Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Gülkamaryň kyssasy', ýa-da daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlar işsizlikden kösenýär


Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Farap we Darganata etraplarynda daşary ýurtlarda bilim alan ençeme ýaşlaryň işsizlikden kösenýändigini habar berýär.

Darganata etrabynyň Çarwadar geňeşliginiň ýaşaýjysy Gülkamar (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) bäş ýyl ozal Belarusyň Döwlet uniwersitetini tamamlap, öz hünäri boýunça zähmet ýoluna gadam basmak umydy bilen Türkmenistana dolandy. Ol hünäri boýunça ykdysatçy-buhgalter. Ýöne ol öz ugrundan iş tapman, ýaňy-ýakyna çenli Türkmenabatada bir kafede işleýärdi, günlük 25 manat pul gazanýardy. Ykdysatçylygy arzuw eden Gülkamar koronawirus çäklendirmelerinden soň bar işini hem ýitirdi. Sebäbi onuň işleýän kafesi ýapyldy. Gülkamar hem özi ýaly ençeme işsiz ýaşlaryň hataryna goşuldy. Bu habarymyz Gülkamar ýaly daşary ýurtlarda bilim alyp, ýurtda işsizlik derdine duçar bolan ýaşlaryň durmuşy barada bolar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Farap we Darganata etraplarynda daşary ýurtlarda bilim alan ençeme ýaşlaryň işsizlikden kösenýändigini habar berýär.

Onuň sözlerine görä, soňky bäş ýylda daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlaryny tamamlap, ýurda dolanan ýüzlerçe darganataly we faraply ýaşlar häzirki wagtda ýa işsizlikden kösenýär, ýa-da agyr işlerde zähmet çekip, gün-güzeran aýlaýar.

“Ýa-da ‘taksiçilik’ edýärler” diýip, bir ýaşaýjy habarçynyň sözlerini tassyklady.

Darganataly Gülkamar Belarusyň döwlet uniwersitetini 2016-njy ýylda tamamlaýar. Ol özi ýaly ýaşlaryň alan hünärleri boýunça iş tapmakda kynçylyk çekýändigini aýdýar.

Gülkamar ykdysadyýet ugrundan bilim alypdyr. Ýöne ykdysadyýet ugry hususan-da soňky dört ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanda “onçakly öwerlik ugur däl”. Üstesine, hökümet ykdysadyýet we maliýe pudagyny sanly ulgama geçirmek tagallalarynyň çäginde, üç ýyl töweregi ozal bank ulgamynda ep-esli iş orunlaryny kemeltdi.

“2018-nji ýylyň başlarynda türkmen banklarynda iş orunlary kemeldildi” diýip, bir lebaply gürrüň berdi. Ol şonda ençeme kassirleriň işlerini ýitirendigini sözüne goşdy.

Türkmenistan soňky birnäçe ýylyň dowamynda, tapgyrlaýyn esasda, adamlaryň aýlyk haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň nagt däl görnüşde tölenmegini ýola goýdy. Adamlar aýlyk haklaryny bankomatlardan nagtlaşdyrmaly edildi. Ýöne ykdysady krizisiň fonunda Azatlygyň habarçylary bankomatlaryň öňünde yzygiderli ýagdaýda uly nobatlaryň döreýändigini, adamlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda uly kynçylyklary başdan geçirýändiklerini habar berýärler.

Synçylar dünýäde maliýe pudagyny sanly ulgama geçirmegiň aç-açanlyga goşant goşýandygyny aýdýar. Ýöne beýleki tarapdan, adamlaryň iş orunlarynyň awtomatlaşdyrylmagy, olaryň eklenç çeşmelerine ýaramaz täsir edýär. Gülkamar hem şeýle kynçylyga sezewar bolan ýaşlaryň biri. Onuň edýän işini indi bankomatlar ýerine ýetirýär. Ýöne onuň sözlerine görä, Türkmenistanda onsuz hem işe ýerleşmek aňsat däl.

“Welaýat banklarynyň hiç birinde boş iş orunlary ýok. Eger kimdir biri pensiýa gitse, onuň ýerine ýokarda tanşy bar adamy, ýa-da köne puldan 1,5 milliard (täze puldan 300 müň manat) para beren adamy işe alýarlar. Ýönekeý maşgalalar bu parany berip bilmeýärler. Şonuň üçin işsiz, ýokary bilimli ýaşlar gitdigiçe köpelýär” diýip, ýagdaýdan habarly bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan bir ýerli hünärmen türkmen kanunçylygyna görä, iş berijileriň orta hünär diplomly işgärleri islän wagtlary işden boşatmak hukugyna eýedigini gürrüň berdi. Ol bu ýagdaýyň kanunyň rüstem ýurdunyň hukuk normalaryna gabat gelmeýändigini aýtdy.

“[Türkmenistanda] korrupsiýa höküm sürýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda işsizligiň hakyky derejesini görkezýän sanlary köpçülige äşgär etmeýär. Soňky ýyllarda ýitileşen ykdysady krizis köp sanly türkmenistanlyny eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga iterdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG