Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köçede awtoulaglary 'sowuk urýar', köp adamda 'antifreeze pul ýok'


Ýolöten. Köçede goýlan awtoulaglar
Ýolöten. Köçede goýlan awtoulaglar

Mundan öň Azatlyk awtoulag eýeleriniň ätiýaç şaýlaryny tapmakda, benzin, ýag meselesinde, häkimiýetleriň ol ýa-da beýleki awtoulaglar barada girizýän gadaganlyklary,  ýol gözegçiligi polisiýasynyň yrsaramalary, giň ýaýran parahorluk sebäpli görýän görgülerini, çekýän zyýanlaryny habar berdi. 

Türkmenistanda howanyň sowamagy bilen, gün-güzerany hususy awtoulagyna bagly bolan ýönekeý adamlaryň ýagdaýy has-da kynlaşdy, sebäbi olaryň köpüsinde ulaglarynyň tehniki goragyny üpjün etjek serişdeleri satyn almaga hem pul ýok.

Şu aralykda Döwlet biržasynda 70 müň ýewro bahasy bolan “Teslanyň” söwdasynyň edilendigi, prezident garažyna degişli bronly awtoulaglaryň ýene alty sanysynyň gaýtadan satuwa çykarylandygy habar berildi.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň maglumatyna görä, sebitde howanyň sowap, -10° -dan geçmegi ýüzlerçe, belki-de müňlerçe hojalyga garaşylmadyk zarba boldy.

“Adamlar irden turup, awtoulaglaryny otlajak bolanlarynda, olaryň suwunyň doňup, eýelerini bir topar zyýana goýandygyny bilip galdylar” diýip, habarçy aýtdy. Onuň sözlerine görä, ilat arasyndaky garyp-gasarlyk derejesiniň yzygiderli çuňlaşmagy netijesinde, awtoulag ulanyp ýören hem bolsalar, awtoulagyň suwunyň doňmagyna garşy ulanylýan serişdäni, antifriz satyn almaga hem pul tapmaýan, bu işi her ýyl tä doňaklyk başlaýança soňa goýýan adamlar barha köpelýär.

Adamlar “antifriz almaga pulumyz ýokdy, bu-da gapdaldan çykdy, indi maşynyň suwy doňanda ýarylan, hatardan çykan böleklerini nädip täzeläris?” diýýärler. Bu gidişine, ýurtda awtoulag ulanýan adamlar gaty azaljaga meňzeýär diýip, habarçy aýtdy.

Mundan öň Azatlygyň habarçylary awtoulag eýeleriniň ätiýaç şaýlaryny tapmakda, benzin, ýag meselesinde, häkimiýetleriň ol ýa-da beýleki awtoulaglar barada dilden girizýän gadaganlyklary, ýol gözegçiligi polisiýasynyň yrsaramalary, giň ýaýran parahorluk sebäpli görýän görgülerini, çekýän zyýanlaryny habar beripdiler.

Häzir dükanlarda iň arzan antifriz aljak bolsaň, onuň 1 litrine 40 manat tölemeli, meniň ulagyma azyndan 6-7 litr antifriz gerek, bu jemi 280 manat bolýar, emma şu wagt 1 litr antifriz almaga-da pulum ýok diýip, habarçy bilen gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Mary şäheriniň bir ýaşaýjysy garažda saklanýan awtoulaglaryň suwunyň kän doňmaýandygyny gürrüň berdi. Ýöne ol soňky ýyllarda ulagyny garažda saklaýan adamlaryň hem azalýandygyny aýdýar.

“Ozal şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda hususy garažlarymyz bolardy, emma olary çagalara oýnamaga meýdança gurmak üçin ýykdyrdylar. Indi ulaglarymyzy gijäniň aýazly sowugynda hem açyk asmanyň astynda goýmaly bolýarys” diýip, ol ýagdaýyny düşündirdi.

Aýdylmagyna görä, Mary şäherinde köp adam awtoulagyny köçäniň gyrasynda goýýar we sowukda galan maşynlaryň zyýan çekmedigi gaty az bolup görünýär.

“Irden maşynymy şäheriň Baýramaly köçesinde ýerleşýän uly awtoserwise eltdim, ol ýerdäki ussahanalaryň içinde ýekeje-de boşuny tapmadym. Men ýaly kösenip, ulagyny doňduryp, motor çalyşmaga baran adam gaty kän eken” diýip, habarçy bilen gürleşen ikinji ýaşaýjy aýtdy.

“Tanyş ussamyň ýanyna bardym, emma ol ulagymy alyp galyp bilmejegini, häzir bejermeli maşynynyň gaty kändigini aýtdy” diýip, ol indi ussanyň özi jaň edýänçä garaşmaly bolandygyny hem sözüne goşdy.

“Başga ussa tapsaň, şoňa bar, ýogsa-da elim boşaşyp, özüm jaň edýänçäm garaşmaly bolarsyň” diýdi. Adamlar bilen gürleşdim, hemme kişi şol bir ýagdaýdan gürrüň berýär. Diňe maşynymy ulaga ýükläp, ussa äkidip, soň yzyna getirenim üçin 120 manadym çykdy” kösenen ýaşaýjy radio bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda sowet ýyllarynda hususy awtoulagly adam juda azdy we 1990-njy ýyllaryň başynda Orsýetden, günbatar ýurtlaryndan awtoulag, ätiýaçlyk şaýlaryny, awtoulag ýaglaryny we antfriz ýaly tehniki gorag serişdelerini getirip, söwda edýän adamlar köpelip başlady. Bu ýagdaý hususy hojalyklaryna awtoulag satyn alýan adamlaryň köpelmegine, awtoulag ussahanalarynyň, dükanlarynyň açylyp, täze iş orunlarynyň döremegine getirdi.

Emma soň häkimiýet wekilleriniň we “ýokardan goldawly” adamlaryň hususy telekeçilige bolan monopoliýasynyň güýçlenmegi, dürli düzgünleşdirmeleriň we çäklendirmeleriň, gadagançylyklaryň köpelmegi netijesinde şu günki agyr ýagdaý döredi diýip, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly synçy aýtdy.

Onuň pikiriçe, öňki prezident ýogalyp, ýurtda häkimiýet çalşandan soň, awtoulag söwdasy hem, şol sanda ýük ulaglarynyň, ýolagçy gatnatmak üçin ýaramly kiçi awtobuslaryň söwdasy, beýleki telekeçilik ugurlary hem ösjek ýaly göründi, köp adam Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan, Hytaýdan awtoulag getirdi, ýöne soň bu işde dörän mümkinçilikler hem “emeli päsgelçilikler” sebäpli azaldy.

“Türkmenistanda hökümet resmileri üçin satyn alynýan we soň biržada satuwa çykarylýan gymmatbaha ulaglaryň sanyndan çen tutsaň, biz örän baý ýurt. TDH 14-nji noýabrda döwlet biržasynda elektrik togunda işleýän 70 müň ýewrolyk awtoulagyň (“Tesla model X”) söwdasynyň bolandygyny habar berdi, emma ýönekeý adamlaryň hususy awtoulag edinmegi, olary gurat saklamagy, gerek bolanda täzelemegi barha kynlaşýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran synçy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary, azyk gytçylygynyň, işsizligiň uly problema öwrülendigini boýun almaýar, metbugatda ilatyň durmuş derejesiniň ýyl-ýyldan ýokarlandyrylýandygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG