Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky öýsüzler zähmet gulçulygynyň pidalaryna öwrülýär


Aşgabat. Türkmenistanda diňe öýsüzleriň däl, zibil dörýän, dilegçilik edýän aýallaryň, çagalaryň hem has köp göze ilýändigi habar berilýär.

Howanyň sowamagy bilen, Türkmenabatdaky öýsüz-öwzarsyz adamlar üçin has kyn günler başlandy. Azatlygyň Lebapdaky habarçysy öýsüzleriň öňki horluklarynyň üstüne güýç gurluşlarynyň wekilleriniň elinde mugt işçi güýjüne öwrülmek howpunyň hem goşulandygyny habar berýär.

"Gyşyna ýyly ýer, teýli nahar berýän hojalykda iş tapan öýsüzleriň gyşdan çykmak mümkinçiligi gowurak, ýöne sowukda galan ýa-da güýç gurluşlarynyň wekilleriniň mugt işçisine öwrülen adamlaryň ýagdaýy häzir has kyn" diýip, habarçy aýtdy.

Il arasynda "bomž" diýlip atlandyrylýan öýsüz adamlar esasan köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerinde, ýyladyş turbalarynyň gapdalynda, üçeklerde ýatyp, gyşdan çykmaga synanýarlar.

Tomsuna, maýyl howaly pasyllarda köçelerde ýatyp-turýan adamlara gyşyna ýyly ýer, oňarlyk iýmit berilse, olar hojalyklarda işlemäge, başaran ýumuşlaryny bitirip, howa maýlaýança günlükçilik etmäge razy bolýarlar.

Bu iş iki tarapyň razylygynda, döwlet edaralary bilen ylalaşmazdan edilýärdi, ýöne indi häkimiýetler bu ylalaşygyň hem arasyna girýär diýip, Lebapdaky habarçy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, soňky wagtlarda, gyşyň sowuguna garamazdan, öýsüz adamlara iş hödürleýänlere hem şübheli seredip başladylar we bu ýagdaý öýsüzleriň gyşdan çykmak mümkinçiligini has azaltjaga meňzeýär.

Lebapda gürleşilen raýatlaryň tassyklamagyna görä, sebitiň prokuratura, howpsuzlyk, polisiýa edaralarynyň işgärleri öýsüzleriň goragsyzlygyndan peýdalanyp, olary diňe özleri üçin işletmäge çalyşýarlar.

"Gynançly ýeri, häkimiýet wekilleriniň hojalygynda işleýän adamlar köplenç hiç ýere göýberilmeýär, üstesine olaryň nahar-suwuny hem ýeterlik bermeýärler" diýip, Azatlygygyň lebaply söhbetdeşi aýtdy.

Şeýle-de, Lebabyň güýç gurluşlarynyň resmileriniň öýsüz adamlary öz tanyşlarynyň ýa garyndaşlarynyň hojalygynda işlemäge mejbur edýändikleri habar berilýär.

Bu ýagdaý öýsüz adamlaryň onlarçasynyň ýyladyşhanalarda, gurluşyklarda, beton guýmak ýa döwmek ýaly agyr işlerde mugt işçi güýji hökmünde ulanylmagyna alyp gelýär.

Agyr şertlere we açlyga çydamadyk öýsüzler işden gitjek bolsa, olary türmä basmak haýbaty bilen gorkuzýarlar. Eger öýsüz adam polisiýa işgärlerine boýun bolman, öz diýenine tutsa, onuň ‘LTP’ diýlip bilinýän zähmet düzediş edarasyna ugradýarlar. Bu ýagdaýy öýsüzleriň tas hemmesi bilýär we olar köçede polisiýa işgärini görse, gaçmak bilen bolýar diýip, habarçy bu hili adamlaryň gorky astynda ýaşaýandygyny hem sözüne goşdy.

Tejribeden görnüşine görä, polisiýa işgärleri hemme öýsüzi kowalap ýörmeýär, olar esasan işläp biläýjek adamlary, gaty garramadyk ýa güýç-kuwwaty ýerinde görünýän 'bomžlary' saklaýarlar.

"Polisiýa ofiseri meni prokuratura işgäriniň hojalygynda işlemäge alyp gitdi, üç aýlap şol ýerde işletdiler. Işi örän agyrdy, zordan gaçyp gaýtdym. Öýüm bolmansoň, kryşalarda, podwallarda gizlenip ýaşaýaryn. Häzirem ýaman üşedim, ýyly ýer gözleýän" diýip, 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly öýsüz Azatlyk bilen söhbetdeşlikde ýagdaýyny düşündirdi.

Gyş aýlarynda bir ýerlere ýerleşmeseler, sowukda ýatyp, ýatan ýerinde ölýän öýsüzler hem bolýar. Sorag-idegi bolmansoň, ölen adamlaryň jesetleri üstünden biri baryp, polisiýa habar edýänçä, käte hepdeläp ýygnalman ýatýar diýip, türkmen jemgyýetinde soňky onýyllyklarda dörän öýsüzler problemasyny öwrenýän habarçy ýerli ilatyň hem olara şübheli garaýandygyny gürrüň berdi.

Ýöne öýsüzler horlugyň we zorlugyň ýamanyny esasan häkimiýetlerden görýäne meňzeýär. Şäheriň täze binalaryny görmäge geljek ministriň sapary sebäpli, polisiýa işgärleri Türkmenabatdaky öýsüzleriň barysyny ýygnady, polisiýa edarasynyň howlusynda, wagtlaýyn tussaghanalarda arassaçylyk, gurluşyk işleriniň köpüsini şol adamlar edýär diýip, habarçy başga iş bilen saklanan we häzir boşadylan bir raýata salgylanyp habar berdi.

Türkmenistanda öýsüzler meselesi esasan erkini spirtli içgilere aldyran, işini ýitiren, maşgalasyndan aýrylan, işsiz adamlaryň köpelmegi, olara döwlet tarapyndan ýeterlik durmuş kömeginiň berilmezligi, ýurtdaky durmuş derejesiniň ýyl-ýyldan aşak gaçmagy netijesinde ulaldy diýip, synçylar aýdýar.

Ýöne habarçy polisiýa tarapyndan saklanyp, kişi gapysynda mugt işlemäge äkidilýän adamlaryň arasynda öýi-işigi bolan, emma içgä erkini aldyran adamlaryň hem bolýandygyny aýdýar.

Mugt işçi gerek bolanda, polisiýa ofiserleri gelip, serhoşlykda tanalan adamlary hossarlarynyň elinden içgili bolmasa hem alyp gidýär. Garyndaşlary bermejek bolsa, "saklamak üçin bahana taparys" diýýärler we şu ýerde gürrüň gutarýar diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistandaky işsizleriň, halkara ölçegleri boýunça garyplyk derejesinden aşakda ýaşaýan adamlaryň resmi sanynyň çap edilmeýşi ýaly, öýsüz, çem gelen ýerde ýatyp-turýan adamlaryň sany hem aýan edilmeýär, metbugatda bu mesele agzalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG