Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa maskasyzlary ‘awlaýar’, adamlarda birek-birege raýdaşlyk artýar


Awtobus duralgasynda duran maskaly okuwçy

Türkmenistanda maska režimine gözegçiligiň güýçlendirilmegi bilen, polisiýa maskasyz raýatlary ýüze çykarmak boýunça – Azatlygyň söhbetdeşleriniň tassyklaýyşy ýaly – entek görlüp-eşidilmedik derejedäki hilelere baş goşup başlady. Häkimiýetleriň bu hereketleri raýatlaryň arasynda nägilelikleri döretmek bilen bir hatarda, birek-birege raýdaşlyk bildirmek ýaly başlangyçlary hem güýçlendirdi.

Lebapda maskasyz raýatlary ýüze çykarmak we olara jerime ýazmak boýunça gündelik plany dolmaly polisiýa işgärleri, indi buky ýerlerde gizlenip, maskasyz adamlary ýüze çykarmaga synanyşýarlar.

“Mundan ozal Türkmenabadyň bazarlarynda, döwlet edaralarynda polisiýa özleriniň gulluk awtobuslarynda reýd geçiren bolsalar, indi olar öz hususy ulaglarynda ýa-da kireýine tutulan ‘Gazel’ kysymly mikroawtobuslarda gizlenip, gözegçilik edýärler. Polisiýa diňe bir maskasyz adamlary däl, eýse maskasyny burnundan sähel aşak düşüren raýatlary görseler hem, dessine ulaglaryndan kürsäp çykýarlar we şol ýeriň özünde 20-50 möçberinde jerime ýazýarlar” diýip, bu wakalara şaýat bolan türkmenabatlylaryň biri Azatlygyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan başga-da, polisiýa hususy ulaglarynda jaýlaryň aralarynda aýlanyp, hat-da öz howlusynyň daşyna hem maskasyz çykan raýatlary saklap başlady.

“Çagalarymy öýe saljak bolup daşaryk çykdym welin, bir ýerlerden polisiýa işgärleri peýda bolup, köçede duran mikroawtobusa saldylar. Ulagyň içinde başga-da ençeme maskasyz adam öý eşiklerinde oturan eken. Bizi polisiýa edarasyna äkidip, şol ýerde jerime ýazdylar. Öz howlymyzda bizi şeýdip tussag etmäge näme zerurlygy bar, diňe duýduryş berseler hem bolýar ahyryn” diýip, türkmenabatlylaryň biri başdan geçirenlerini Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bellemeli ýeri, howpsuzlyk aladalary sebäpli Azatlyk anyk adam we ýer atlaryny agzamakdan saklanýar.

Şol bir wagtda, häkimiýetleriň bu hereketine jogap edip, türkmenabatlylar polisiýanyň reýdi gutarýança nätanyş maskasyz adamlary öz howlularynda gizlemek, hat-da polisiýany ýalňyş bir ugra gönükdirmek ýaly hereketleri bilen hem birek-birege raýdaşlyk bildirip başladylar.

Bu aralykda, Lebabyň käbir etraplarynda polisiýa şahsy ulaglarynda aýlanyp söwda edýän kişiler bolup, maskasyzlary ele salmaga synanyşyp başladylar.

“Saýat etrabynda polisiýa işgärleri şahsy ulaglarynda oba-oba aýlanyp, signal berip, hamana bir zatlary satmaga gelen kişiler bolan bolýarlar. Howlusyndan maskasyz çykan adamlary dessine saklap, şol ýerde-de jerime ýazýarlar. Entek beýle hadysalara duş gelmändik” diýip, saýatly ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Polisiýanyň maskasyz raýatlary ýüze çykarmak boýunça çärelerini güýçlendirendigi baradaky maglumaty Azatlygyň beýleki sebitlerdäki we Aşgabatdaky habarçylary hem tassyk edýärler.

Galyberse-de, Azatlygyň dürli regionlardaky habarçylary söhbetdeş bolýan polisiýa işgärleri maskasyzlary ýüze çykarmak işlerine özleriniň hem nägiledigini, munuň netijesinde dost-ýarlary bilen hem özara gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetýändigini aýdýarlar.

“Indi biziň bar aladamyz maskasyzlary tapyp, olara jerime ýazmak boldy. Biz diňe ýokarky ýolbaşçylaryň beren buýruklaryny berjaý edýäris. Ýogsa-da, gündelik plany öz hasabymyza dolmaly bolýarys” diýip, türkmenabatly polisiýa işgärleriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden we onuň degişli ýerli edaralaryndan kommentariýa almak başartmady.

Ýurduň resmi mediasynda polisiýanyň geçirýän reýdleri barada maglumat, şeýle-de maskasyz saklanan adamlara jerimäniň ýazyljakdygy barada öňünden duýduryş berilmeýär.

Türkmenistanda koronawirusa täze ýolugýanlar, ondan heläk bolýanlar barada barha köpelýän maglumatlara garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurtda wirusyň bardygyny resmi derejede ykrar etmeýärler.

Muňa garamazdan, türkmen hökümeti ozal girizilen çäklendirmeleriň möhletini 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaltdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG