Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda bankomatlar köpçülikleýin sökülýär


Türkmenistan (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda bankomatlaryň sökülmegi dowam etdirilýär. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, käbir sebit merkezlerinde bankomatlaryň ýarysyndan gowragy aýrylypdyr we olary sökmek işleri dowam etdirilýär. Bu, nagt pul ýetmezçiliginiň we bankomatlaryň öňünde uly nobatlaryň döreýän wagtynda bolup geçýär.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda soňky aýlarda bankomatlaryň sany ýarymdan gowrak azaldy. Işleýän bankomatlar köplenç boş bolýar we pul almak isleýänleriň nobatlary köpelýär. Bu barada Azatlygyň ýerli habarçylary 29-njy dekabrda habar berdiler.

Hususan-da, Farap etrabynda, 19 bankomatdan diňe 6 bankomat galypdyr. Galanlary ýok edilipdir. Darganata etrabynda, 27 bankomatdan diňe 8-si galypdyr. Darganata şäherindäki bankomatlar 10-njy dekabrdan başlap soňky üç hepdäniň dowamynda sökülipdir.

Bankomatlaryň sanynyň azalmagy kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak isleýänleriň ýagdaýyny hasam kynlaşdyrdy. Häzirki wagtda Lebap welaýatynda 3 ýaşaýyş nokady üçin 1 bankomat bar, onda-da köplenç pul bolmaýar.

Nobatlarda jedeller, dawalar we ýakalaşyklar ýüze çykýar we käbir ýagdaýlarda kanuna we tertibe gözegçilik edýän polisiýa işgärleri hem basyşa sezewar edilýär. Azatlygyň habarçylary 28-nji dekabrda Gyzylarbat daýhan birleşiginde bolup geçen waka barada habar berip, bankomatda pul almak üçin nobatyna garaşýan gaharly adamlaryň etrap polisiýa işgärlerini ýenjip kowandygyny gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary bilen adynyň aýdylmazlygy şertli söhbetdeş bolan polisiýa işgärleri, pul ýygnaýan inkasator gullugynyň işgärleriniň sanynyň täze ýyldan azalmagyna garaşylýandygyny we bankomatlardaky serişdeleri doldurmak jogapkärçiliginiň bank işgärlerine beriljekdigini öňe sürdüler.

Türkmenistanda bankomatlary ýok etmek prosesi şu tomus başlandy. Şonda tutuş ýurt boýunça onlarça enjam söküldi. Şondan bäri bankomatlaryň sany azalýar.

Häzir iş ýüzünde ýurtda işleýän bankomatlaryň hakyky sany belli däl. Garaşsyz çeşmeleriň habarlaryna görä, ýurduň dürli sebitlerinde onlarça bankomat yzygiderli ýok edilýär. Resmi maglumatlara görä, ýurtda azaldylan bankomatlaryň görkezilýän sany ujypsyz.

Merkezi bankyň habaryna görä, häzirki wagtda ýurtda 2162 bankomat işleýär, sentýabr aýy bilen deňeşdirilende azaldylan bankomatlaryň sany 20-den geçmeýär. Bankomatlaryň köpüsi Aşgabatda ýerleşýär, olaryň jemi sany 452, ýagny sentýabr aýyndan bäri 17 bankomat aýrylypdyr. Resmi maglumatlara görä, Maryda (453) we Balkanda (279) bankomatlaryň sany üýtgemändir. Lebapda (445), Ahalda (248) we Daşoguzda (285) sebitleriň hersinde bary-ýogy 1 bankomat aýrylypdyr.

Ýurduň banklary jemi 4 364 083 töleg bank kartyny çykarypdyr.

Türkmenistanda puly nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar, aýlyklaryň we pensiýalaryň nagt däl usulyna köpçülikleýin geçmeginden soň başlandy. Soňky ýyllarda boş bankomatlar, pullaryny almak üçin birnäçe sagatlap garaşýan adamlaryň nobatlary, ýakalaşyklar we pajygaly ýagdaýlaryň döremegi adaty bir ýagdaýa öwrüldi.

Plastiki kartoçkalardan nagtlaşdyryp bolýan puluň mukdaryna çäklendirmeler hem saklanýar. Mundan başga-da, bankomatlardan pul almak isleýänler ýörite talonlary almaly bolýar, käbir sebitlerde şäher bankomatlarynda pul çykarmak üçin oba ýaşaýjylary kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan ynanç hatyny almaly bolýar.

Ýurduň häkimiýetleri meseläniň gerimini ykrar etmeýärler we ilata basyş etmek hem bankomatlary ýok etmek arkaly meselä çemeleşýärler. Munuň bilen birlikde, ýurduň ýolbaşçylary ýurduň bank pudagy ösýär diýip hasaplaýarlar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikiriçe, ýurduň bank ulgamy "türkmen ykdysadyýetiniň üýtgemäge taýýarlygyny" görkezýär.

Geçmişde ýurduň ýolbaşçylary nagt pul ýetmezçiligini diňe bir gezek açyk gozgadylar. 2019-njy ýylyň awgust aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligini boýun aldy, ýöne pul ýetmezçiligini tehniki kynçylyklar bilen düşündirip, resmileri günäkärledi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG