Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp Eýrana Yrakdaky ilçihana edilen raketa hüjümleri sebäpli duýduryş berdi


Bagdatdaky ABŞ ilçihanasynyň binasy

Ak tamdaky duşuşygyň maksady "eýranlylaryň we Yrakdaky şaýy söweşijileriniň biziň işgärlerimize hüjüm etmeginiň öňüni almak üçin prezidente hödürläp biljek dogry-dürs çärelerimizi işläp düzmekden ybarat boldy" diýip, adminstrasiýanyň ýokary derejeli resmisi "Roýters" habar gullugyna aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa Eýrana ABŞ-nyň harby ýa-da diplomatik işgärlerine edilmegi mümkin islendik hüjüm barada duýduryş berdi. Bu duýduryş Tähran tarapyndan goldanylýan yrak söweşijileri Bagdadyň berk goragly Ýaşyl zolagynda ýerleşýän amerikan ilçihanasyna bir günde bir topar raketa atanyndan birnäçe gün soň edildi.

23-nji dekabrda twitterde berlen duýduryş ABŞ-nyň milli howpsuzlyk gullugynyň ýokary derejeli işgärleriniň prezident bilen duşuşmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň Yrakdaky bähbitlerine garşy edilýän hüjümleriň öňüni almak üçin görülmeli çäreleriň maslahaty edildi.

Ýolbaşçylar komiteti diýilýän we iş başyndaky goranmak sekretary Kris Milleri, döwlet sekretary Maýk Pompeony, milli howpsuzlyk geňeşçisi Robert O'Brieni hem içine alýan topar Ak tamda duşuşdy diýip, "Roýters" anonim resmä salgylanyp habar berdi.

Amerikan resmileri Eýranyň ýa-da oňa ýaranlykdaky yrak milisiýasynyň 3-nji ýanwarda, Bagdadyň howa menziliniň daşynda ABŞ-nyň pilotsyz uçary tarapyndan öldürilen eýran generaly Kasem Soleýmany we Yrak söweşijileriniň ýolbaşçylary üçin, bu zarbanyň ilkinji ýyl dönümine gabat, ar alyş hüjümlerini gurnamak ähtimallyklaryny birnäçe hepde bäri ýatladyp gelýär.

Ak tamdaky duşuşygyň maksady "eýranlylaryň we Yrakdaky şaýy söweşijileriniň biziň işgärlerimize hüjüm etmeginiň öňüni almak üçin prezidente hödürläp biljek dogry-dürs çärelerimizi işläp düzmekden ybarat boldy" diýip, adminstrasiýanyň ýokary derejeli resmisi "Roýters" habar gullugyna aýtdy.

Tramp bu duşuşykdan soň, 20-nji dekabrda Bagdadyň berk goragly Ýaşyl zolagyna atylan we ABŞ-nyň ilçihanasynyň binasyna, halkara zonasyndaky ýaşaýyş ýerlerine kiçiräk zyýan ýetiren raketalar barada söz açyp, twitter beýanatyny etdi.

“Ýekşenbe güni biziň Bagdatdaky ilçihanamyza birnäçe raketa zarbasy uruldy. Üç raketa ýarylmady. Olaryň nireden atylandygyny çen-çak ediň: EÝRAN" diýip, Tramp, hamala, raketalaryň Eýrandan atylandygyny görkezýän suratyň üstünden ýazdy.

“Indi biz Yrakdaky amerikalylara garşy goşmaça hüjümleriň ediljekdigi hakynda gürrüňleri eşidýäris. Eýrana biraz dostlukly saglyk maslahatyny beresim gelýär: Eger-de bir amerikaly öldürilse, men Eýrany jogapkär bilerin. Bu barada berk pikirlen" diýip, Tramp islendik amerikan ýitgisine sebäp bolmagyň çyzykdan geçmek hasaplanjakdygyny ýatlatdy.

Eýranyň daşary işler ministri Trampyň soňky raketa hüjüminiň arkasynda Eýranyň durandygy barada aýdan sözlerini ret etdi.

"Daşary ýurtlarda öz raýatlaryňyzyň janyny töwekgellik astynda goýmak ýurt içindäki betbagtçylykly şowsuzlyklardan ünsi sowmaz" diýip, daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif twitterde ýazdy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh Trampyň aýyplamalaryny "esassyz" diýip häsiýetlendirdi we Eýranyň diplomatik we ýaşaýyş ýerlerine edilýän hüjümleri ençeme gezek ýazgarandygyny aýtdy.

Hökümetiň resmi habar gullugy IRNA Hatibzadehiň sözlerini sitirläp, Tähranyň häzirki ýagdaýdaky "islendik akylsyz ädimiň" netijeleri üçin ABŞ-ny jogapkär hasaplajakdygyny aýtdy.

ABŞ harbylarynyň Merkezi ýolbaşçylary (CENTCOM) beýanat çap edip, Yrakdaky raketa hüjüminiň “Eýran tarapyndan goldanýan söweşiji topar" tarapyndan edilendigi "tasdan belli" diýdi.

"Bu 21 raketa hiç bir amerikanyň ýaralanmagyna ýa-da adam pidasyna sebäp bolmasa-da, ABŞ ilçihanasynyň binalaryna zeper ýetirdi we pidalardan gaça duruljak bolmandygy açyk" diýip, beýanatda aýdylýar.

Yrak harbylarynyň 20-nji dekabrda bolan hüjümden soň eden beýanatynda bir "bikanun toparyň" ilçihanalaryň we hökümet binalarynyň ýerleşýän Ýaşyl zonasyna sekiz raketa atandygy aýdylýar.

Raketalaryň köpüsi boş duran ýaşaýyş toplumynyň we barlag nokadynyň golaýyna düşüp, yrakly howpsuzlyk işgärleriniň biriniň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Atylan raketalar hiç bir amerikalynyň ölümine ýa ýaralanmagyna getirmedik hem bolsa, bu hüjüm we Trampyň atan haýbaty Yrakda örän çalt gözegçilikden çykyp biljek dartgynly ýagdaýyň emele gelendigini görkezdi.

2019-njy ýylyň dekabrynda Eýran tarapyndan goldanýan milisiýadan görlen raketa hüjümi Yragyň demirgazygyndaky Kerkuk şäherinde ýerleşýän harby bazada bir amerikan gorag işgärini öldürdi we birnäçe ABŞ we yrak esgerini ýaralady.

Netijede, bu ýagdaý Soleýmanynyň öldürilmegine we Eýranyň ABŞ goşunlarynyň ýerleşýän yrak bazalaryna ar alyş raketalaryny atmagyna hem-de iki garşydaşyň tasdan doly söweşiň bosagasyna gelmegine sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG