Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan 1993-nji ýyldan bäri prezidentiň hem parlamentiň ygtyýarlyklaryny nähili üýtgetdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystan garaşsyzlyk alandan soňra, 1993-nji ýylda ilkinji konstitusiýasyny kabul edeninden bäri, 2020-nji ýyla çenli Esasy Kanuna birnäçe gezek üýtgeşme girizdi. Üýtgeşmeler esasan prezident bilen parlamentiň – Jogorky Keneşiň arasynda ygtyýarlyklaryň paýlanmagy bilen baglanyşykly boldy.

Konstitusiýanyň ähli nusgalarynda (2010-njy ýylyň konstitusiýasyny goşmak bilen) prezidentiň hemişe parlamentden has köp ygtyýarlyklary bardy. Prezident 30 ýyllap kazyýetlere, prokurorlara, howpsuzlyk güýçleri edaralaryna, goşuna we döwlet administrasiýalarynyň ýolbaşçylaryna gözegçilik edip geldi. Daşary we içerki syýasaty-da hemişe diýen ýaly prezident kesgitledi. 2010-njy ýyla çenli hökümete hem prezidentiň bir özi gözegçilik etdi we referendumy yglan etdi. 2010-njy ýyldan soň hökümetiň döredilmegi we gözegçiligi, şeýle hem referendumy çagyrmak hukugy parlamente geçirildi.

Mejlisiň ygtyýarlyklary elmydama kanunlary kabul etmegi hem-de prezidente kazylary, Baş prokurory we Milli bankyň başlygyny bellemäge razylyk bermegi öz içine alýardy. Prezidentleriň alyp barýan işlerinde hem onuň wezipä bellemek çärelerinde mejlisiň prezidente razylyk bermedik ýagdaý bolmady. Munuň sebäplerinden biri, prezidentiň gözegçiligindäki güýç ulanyjylaryň parlamente edýän basyşy boldy.

Mejlis 2010-njy ýyla çenli premýer-ministri we hökümet agzalaryny bellemek üçin hem prezidente razylyk berdi. 2010-njy ýyldan soň parlament hökümeti döretmek we oňa gözegçilik etmek, şeýle hem referendumy çagyrmak hukugyny aldy. Muňa garamazdan, kazyýetlere, prokuratura, milli howpsuzlyk edaralaryna, korrupsiýa garşy göreş gullugyna, goşuna we esasy döwlet dolandyryş baştutanlaryna gözegçilik hemişe prezidentiň ygtyýarynda boldy.

Mundan başga-da, 2011-nji ýylda prezident öz karary bilen Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň (MHDK) ygtyýarlyklaryny giňeltdi. Döwlet howpsuzlyk komitetiniň ýanynda Korrupsiýa garşy göreş gullugy döredilip, ol gulluk deputatlara, hökümet agzalaryna, kazylara, hukuk goraýjy edaralara, kazyýet işgärlerine we ýerli dolandyryş gulluklaryna garşy jenaýatlary derňemek hukugyna eýe boldy. Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti hem ady agzalan edaralaryň ýolbaşçylaryna garşy kazyýet işini açmak hukugyny aldy. Iş ýüzünde bu ýagdaý kazyýeti we parlamenti garaşsyzlykdan mahrum etdi.

Häkimiýetiň şeýle derejede paýlanyşy Gyrgyzystanda otuz ýyl bäri prezident dolandyryş düzgüniniň dowam edýändigini görkezýär. 2010-njy ýylda hökümetiň gözegçiliginiň parlamente geçirilmegi parlamentarizmiň geçişine getirmedi, sebäbi prezident kazyýete, prokuratura, howpsuzlyk edaralaryna we goşuna doly gözegçilik edýärdi.

Konstitusiýanyň iň soňky täze taslamasy (2020) prezidentiň ygtyýarlyklaryny öňküden-de ep-esli giňelder. Mejlis agzalarynyň sany azaldylar hem-de mejlisiň ýeke-täk ygtyýarlygy kanun kabul etmekde bolar. Konstitusiýanyň täze taslamasynda hökümete, kazyýete, prokuratura, howpsuzlyk edaralaryna, goşuna we beýleki döwlet edaralaryna ýeke-täk gözegçiligi prezidentiň ygtyýaryna bermeklik göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, prezidentiň kanuny güýje eýe bolan kararlary kabul etmäge-de hukugy bolar.

Gyrgyzystan Respublikasynyň Konstitusiýanyň täze taslamasynda prezidentiň ygtyýarlyklaryna ýene şular goşulýar;

Prezident alty ýyllyk möhlete iki gezek saýlanyp bilner;

Prezidentiň diňe özi referendumy yglan edýär • Hökümetiň başlygy bolýar • Diňe özi hökümet agzalaryny belleýär • Baş prokurory, Merkezi saýlaw komitetiniň başlygyny, kazylary belleýär;

Prezidentiň ýeke özi Howpsuzlyk Geňeşini döredýär hem oňa ýolbaşçylyk edýär, Döwlet Gwardiýa Gullugyny, Milli Gwardiýany, Milli Howpsuzlyk Gullugyny döredýär, möhüm wezipedäki ýolbaşçylar we beýleki utgaşdyryjy guramalary döredýär hem-de bir özi olara gözegçilik edýär.

Şol wagtyň özünde Konstitusiýanyň täze taslamasynda parlamentiň – Jogorky Keneşiň her bäş ýyldan saýlanmalydygy we kanunlary kabul etmelidigi aýdylýar.

Material Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG