Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene ýedi raýatyň koronawirus testi pozitiw netije görkezdi. Saglyk işgärlerine wada berlen goşmaça hak häzirki wagtda ‘tölenmeýär’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Pandemiýa sebäpli girizilen hereket çäklendirilmelerinden soň, oktýabryň ahyrlarynda Tatarystandan Türkmenistana getirilen 274 raýatyň arasynda ýedi adamyň ikinji koronawirus testi aradan 10 gün geçenden soň pozitiw netije görkezdi. Olaryň ýurda getirilen güni tabşyran testleri negatiw netije görkezipdi.

Bu aralykda, ýurtda wirusyň ýaýramagyna garşy göreşýän saglyk işgärlerine hökümet tarapyndan wada berlen goşmaça tölegler häzirki wagtda tölenmeýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

27-nji oktýabrda Azatlygyň habarçylary Tatarystanyň Kazan şäherinde galan türkmen raýatlarynyň ýurda getirilmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Turkmenportal neşiri 200-den gowrak türkmen raýatynyň 28-nji oktýabr güni gije “Türkmenistan” howaýollary kompaniýasynyň ýörite gatnawy arkaly Kazandan Türkmenabada getirilendigini habar berdi.

9-njy noýabrda habarçymyz ýurda getirilen aglabasy studentlerden ybarat 274 raýatdan ýedi adamyň koronawirus testiniň aradan 10 gün töweregi wagt soň pozitiw netije görkezendigini, olaryň ýurda gelen güni tabşyran testleriniň negatiw netije görkezendigini habar berdi.

“Ýurt daşyndan gelip düşen wagtlary olardan birinji analiz alyndy. Olarda COVID-19 alamatlary ýokdy. Aradan 10 gün geçenden soň, ikinji barlagda ýedi adamyň testi pozitiw netije görkezdi. Olar häzirki wagtda Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasyna geçirildi” diýip, habarçy habar berdi. Ol ýurda getirilen raýatlaryň aglabasynyň okuwy tamamlap, yzyna dolanan raýatlardygyny sözüne goşdy.

“Olar diňe bir Tatarystanda bilim alan raýatlar däl, eýsem olaryň arasynda Russiýanyň Saratow, Rostow-na-Donu ýaly şäherlerinde bilim alan talyplar hem bar” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Türkmen hökümeti awgustyň soňky ongünlüginden başlap, pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ewakuasiýa etmek işlerini ýygjamlaşdyrdy. Ýurda getirilen raýatlar bellenen tertipde wagtlaýyn Türkmenabadyň karantin merkezlerinde saklanýarlar.

Türkmenistanyň saglyk edaralary şu wagta çenli ýurtda resmi taýdan hasaba alnan koronawirus hadysalary barada habar bermedi.

Bu aralykda, ýokanç keseliň ýurda getirilmegine we onuň ýaýramagyna garşy göreşýän saglyk işgärleriniň aýlyklarynyň üstüne hökümetiň sentýabr aýynda wada beren goşmaça tölegleri häzirki wagtda tölenmeýär. Saglyk işgärleriniň ençemesi bu tölegiň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, tölenip başlanmagyna umyt bildirýärler.

Halk Maslahatynyň soňky mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýiti ýokanç kesele garşy göreşýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyklaryna goşmaça hak tölemegi teklip etdi we 25-nji sentýabrda degişli karara gol çekdi.

“Ýatlasak, Halk Maslahatynda pandemiýa garşy göreşýän medisina işgärleriniň aýlyklarynyň üstüne 15 göterim goşmaça hak tölemeli diýlen karara gol çekildi. Ýöne şol karar Halk Maslahatynda galdy, hiç hili töleg ýok” diýip, Azatlygyň habarçysy saglyk işgärlerine salgylanyp habar berdi.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli synçy bu kararyň pandemiýa döwründe güýje girendigini, BSG-niň koronawirusy mart aýynda pandemiýa yglan edendigini we muňa laýyklykda türkmen hökümetiniň wada beren goşmaça hak tölegini retrotspektiw görnüşinde, martdan bäri geçen döwri öz içine alýan görnüşde saglyk işgärlerine tölemelidigini öňe sürdi. Türkmenistanda saglyk işgärleriniň anyk haýsy wagtdan bäri pandemiýa garşy göreşýändigi, olaryň wirus alamatly adamlary anyk haýsy wagtdan bäri bejerýändigi barada resmi maglumat mälim edilmeýär.

Döwlet metbugatynda çap edilen degişli karar şeýle diýýär:

“Dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna, şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda degişli Tertibe laýyklykda, olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 15 göterimi möçberde goşmaça hak tölemek bellenildi”

Tekstde saglyk işgärleriniň “şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň” haýsy wagt aralygyny öz içine alýandygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Ýöne, muňa goşmaça hökmünde, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurduň barmasy kyn bolan çet obalarynda zähmet çekýän saglyk işgärleriniň aýlyklaryna 20 göterim goşmaça hak tölemek, beýleki obalaryň saglyk işgärlerine 10 göterim goşmaça hak tölemek kararlaşdyrylýar.

Sadalaşdyrsak, bu ýerde saglyk işgärleriniň dürli toparlarynyň aýlyklaryna aýrybaşga 15 %, 20 % we 10 % goşmaça hak tölemek barada gürrüň barýar.

Munuň üstesine, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, tutuş ýurt boýunça döwlet edaralarynyň aýlyk haklary 10 prosent ýokarlandy.

“Şol 15 göterim goşmaça pul 2020-nji ýylyň býujeti kabul edilen wagty (2019-njy ýylyň 30-njy noýabry – red) göz öňünde tutulmandyr we häzirki wagtda şol 15 göterim puly tölemäge serişde ýok” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Indi, 2021-nji ýylyň täze býujetinden tölärler” diýip, bir medisina işgäri habarçy bilen söhbetdeşlikde umyt bildirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG