Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farabyň häkimiýetleri öňki tussaglary we arakhorlary tussag edip, Bitaraplyk baýramyna taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimiýetleri öňki tussaglary we arakhorlary wagtlaýyn tussag edip başlady. Şeýle-de, alkogolly içgileriň satuwyna we raýatlaryň gije hereketine çäklendirmeler girizildi. Ýerli häkimiýetler bularyň sebäplerini ýetip gelýän Bitaraplyk baýramynyň öňýanynda, howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan öňki tussaglaryň hossarlarynyň aýtmagyna görä, geçen hepdäniň ortalarynda Farapda adam pyçaklap, türmede oturyp çykan öňki tussaglar we arakhorlykdan ejir çekýändigi barada hasapda duran adamlar wagtlaýyn tussag edilip başlandy.

"Öňki tussaglar 15-nji dekabra çenli, 20 gün tussaglykda saklanar. Bizden olar üçin her gün nahar eltmegi talap etdiler. Biz günde olaryň yzyndan nahar eltýäris" diýip, adamsy öň türmede oturyp çykan faraply aýal anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Öňki tussaglaryň hossarlarynyň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler we polisiýa işgärleri bu çäreleriň sebäplerini 12-nji dekabrda belleniljek Halkara Bitaraplyk gününiň öňýanynda, howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi bilen düşündirýärler.

Şeýle-de, bu howpsuzlyk çäreleriniň çäginde etrabyň polisiýa resmileri döwlet we hususy eýeçilikdäki dükanlara aýlanyp, alkogolly içgileri wagtlaýyn, ýagny baýramçylyk geçýänçä satmazlyk barada hem tabşyryk berdiler.

Mundanam başga, raýatlaryň sagat 21:00-dan soň hereket etmek mümkinçiligi hem çäklendirildi. Munuň bilen bagly Farap etrap polisiýasynyň işgärleri eýýäm köçelerde reýdleri geçirip başladylar.

Bu reýdlere laýyklykda, gije sagat 9-dan soň "sebäpsiz" köçede aýlanyp ýören raýatlar tussag edilýär. Polisiýa işgärleri raýatlaryň anyk haýsy ýagdaýlarda köçä çykyp bilýändigi barada resmi maglumat bermeýärler.

Olar diňe gije sagat 9-dan soň dermanhana ýa keselhana barmaly, ýa-da döwlet edarasynda garawul bolup işleýän raýatlaryň öňünden etrap polisiýasyndan resminama almalydygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat we Farap etrap häkimlikleri hem-de polisiýa edaralary bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda bellenilýän ýa-da geçirilýän uly baýramçylyklaryň we halkara çäreleriň, şeýle-de döwlet baştutanynyň regionlara edýän saparlarynyň öň ýanynda, adatça howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär. Adamlaryň we awtoulaglaryň hereketi çäklendirilip, köçelerdäki polisiýa we howpsuzlyk işgärleriniň sany artdyrylýar.

Sentýabryň 27-ne bellenilýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňýanynda, Azatlygyň habarçylary Aşgabatda polisiýa işgärleriniň öýme-öý aýlanýandygyny we raýatlaryň resminamalaryny hem propiskalaryny barlap, hasaba alýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri COVID-19 pandemiýasynyň fonunda bu ýyl baýramçylygyň nähili geçiriljekdigini habar bermediler.

Howpsuzlyk çäreleriniň nobatdaky güýçlendirilmegi, ýurtda ykdysady ýagdaý ýaramazlaşýarka häkimiýetleriň ilatyň problemalaryna we zerurlyklaryna äsgermezlik edýändigine halk tarapyndan nägileligiň güýçlenýän wagtyna gabat geldi.

Türkmen häkimiýetleri we resmi media bu howpsuzlyk çäreleri, şeýle-de ykdysady kynçylyklar bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan bökdençlikleri barada kelam söz aýtmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG