Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda häkimiýetler serhoş ‘awlap’, Bitaraplyga taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty. Maskaly iki polisiýa işgäri.
Illýustrasiýa suraty. Maskaly iki polisiýa işgäri.

Mary welaýatynda polisiýa reýd geçirip, serhoş adamlary tutup başlady. Häkimiýetler bu çäreler bilen Bitaraplyk baýramynyň öňýany welaýatda asudalygy saklaýandyklaryny aýdýarlar. Olar serhoş ýagdaýda tutulan işe ýarawsyz adamlary 30 gün möhlet bilen Baýramalydaky rehabilitasiýa merkezine ugradýar. Işe ýaraýan ýöne hossarlary tarapyndan idelmeýän adamlara şugundyr ýygdyrýar. Soň olara kelem gaýnadyp berýärler. Bularyň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Onuň sözlerine görä, şu günler polisiýa Marynyň ähli şäherlerinde we etraplarynda reýd geçirýär. Habarçy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe polisiýa işgäriniň beren maglumatyna görä, häkimiýetler bu çäreler bilen Bitaraplyk baýramynyň öňýany welaýatda asudalygy we ümsümligi berjaý edýändiklerini aýdýarlar.

“Şu günler polisiýa serhoş ýagdaýda tutulan raýatlary, ýa-da içip, maşgalasyna azar berenden soň, öňden bäri polisiýanyň sanawyna girizilen adamlary öýlerine baryp, ‘soragymyz bar, onsoň goýbereris’ diýip, alyp gidýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol polisiýa tarapyndan alnyp gidilýän adamlaryň hataryna obalarda spirtli içgileri gowy görmekde tanalýan adamlaryň hem girizilýändigini sözüne goşdy.

“Ýagny, irden turandan spirtli içgi gözläp başlaýan adamlary hem alyp gidýärler” diýip, ol aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, polisiýa serhoş ýagdaýda ele salnan “işe ýarawsyz” adamlary Baýramaly etrabynda ýerleşýän we il arasynda “mond” diýlip tanalýan lukmançylyk bejeriş edarasyna, rehabilitasiýa merkezine ugradýar.

“30 günlük basýarlar” diýip, beýleki bir ýaşaýjy aýtdy. Ol hossarlary tarapyndan idelmeýän “işe ýarawly” adamlaryň polisiýa edaralaryndan göni Garagum etrabynyň şugundyr meýdanlaryna äkidilýändigini gürrüň berdi.

“Olara şeker şugundyryny ýygdyrýarlar, öýlän sagat 5-den soň ýygnalan şugundyrlary “Kamaz” ýük ulagynyň çelegine ýüklemeli edýärler. Olar garaňky düşenden soň hem ýüklemeli bolýarlar. Sebäbi 3-4 ulagyň çelegini doldurmaly bolýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Polisiýanyň serhoş ýagdaýda ele salyp, şugundyr ýygnadan adamlaryna “kelemi suwda gaýnadyp berýärler” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Mejbury şugundyr ýygnadylýan adamlaryň arasynda dürli bahanalar bilen "işden" gaçýan adamlar hem bar.

“Olaryň arasynda ‘aýak ýoly’ bahanasy bilen işden gaçyp gaýdýan adamlar hem bar” diýip, habarçynyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Polisiýa tarapyndan serhoşlykda aýyplanyp, şugundyr ýygmaga äkidilenden soň, işden gaçan bir adam öz başdan geçirmelerini Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol işden gaçyp, özüniň öýüne däl-de bir garyndaşynyň öýüne barýandygyny gürrüň berdi. “Öýe barsam, meni garawullap ýene tutarlar we indi tusalar, ‘näme üçin gaçdyň’ diýip urarlar” diýip, gaçgak gürrüň berdi.

Ol polisiýanyň eline düşenden soň, öz maşgala agzalarynyň özüni idemändigini, şol sebäpden şugundyr ýygmaga äkidilendigini gürrüň berdi. Gaçgak maşgala agzalaryny göz öňünde tutup, “olara-da düşünýän” diýdi we özüniň ýylda 2-3 gezek içip tutulýandygyny hem-de Baýramalydaky rehabilitasiýa merkezine ugradylýandygyny gürrüň berdi.

Ol ilki polisiýa tarapyndan saklanan adamlaryň arasynda 61 manat jerime tölän adamlaryň goýberilendigini, özünde bu puluň ýokdugyny, tapan ýagdaýynda-da ony polisiýa däl, spirtli içgä tölemegi saýlap alýandygyny gürrüň berdi.

“Içenim gowy” diýip, şugundyr meýdanyna işlemäge äkidilenden soň, gaçyp gaýdan bir ýaş ýigit Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG