Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistandaky çagalaryň 9%-nde yzygiderli iýmit ýetmezçiliginiň alamatlary bar 


Illýustrasiýa suraty

Özbegistandaky çagalaryň iýmit derejesi kanagatlanarly däl. Bu barada BMG-nyň Çagalar fondy UNICEF-iň “Özbegistandaky çagalaryň ýagdaýy barada analiz” atly hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda aýdylyşyna görä, Özbegistanda täze doglan çagalaryň 50%-i alty aýa çenli ene süýdi bilen naharlanýar. Bäş ýaşa çenli bolan çagalaryň üçden bir bölegi «minimal derejede beýleki dürli azyklar bilen naharlandyrylýar». Olardan diňe 5%-ne «minimal derejede çaga üçin peýdaly iýmitler» berilýär.

«Mundan daşary-da, köp çagada ýokumly mikroelementleriň ýetmezçilik edýändigi bildirýär: 15% çagada anemiýa – gan azlygyň alamatlary bar. Şol ýaşdaky çagalaryň 50%-de demiriň azlygy, 6%-nde A witaminiň azlygy bildirýär» diýilýär.

UNICEF-iň geçiren barlaglaryna görä, Özbegistandaky çagalaryň 9%-nde, yzygiderli iýmit ýetmezçiliginiň alamatlary bar. Bu ýagdaý bolsa çaganyň kadaly ösüşine päsgel berýär.

Özbegistandaky çagalaryň iki prosentinde ýeterlik derejede iýmitlenmezligiň amatlary güýçli duýulýar diýlip, hasabatda bellenýär.

Material Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG