Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Koronawirussyz" ýurtda tiz kömek işgärleri we mekdep müdirleri kesel bolýarlar


Aşgabat, 2020-nji ýylyň dekabry
Aşgabat, 2020-nji ýylyň dekabry

Dünýäde COVID-19 ýokaşan adamlaryň sany 80 milliona golaýlaýar - bu dünýä ilatynyň bir prosentinden gowragy. Käbir ýurtlar waksinalary edip başlan wagtynda, howply keseliň täze ştamlary ýüze çykýar. Türkmenistan bolsa ýurduň ýolbaşçylarynyň resmi derejede aýdyşy ýaly koronawirussyz tas ýeke-täk ýurda öwrülip barýar. Emma türkmen häkimiýetleri ýurduň ilatynyň arasyndaky köpçülikleýin keselçiligi görmezlige salýarlar we sebäbini düşündirmeýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri COVID-19-yň ýurtda ýokdugyny öňe sürýän wagtynda koronawirusyň ähli alamatlary bolan bu kesel ilatyň ähli gatlaklaryna täsir etdi.

24-nji dekabrda Azatlygyň habarçylary koronawirusyň hassalary hassahanalara alyp barýan tiz kömek işgärleriniň arasynda we mekdep müdirleriniň arasynda tapylmagyna degişli täze ýagdaýlar barada habar berdiler.

Lebap welaýatyndaky habarçymyz bu regionda soňky günlerde bilim işgärleriniň arasynda geçirilen testleriň ençemesiniň koronawirusyň bardygyny ýüze çykarandygyny habar berýär.

Ýatlatsak, dekabr aýynyň başyndan bäri mekdep işgärlerine koronawirus synaglaryny öz hasabyna tabşyrmak tabşyrylýar.

Habarçylarynyň aýtmagyna görä, häzirki döwürde hassalardan hyryn-dykyn keselhanalaryň hassalary kabul etmegini wagtal-wagtal bes edýän we karantine ýapylýan wagtynda, has köp adam lukmançylyk kömegine mätäç bolýar. Köpçülik öýde bejergi alýar we agyr ýagdaýda lukmanlaryň ýanyna barýarlar.

Ýurtda täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda çäklendirmeler hasam güýçlendirilýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 24-nji dekabrda mekdeplerde kanikul döwrüniň uzaldylmagynyň planlaşdyrylýandygyny habar berdi. Okuwçylaryň gyşky dynç alyşynyň üç hepde 27-nji dekabrdan başlap, 17-nji ýanwara çenli dowam etmegine garaşylýar. Gyşky kanikul döwrüniň uzaldylandygy entek resmi derejede yglan edilmedi.

Bu habar köpçülikleýin keselçilik sebäpli paýtagtyň mekdeplerinde okuwa gatnaýan çagalaryň düýpgöter azalan wagtyna gabat geldi. Aşgabadyň mekdepleriniň mugallymlarynyň sözlerine görä, klaslarda okuwçylaryň üçden birinden ýarysyna çenli okuwa gatnamaýar. Olaryň ençemesinde koronawirusyň alamatlary bar bolsa, käbirlerinde COVID-19-yň bardygy testler bilen tassyklanýar.

Häkimiýetleriň COVID-19-yň ýurtda ýoklugyny nygtap gelmegine garamazdan, soňky wagtda ýurduň ýaşaýjylarynyň köpüsi özbaşdak test etmek üçin saglyk edaralaryna we anyklaýyş merkezlerine ýüz tutýarlar we öz hasabyna test etdirýärler.

Türkmenistanyň ýarym resmi onlaýn neşirleri hem ýurtda çäklendirmeleriň güýçlendirilmegi barada habar berýärler.

“Orient” neşiri ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak we sebitdäki hem dünýädäki epidemiologiki ýagdaý sebäpli ministrliklerde we eýeçiligine garamazdan ähli edaralarda, kärhanalarda medeni çäreleri geçirmek gadagan edildi diýip ýazýar. Neşire görä, aragatnaşyklary azaltmak üçin ähli guramalarda, okuw jaýlarynda çagalar üçin täze ýyl çärelerini geçirmek hem gadagan edilipdir, emma körpeler üçin baýramçylygy onlaýn ýagdaýda geçirmek teklip edilýär.

Şeýle hem maglumatda aýdylyşy ýaly jemgyýetçilik naharhanalarynyň ähli nokatlarynda köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi gadagan edilýär, emma naharhanalara öz müşderilere sargyt edilen naharlaryň eltilmegini üpjün etmek görkezme berilýär.

Adamlaryň seýilgählere we beýleki köpçülik ýerlerine barmagyny çäklendirmek we Täze ýyl baýramçylygyny öýde geçirip, myhmançylyga barmakdan saklanmaga ynandyrmak üçin yzygiderli wagyz-nesihat işleri göz öňünde tutulýar diýip, Orient neşri habar berýär.

Türkmenistanda girizilen soňky çäklendirmeler ýas çärelerine hem täsir etdi.

23-nji dekabrda Azatlygyň habarçylary Lebap welaýatynda ýerli häkimligiň dilden eden buýrugy bilen, ýas üýşmeleňleriň geçirilýän wagty ir sagat 9-11 aralygy bilen çäklenmeli. Barýanlaryň sany bir gezekde 5 adamdan köp bolmaly däl. Bu düzgünler ölýänleriň sanynyň köpelen wagtyna gabat geldi.

Şeýle-de, Lebapda ilatyň hereket etmegine täze çäklendirmeler girizildi. Hususan-da, 28-nji dekabrdan 1-nji ýanwar aralygynda mekdep okuwçylaryna sagat 20:00-dan soň daşary çykmak gadagan edildi, 31-nji dekabrda dükanlar 20:00-da işini bes etmeli bolarlar. Köpçülikleýin dabaralar ýatyrylýar. Ruhyýet köşgüniň golaýyndaky esasy arça agajyň golaýyna barmak gadagan edildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG