polisiýa resmileri 7-nji dekabrda sagat 7-de bu ýere üýşen aýal-gyzlara resminamalaryň kabul edilmejekdigini sagat 8 töwereginde mälim etdiler.

Olar munuň sebäbini "baýramçylygyň öňýanynda haýsydyr bir çäräniň geçirilýändigi" bilen düşündirdiler, ýöne bu barada anyk bir zat aýtmadylar.

Şeýle-de, aýal-gyzlary howludan, habarçymyzyň sözüne görä, gödeklik bilen çykaran polisiýa resmileri dokumentleriň diňe 7-nji dekabrda ýa-da öňümizdäki günlerde hem kabul edilmejekdigi barada anyk bir zat diýmediler. Olar geçen hepde resminamalaryny tabşyran aýal-gyzlara şahadatnamalarynyň möhletiniň haçan uzaldylyp beriljekdigi barada hem maglumat bermediler.

Azatlyk Radiosy beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabat polisiýasynyň wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň 29-njy maddasynda "Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr" diýilýär. Muňa garamazdan, ýurtda aýal-gyzlara garşy ençeme çäklendirmeler dil üsti bilen ýöredilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri zenan sürüjilere garşy 2019-njy ýylyň başynda başladylan bu çäreleri ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG