Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zibil dörýän adam köpelýär, hökümet ýene 'ak öý', sadaka jaýyny gurup, uly baýrama taýýarlanýar


Türkmenistan. Zibil dörýän adam. Arhiw suraty.
Türkmenistan. Zibil dörýän adam. Arhiw suraty.

Ýerli synçylar adamlaryň agyr ýagdaýa düşmeginiň sebäbini köp edara-kärhananyň, naharhanalaryň, kafeleriň, restoranlaryň ýapylmagy, harytlaryň bahasynyň yzygiderli we ilatyň ýagdaýyna garanda aşa gymmatlamagy, işleýän adamlaryň köpüsiniň aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmezligi bilen düşündirýär.

Azatlygyň Marydaky habarçylary biraz öň bazarlarda dilegçilik edýän mätäç adamlaryň sanynyň satyjylara garanda tas iki esse köpelendigini habar beren bolsalar, indi sebitde, gyşyň aýazyna garamazdan, zir-zibil dörýän çagaly aýallaryň köpelýändigini aýdýarlar.

Şu aralykda türkmen prezidenti iş maslahatyny geçirip, Ahalyň häkimine welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleri ünsden düşürilmeli däldigini ýatlatdy. TDH birnäçe ýokary resminiň gatnaşmagynda geçiren wideoşekilli maslahatda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine garalandygyny habar berýär.

"Soňky günlerde musur dökülýän ýerlerde ýerli ýaşaýjylaryň öňünden çykyp, getirilen zir-zibilleriň hapa çelegine atylman, özlerine berilmegini haýyş edýän aýallar köpeldi" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 13-nji ýanwar güni giçlik habar berdi.

Onuň sözlerine görä, zir-zibil çeleklerini garawullaýan aýallaryň ýanynda dürli ýaşdaky çagalary hem bar we olar sowuk howada, paketleriň içinde derege ýarajak zat bolsa saýlap almakda ejelerine kömekleşýärler.

"Musuryňyzy çelege dökmän, maňa beräýiň, içinde näme gerek zat bolsa saýlap alaýyn" diýip, naçar maşgalalar baran adamyň hapaly paketini elinden alyp galýarlar" diýip, habarçy olaryň kagyzlary, polietilen paketlerini, il arasynda 'baklaşka' diýilýän plastiki gaplary aýry-aýrylykda öz getiren gaplaryna salyp, tabşyrylýan ýerlerine tabşyryp, az-owlak gazanç etmäge çalyşýandyklaryny gürrüň berdi.

Türkmenistanda dowam edýän agyr ykdysady çökgünligiň fonunda zir-zibil çeleklerini dörýän, hatda hapa çelekleri üstündäki oňuşmazlykda ýaralanýan adamlar baradaky habarlar hem täzelik däl. Azatlyk geçen ýylyň fewralynda Aşgabatda hem zir-zibilleri dörýän adamlaryň görnetin köpelendigini habar berdi. Şonda habarçylar paýtagt ýaşaýjylarynyň çöregi we azygy hapa taşlanýan gapyrjaklaryň gapdalynda bir gaba salyp, aýratyn goýup başlandygyny hem gürrüň berdiler.

"Adamlar çüýşe, plastik gaplaryny, karton we, elbetde, çörek gözleýärler. Köpçülik indi azygy pakete salyp goýýar. Ony käbirler haýwanlar üçin, käbirleri hut özleri üçin alýarlar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda habar berdi.

Marydaky habarçymyzy häzir zir-zibil çeleklerini garawullap, maşgalasyna goldaw bermäge çalyşýan adamlaryň bu işdäki gazanç mümkinçilikleri bilen hem gyzyklandy.

"Kagyz önümleriniň 1 kilogramyny 60 teňňeden, polietilen paketleriň 1 kilogramyny 50 teňňeden, baklaşkalaryň 1 kilogramyny 3 manatdan tabşyrýarlar" diýip, habarçy zibilden tapan zatlaryny çagalary bilen aýratyn gaplara salyp oturan aýalyň sözlerine salgylanyp aýtdy.

Ejeleri bilen zibil dörýän we tapylan zatlary aýratyn gaplara salyşýan çagalaryň ýene bir kömegi bolsa, olaryň toplanan zatlary göterip, alyp gitmekde berýän ýardamlaryndan ybarat.

Ozallar zir-zibilleriň ýanynda eýesiz itler, pişikler kän görünýärdi, indi bu ýerde adamlar köpeldi, olar "musurly gaplaryň içine girip, derege ýarajak bolsa tapyp, saýlap alýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Ýerli synçylar adamlaryň beýle agyr ýagdaýa düşmeginiň sebäbini köp edara-kärhananyň, naharhanalaryň, kafeleriň, restoranlaryň ýapylmagy, harytlaryň bahasynyň yzygiderli we ilatyň ýagdaýyna garanda aşa gymmatlamagy, işleýän adamlaryň köpüsiniň aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmezligi bilen düşündirýär.

"Döwlet dükanlarynda halka elýeterli bahadan satylýan harytlar ýok, hususy dükanlardaky harytlar adamlaryň mümkinçiliginden has gymmat, çagasyna çörek gözleýän adam her hili çärä ýüz urýar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen synçy aýtdy.

Ýylda aýlyklaryň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň 10 göterim ýokarlandyrylýandygyny aýdýan hökümet dowam edýän işsizligiň derejesi, manadyň hümmetiniň gaçyşy we harytlaryň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanyşy, garyplyk derejesinden aşakda ýaşaýan adamlaryň ýyl-ýyldan köpelişi barada hiç bir maglumat çap etmeýär.

Kanun boýunça, Türkmenistanda adamlary durmuş taýdan goramak, işsizlere, goly ýuka maşgalalar kömek bermek nazarda tutulan, emma iş ýüzünde eýle mümkinçilik örän az diýip, ýaşaýjylar aýdýar.

Şu aralykda hökümet başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow käbir resmileriň, şol sanda Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň... gatnaşmagynda wideo arkaly iş maslahatyny geçirip, resmi maglumata görä, "ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine garady".

Emma TDH-nyň habarynda prezidentiň esasan Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna gabat gurulmaly desgalar, şol sanda 3 müň orunlyk “Ak öýüň” we 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň gurluşygy, şanly baýramyň medeni maksatnamasy bilen gyzyklanandygy görünýär.

Tankytçylar hökümetiň ykdysady manysy gümürtik desgalara milliardlarça dollar harçlamagy dowam etdirip, ilatyň durmuş ýagdaýyny doly diýen ýaly gözden düşürendigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG