Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýa we ABŞ Eýrandan Hormuz bogazynda ele salnan tankeri boşatmagy talap edýär


4-nji ýanwarda Pars aýlagynda Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylarynyň gämileri Günorta Koreýanyň "MT Hankuk Çemi" tankerini ele saldylar.
4-nji ýanwarda Pars aýlagynda Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylarynyň gämileri Günorta Koreýanyň "MT Hankuk Çemi" tankerini ele saldylar.

Günorta Koreýa strategiki Hormuz bogazynyň golaýynda ele geçirilen nebit tankeriniň boşadylmagyny üpjün etmäge synanyşýandygyny aýdýar. Günorta Koreýanyň bu tankeri Birleşen Ştatlaryň sanksiýalary esasynda Günorta Koreýanyň banklarynda doňdurylan Eýranyň maliýe serişdeleri bilen baglanyşykly dartgynlylyk sebäpli eýran häkimiýetleri tarapyndan ele geçirildi.

5-nji ýanwarda daşary işler ministri Kang Kyung-wha Günorta Koreýanyň "MT Hankuk Çemi" tankeriniň we onuň 20 adamlyk ekipažynyň boşadylmagy üçin diplomatik tagalla edýändigini aýtdy.

Bu aralykda, Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi garakçylyga garşy bölümini Hormuz bogazyna iberýändigini mälim etdi. Bu bogazdan nebit söwdasynyň 20 göterimi geçýär.

Mundan bir gün öň Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary özüniň deňiz güýçleriniň gämini ele salandygyny we “nebit hapaçylygy” sebäpli onuň ekipažyny tussag edendigini aýtdy. Bu aýyplama gäminiň operatory tarapyndan ret edildi.

Eýran ABŞ sanksiýalary sebäpli doňdurylan 7 milliard dollar töweregi maliýe serişdesiniň boşadylmagy üçin Günorta Koreýa edilýän basyşy güýçlendirmäge çalyşýar. Eýran bu serişdäni ABŞ-nyň Tähran bilen dünýäniň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda baglaşylan möhüm ýadro şertnamasyndan çekilmeginiň yzýany, Waşington Eýrana garşy sanksiýalary güýçlendirmezden ozal nebit söwdasyndan gazanypdy.

Eýranyň döwlet telewideniýesi Tähranyň hökümet işgärine salgylanyp, Günorta Koreýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Çoý Jong-kunyň bu meseläni ýakyn günlerde Eýranda ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

Ýöne "Reuters" habar gullugynyň maglumatyna görä, Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň bir işgäri bu saparyň amala aşjakdygy ýa-da aşmajakdygy baradaky "meýilnamanyň takyk däldigini" mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Eýrany, ykdysady sanksiýalara çykalga tapmak üçin, Pars aýlagynda "deňiz hukuklaryna we azatlyklaryna" howp abandyrmakda aýyplap, tankeri derrew boşatmaga çagyrdy.

“MarineTraffic.com” arkaly emeli hemradan alnan maglumatlarda Günorta Koreýanyň "MT Hankuk Çemi" tankeriniň "Bandar Abbas" portundadygy görkezilýär. Bu gämi Saud Arabystanyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň Fujaira şäherine sapar edýärdi.

Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary gämide 7200 tonna nebit himiki önüminiň saklanandygyny we ekipaž agzalarynyň arasynda Indoneziýadan, Mýanmardan, Günorta Koreýadan we Wýetnamdan gelen deňizçileriň bardygyny aýtdy.

Gäminiň ele salynmagy, geçen ýyl Eýranyň Kuds güýçleriniň komandiri general Kasem Soleýmaniniň Bagdadda ABŞ dron hüjüminde öldürilmeginiň ýyl dönüminde regionda dartgynlylygyň ýokarlanýan wagtyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG