Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bankomat nobatlarynda şikeslenen aýallar Lebabyň köp ugurly hassahanasyna eltildi


Pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlar. Illýustrasiýa suraty.
Pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlar. Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Lebap we Mary welaýatlarynda ilatyň bank kartlaryna aýlyk we pensiýa haklarynyň, şeýle-de kömek pullarynyň geçirilip başlanmagy bilen, bankomatlaryň öňünde ýene uly nobatlar emele geldi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçylary bankomatlardaky nagt puluň nobata duran adamlaryň hemmesine ýetmeýändigini, nobatlarda dawa-jenjeliň we ýakalaşyklaryň hem bolýandygyny aýdýarlar.

"Türkmenabadyň "Gök bazarynda" goýlan "Halkbankyň" we "Türkmenistan" bankynyň 6 bankomadynyň öňünde gije-gündiz 500-e golaý adam üýşýär. Adamlar pul almak üçin azyndan 5-6 sagat nobata durmaly bolýarlar" diýip, lebaply habarçy 13-nji noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu döwürde raýatlaryň käbiri nobat belläp, yzyndaky adama duýduryp, bazarda söwda etmek ýa-da hajathana zerurulyklary üçin gidýärler. Ýöne soňra olar yzyna gelende, nobata duran adamlar bilen olaryň arasynda dawa-jenjel, ýakalaşyklar hem bolýar.

"12-nji noýabrda aýallar özaralarynda ýakalaşdylar. Nobat belläp giden bir aýal yzyna gelende, adamlar oňa "Bärde diri nobata durmaly. Özüň durmasaň, nobata duranyň hasap däl" diýip gygyrdylar. Ol aýal nobat belläp gidendigini düşündirse-de, beýleki aýallar "Ýok, bolanok" diýdiler. Şondan soň aýallar özarasynda itekleşdiler we olaryň birnäçesi şikeslendi. Dawanyň bolan ýerine Tiz kömek ulagy gelip, şikeslenen aýallary şäheriň köp ugurly hassahanasyna alyp gitdi" diýip, habarçy şaýat bolan ýagdaýyny gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Lebap welaýat häkimliginden, polisiýa müdirliginden we köp ugurly hassahanadan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Habarçy bankomadyň töwereginde duran polisiýa işgärleriniň ýakalaşýan aýallary aýyrmaga synanyşandygyny, ýöne munuň olara hem başartmandygyny sözüniň üstüne goşdy.

"13-nji noýabrda irden bankomadyň öňündäki adamlary gyzyl lenta bilen aýryp, ýörite koridor etdiler. Nobatlar uzap, iki hatara öwrüldi. Şol gurnalan nobata 7 sany seržant we 3 sany ofiser derejeli jemi 10 polisiýa işgäri gözegçilik edýär" diýip, habarçy belledi.

Onuň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri nobatda dawa-jenjel eden adamlaryň 15 gije-gündiz tussaglyga alynjakdygyny duýdurýarlar. Şeýle-de, olar nobata duran adamlaryň her biriniň bir kartdan pul nagtlaşdyryp biljekdigini, ikinji kartdan peýdalanmaga synanyşanlaryň nobatdan çykaryljakdygyny hem aýdýarlar.

Azatlygyň Marydaky habarçysy bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly problemalaryň bu welaýatda hem dowam edýändigini habar berýär.

"Şäher ýaşaýjylary talon arkaly bankomatlardan günde 400 manat pul çekip bilýärler" diýip, maryly habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda, ol bank kartlary arkaly nagt däl görnüşinde söwda etmek mümkinçiliginiň örän çäkli bolmagynda galýandygyny, bu hyzmatdan diňe käbir dükanlarda peýdalanyp bolýandygyny hem belledi.

"Diňe belli marketlerde günde 100 manada çenli söwda edip bolýar. Adamlaryň alan harydy artyk geçse, onda olar galan puluny nagt tölemeli bolýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, ol şäheriň hususy eýeçilikdäki dermanhanalarynyň aglabasynda kart bilen derman satyn alyp bolmaýandygyny, dermanhanaçylaryň "signalyň ýokdugy sebäpli terminalyň işlemeýändigini" aýdýandygyny hem belledi.

"Puly ýok adamlar terminally dermanhananyň gözlegine çykyp, şäheriň ähli hususy dermanhanalaryna aýlanýarlar. Döwlet dermanhanalarynda kartdan söwda edip bolsa-da, olarda dermanlaryň aglabasy tapdyrmaýar ýa-da hususy dermanhanalaryň nyrhyndan has ýokary bolýar" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri bankomatlarda nagt pul köplenç tapdyrmaýar. Munuň bilen bagly, bankomatlaryň öňünde uzyn nobatlar emele gelýär, ilat bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmakda dürli kösençliklere sezewar bolýar.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu kösençlikler barada gürrüň etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG