Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ozalky häkim Ýazgeldi Gündogdyýew Tejen türmesinde aradan çykdy


Ýazgeldi Gündogdyýew (çepden ikinji), "Turkmen.news" neşiriniň fotosuraty

Gündogdyýew 2007-nji ýylyň ýazynda Owadandepe türmesinde saklanypdyr, emma garyndaşlary 2008-nji ýylda näresmi çeşmeler arkaly henizem türmededigini anyklasalar-da, onuň haýsy türmede saklanylýandygyny bilip bilmändirler. Şondan soň onuň saklanýan türmesi ölýänçä näbelli bolupdyr.

"Olary diri görkeziň!" kampaniýasy ozalky resmi, geçen ýylyň aýagynda Tejen şäherindäki berk düzgünli türmede ýogalan Ýazgeldi Gundogdyýewiň ölümi bilen baglanyşykly beýanat çap etdi.

"Halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň hökümetine öz gahar-gazabyny açyk beýan etmeli we bu bikanun işiň bes edilmegini berk talap etmeli" diýip, halkara hukuk goraýjylar kampaniýasy Türkmenistanda zor bilen ýitirim bolanlaryň maşgalalaryna we ýakynlaryna raýdaşlyk bildirýär.

64 ýaşyndaky Ý.Gündogdyýew prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş boýunça günäli tapylyp, 2003-nji ýylda uzak möhletli türmä basylan onlarça türkmen raýatynyň diňe biri bolup, 18 ýyldan gowrak daşarky dünýäden üzňelikde, garyndaşlary, aklawçylar, halkara hukuk guramalarynyň wekilleri bilen görüşdirilmän saklandy we 28-nji dekabrda türmede aradan çykdy. Onuň ölüminiň hukuk goraýjy guramalardaky ynamdar çeşme tarapyndan tassyklanandygy aýdylýar.

Emma Azatlygyň habarçysy Gündogdyýewiň 2020-nji ýylyň 29-njy dekabrynda aradan çykandygyny, ýöne onuň jesediniň Tejen türmesinde iki gün saklanandygyny habar berdi.

“Merhumyň jesedini hossarlaryna diňe 31-nji dekabrda gowşurdylar, onuň içki organlary lukman tarapyndan aýryldy; türme ýolbaşçylary jesediň paýtagt Aşgabada eltilmeli däldigini, göni Daşogza alnyp gidilip, artykmaç adamlaryň gatnaşmazlygynda, kiçiräk ýygnanyşyk esasynda jaýlanmalydygyny aýtdylar” diýip, habarçy aýtdy.

Gündogdyýew jaýlanandan soň, onuň ogly Aşgabada gaýdyp geldi, emma merhumyň aýaly henizem Daşoguzda diýip, habarçy olaryň tussag bilen bir gezek hem görüşdirilmändigini, onuň saklanan ýeriniň gizlin bolandygyny sözüne goşdy.

Türkmenistanyň prezident diwanynyň halkara bölüminiň başlygy we Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipelerinde işlän Ý.Gündogdyýew 2003-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda ýapyk we syýasy äheňli, halkara ölçeglerine gabat gelmeýän sud seljerişliginde 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, onuň "günäsini boýun alyp" eden wideoýüzlenmesi 2002-nji ýylyň 18-nji dekabrynda milli telewideniýede görkezildi.

Gündogdyýewiň wideokameranyň öňünde "günäsini" boýun almagy üçin öňünden gynalandygy barada maglumat bar diýip, beýanatda aýdylýar.

"Olary diri görkeziň!" kampaniýasy "noýabrçylar" diýilýänleriň, döwlet agdarylyşygy synanşygyna gatnaşmakda aýyplanan ozalky ýokary derejeli syýasy işgärleriň 60 sanysyny zorlukly ýitirim edilenler hökmünde hasaba aldy. Gündogdyýewiň ýogalmagy bilen, türmede ölen noýabrçylaryň tassyklanan sany 10 adama ýetýär.

Gündogdyýew tussag edilmezinden öň şol wagtky prezident S.Nyýazowyň ýakyn egindeşleriniň biri hökmünde tanalýardy, 1989–1991-nji ýyllarda TSSR Ýokary Sowetiniň deputaty we Ýaşlar meselesi boýunça komitetiň sekretary boldy; 1991-nji ýylda SSSR Ýokary Sowetiniň iki palatasynyň biriniň, Respublikalar Sowetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine geçirildi; Türkmenistan garaşsyz bolandan soň, 1992-1997-nji ýyllarda prezident diwanynyň halkara bölüminiň müdiri we Ministrler kabinetiniň başlygynyň daşary syýasat boýunça orunbasary Boris Şyhmyradowyň baş geňeşçisi boldy.

Şeýle-de, oňa 1994-nji ýylda Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi derejesi berildi, 1997-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine bellenen Gündogdyýew 2000-nji ýylyň sentýabrynda "işde goýberen düýpli kemçilikleri" üçin wezipesinden boşadyldy.

"Olary diri görkeziň!' kampaniýasynyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, Gündogdyýew 2007-nji ýylyň ýazynda Owadandepe türmesinde saklanypdyr, emma garyndaşlary 2008-nji ýylda näresmi çeşmeler arkaly henizem türmededigini anyklasalar-da, onuň haýsy türmede saklanylýandygyny bilip bilmändirler. Şondan soň onuň saklanýan türmesi ölýänçä näbelli bolupdyr.

Hukuk goraýjylaryň maglumatyna görä, Nyýazow döwründe türmä basylan we zorlukly ýitirim edilen tussaglaryň käbiri Tejen türmesindäki ýörite kameralarda saklanypdyr.

"Uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen adamlaryň zorlukly ýitirim edilmegi Türkmenistanda adam hukuklarynyň iň ýiti problemasy bolup durýar" diýip, onlarça hukuk toparyndan düzülen koalisiýa 2019-njy ýyldaky hasabatynda bu aýylganç jenaýatyň 121 sany tassyklanan mysalyny dokumentleşdirendigini aýdýar we, şol bir wagtda, görnüşinden, ýene onlarça adamyň şeýle ýagdaýa düşendigini belleýär.

Hukuk goraýjylaryň ynanjyna görä, Gündogdyýewiň ölümi we öňki, zorlukly ýitirm edilmä sezewar bolan hem-de gizlin türmelerde ölen beýleki täsirli emeldarlaryň ölümleri daşarky dünýäden üzňelikde, gazaply we adamkärçiliksiz şertlerde saklamagyň netijesi bolup, türkmen häkimiýetleriniň geçmişdäki esasy syýasy işgärleri ýok etmek we olar hakyndaky hakydany süpürip aýyrmak üçin edýän ýaşryn we yzygiderli synanyşygy bolup durýar.

Şeýle-de beýanatda soňky bäş ýylda "Olary diri görkeziň!" kampaniýasynyň zorlukly ýitirim edilenler sanawy boýunça azyndan 12 adamyň türmede ölendigi, köp adamyň garyndaşlary, aklawçylar bilen görüşdirilmän, näbelli ýerlerde saklanýandygy, 10 tussagyň bolsa, türme möhletleri dolandan soňam boşadylmandygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG