Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda benzin gytçylygy emele geldi


Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda benzin gytçylygy yzygiderli häsiýetde ýüze çykýar.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda benzin gytçylygy yzygiderli häsiýetde ýüze çykýar.

Lebapda, şol sanda gündogar welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabatda ulag sürüjileri ýene-de benzin gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatyna görä, ýerli ýangyç stansiýalarynda A-95 markaly benzin tapdyrmaýar.

“Farapdan Türkmenabada ýöriteläp benzin guýdurmak üçin geldim. 300-nji bolup nobata durdum. Emma stansiýada benziniň gutarmagy sebäpli, ýene yzyma boş gaýtmaly boldum” diýip, faraply ýaşaýjylaryň biri 24-nji dekabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz ilatyň arasynda geljek ýyldan başlap benziniň bahasynyň gymmatlajakdygy barada gep-gürrüňleriň ýaýramagy bilen, sürüjileriň ätiýaç edip, gije-gündiz nobatda durup, benzin gorlaryny toplamaga synanyşýandyklaryny aýtdy.

“1-nji ýanwardan benziniň gymmatlajakdygy barada ilat arasynda gürrüňler ýaýraýar. Emma resmiler bu barada hiç zat aýtmaýarlar, düşündiriş bermeýärler. Adamlar dowla düşüp, benzini ýygnajak bolýarlar. Emma benzin tiz gutarýar. Farap, Çärjew etraplarynda bu günler benzin asla-da ýok” diýip, ýerli ulag sürüjileriniň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bellesek, Türkmenistanda geljek ýyldan başlap benziniň bahasynyň gymmatlajakdygy baradaky ilat arasyndaky maglumatlary türkmen resmilerine ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy. Lebapda benziniň gytalmagynyň sebäpleri boýunça hem ýurduň nebit-gaz pudagynyň wekillerinden düşündiriş alyp bolmady.

Galyberse-de, soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda benzin gytçylygy yzygiderli häsiýetde ýüze çykýar, nobatlar döreýär, benzin çäkli satylýar, käbir halatlarda satuwdan aýrylýar.

Azatlyk ýylyň başynda ýurduň sebitlerinde, şol sanda Ahal welaýatynda hem benzin gytçylygynyň ýitileşendigini habar beripdi.

Ýanwar aýynda habarçymyz Lebapda 2 ýyl bäri A95 markaly benzini görmedik etraplaryň bardygyny habar berdi. Ýöne ol şonda benzin gytçylygynyň häkimiýet wekillerine degişli däldigini, ýerli resmileriň awtoulaglary üçin niýetlenen ýörite ýangyç beketleriniň bardygyny hem aýdypdy.

Sözümiziň ahyrynda nygtap geçsek, Türkmenistan 2019-njy ýylda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody işe girizipdi. Emma wada berlen ýangyç bolçulyklaryna garamazdan, awtoulaglaryň ýangyç, ýag ýetmezçilikleri saklanyp galýar.

Şeýle-de, pes hilli ýangyçlar, ýaramaz ýollar ýurtda dowam edýän agyr ykdysady şertlerde maşgala eklemäge çalyşýan ýönekeý adamlara goşmaça kynçylyk döredýär diýip, ýerli ýaşaýjylar habarçylarymyza gürrüň berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG