Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kanunlar berkleşdirilýär, ýöne statistiki görkezijiler artýar. Gazagystanda çagalaryň zorlanmagyna garşy nähili göreş barýar?


Gazagystanda 2020-nji ýylda «Kämillik ýaşyna ýetmedigi» zorlamak boýunça 199 jenaýat işi hasaba alyndy. Olardan 128 hadysa kiçi ýaşly çagalara degişli. Bir hadysada bolsa çaga zorluk sebäpli öldi.

Gazagystanyň mejlisi “çagalara garşy jynsy jenaýatlar” üçin berilýän jezany has-da güýçlendirmek kararyna geldi. Bir ýyl mundan owal hem Gazagystan pedofillere berilýän jezany agyrlaşdyrypdy. Şeýle-de bolsa, çagalara garşy zorluk hadysalarynyň sany barha artýar. Olardan biri ýaňy-ýakynda Uralskda bolup geçdi: 13 ýaşly gyz öweý kakasy tarapyndan zorlandy.

«MEN KAKAMY ÝIGRENÝÄN»

13 ýaşly Karina henizem kakalygyna “kaka” diýip ýüzlenýändigini ejesi Saniýa (olaryň atlary etiki sebäplere görä üýtgedildi - Red.) gürrüň berýär. Saniýa adamsynyň dört ýaşyndan bäri ösdürip ýetişdiren gyzyny zorlandygyny, muny bolsa sentýabr aýynda bilendigini aýdýar.

— Ikimiziň çagamyz dünýä inenden soň, ol [adamsy] gaty üýtgedi: meni urup başlady, kiçijik gyzyna azar-ýamanyny berdi. Ol biziň hemmämizi şeýle bir gorkuzdy welin, goňşularyň eşitmezligi üçin, sesimizi çykarman agladyk – diýip, Saniýa ýatlaýar.

Azatlygyň söhbetdeşiniň sözüne görä, olaryň ikinji gyzy dünýä inenden soň, Saniýa üç çagaly aýal bolsa-da, adamsyndan aýrylyşmak üçin, birnäçe gezek synanyşypdyr. Emma her gezekde oňa: «Git, ýöne saňa çagalary bermerin, gyzlar meniň bilen galar, sen gidiber» diýlip haýbat atylypdyr. Saniýa bolsa gyzlaryny adamsynyň ýanynda goýup bilmejegi üçin, käte hatda ähli şertlere razy bolup, olara ýakyn ýerde ýaşamagyna rugsat berilmegini haýyş edipdir. Şeýdip, aradan birnäçe ýyl geçipdir.

Sentýabryň başynda, başga bir dawa-jenjelden soň, uly gyzy ejesine özüni öweý kakasynyň zorlandygyny aýdýar. Gyz sözlerini tassyklamak üçin, oňa diňlemäge audio ýazgy berýär.

— Özüni diňlemezliklerinden ýa-da özüne ynanmazlygyndan gorkup, ýene şeýle zorlugyň bolmagyndan howatyr edip, telefon arkaly ýazgy edipdir. Soň bolsa gyzym bu ýazgy bilen meniň ýanyma geldi – diýip, Saniýa aýdýar.

Saniýanyň aýdanyny aklawçy Sagyngali Eleuow hem tassyklady. Aklawçy "aýan etmezlik" barada derňew bölümine beren dilhaty sebäpli işiň beýleki jikme-jikliklerini aýtmakdan saklandy.

Saniýa hem onuň gyzy polisiýa bölümine ýüz tutupdyrlar. Gyz zerur bolan ähli barlagdan geçipdir. Iki minutlyk söhbetdeşligiň ýazgysy subutnama hökmünde gowşurylypdyr. Şeýle-de bolsa, Saniýa derňewiň bir taraply boljakdygyndan gorkýar, aýratyn-da medisina barlagyndan.

— Synagyň netijeleri bilen haýsydyr bir bulaşyklygymyz bar. Ilki bilen ýüz tutan lukmanymyz düzgün bozmalaryň bardygyny tassyklady, ýöne jenaýat işi üçin başga bir barlagdan geçmeli boldy. Şonda lukman zaýalanan ýa-da şikesleriň ýokdugyny aýtdy. Indi gyz bilen psiholog işleşýär. Bilermeniň pikiriçe, çagada "trawmadan soňky näsazlyk" alamatlary bar. Muny çaganyň psihologiki gözden geçirmesi tassyklady. Psiholog bilen işlänsoň, Karina dymma boldy, onda agressiwlik bar. Gapyny üstünden ýapyp: "Men kakamy ýigrenýärin!" diýip gygyrdy. Ol şu işlerden soňam oňa “kaka” diýýär – diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Polisiýa bölüminden Azatlyk Radiosyna Saniýanyň adamsyna garşy jenaýat işiniň açylandygyny tassykladylar. Saniýanyň adamsy deslapky tussaghanada saklanýar. Ol "Kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy zorlamak" 120-nji maddasynyň 4-nji bölümi boýunça jenaýatda güman edilýär.

Gazagystanda pedofilleriň ýok edilmegini talap edýän aksiýa çäresi. Nur-Sultan, 2020-nji ýylyň 3-nji awgusty.
Gazagystanda pedofilleriň ýok edilmegini talap edýän aksiýa çäresi. Nur-Sultan, 2020-nji ýylyň 3-nji awgusty.

DÜZEDIŞLER HEM KANUNYŇ BERKIDILMEGI

Gazagystanyň Mejlisiniň deputatlary 2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda pedofiller üçin jeza çärelerini berkitmek baradaky kanun taslamasyny tassykladylar. Düzedişlere görä, «çagalara garşy jynsy eldegrilmezlik baradaky» maddalar esasynda iş kesilip, azatlykdan mahrum edilenler berk düzgünli koloniýalarda jeza möhletini geçirerler. Şeýle hem beýle tussaglar üçin şertli ýagdaýda wagtyndan öň türmeden boşatmak we günä geçiş hukugy bolmaz.

Çagalary goramak baradaky kanunlara düzedişler mundan öň 2019-njy ýylyň dekabrynda girizilipdi, ol 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Şol kanuna görä, çaga garşy zorluk agyr jenaýat hasaplanýar we 14 ýaşa ýetmedik çagalara garşy zorluk azyndan 20 ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyny öz içine alýar. Şeýle hem pedofil faktyny habar bermedikler ýa-da ýaşyranlar jogapkärçilige çekilmeli, munuň üçin alty ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.

Bilermenler kanunlaryň berkidilmegine hem-de düzedişleriň yzygiderli bolmagyna garamazdan, çagalaryň jynsy eldegrilmezligine garşy jenaýat işlerine töwerekleýin çemeleşmegiň gerekdigini öňe sürýärler.

– Jemgyýetdäki zorlugy azaltmak boýunça milli hereket meýilnamasyna laýyklykda, çagalara garşy jynsy hukuk bozulmalaryna giňişleýin çemeleşmeli. Bu meýilnama diňe bir kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy jynsy häsiýetli jenaýatlar üçin jeza bermek, şeýle hem maşgaladaky zorluga garşy kanun kabul etmek ýa-da kanunlary has-da berkitmek bilen çäklenmän, eýsem dürli çäreleri öz içine almalydyr – diýip, çagalaryň howpsuzlygy baradaky «Perişde» guramasynyň ýolbaşçysy, Çagalara garşy zorlugyň we olara biperwaýlygyň öňüni almak boýunça halkara jemgyýetçiliginiň agzasy (Ispcan) Zarina Jumagulowa aýdýar.

Şol sanda, ol çagalara jenaýatçylardan goranmagyň möhüm endiklerini öwretmegiň zerurdygyny aýtdy. Jumagulowanyň pikiriçe, beýle endikler çagadyky ejizligi azaldýar. Z. Jumagulowa şeýle programmanyň bardygyny, munuň praktiki sapaklar bolup, şahsy ‘serhedi’ goramak, adaty durmuşdaky, şeýle hem internetdäki howplary bilmek, gorkuzmalara garşy göreşmek, deň-duşlary ýa-da ulular tarapyndan hüjüm edilen halatynda, aýgytly we täsirli hereket etmek ukybyny öz içine alýar. Maksatnama Bilim we ylym ministrligine teklip edilipdir.

Maksatnama iş ýüzünde netije görkezen bolsa-da, aýry-aýry çäreleriň fonunda milli meýilnamanyň ýokdugy, çagalara garşy edilýän jenaýatlaryň sanyna we Gazagystandaky zorluga çydamlylygyň ýokary derejesi bilen baglanyşykly umumy ýagdaýa täsir etjek üýtgeşmeleri üpjün etmeýändigini Zarina Jumagulowa öňe sürýär.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, jenaýatçylaryň aglaba köpüsi kazyýetde özüne duýgudaşlyk gazanjakdygyna garamazdan, çagalykda özüne garşy jynsy zorlugyň bolandygyny ret edýärler.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, jenaýatçylaryň aglaba köpüsi kazyýetde özüne duýgudaşlyk gazanjakdygyna garamazdan, çagalykda özüne garşy jynsy zorlugyň bolandygyny ret edýärler.

STATISTIKI SAN ARTÝAR, POLISIÝA HOSSARLARY GÜNÄKÄRLEÝÄR

Polisiýa gullugy Azatlyk Radiosynyň sowalyna: "Içeri işler edaralarynyň esasy wezipesi kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklaryny we azatlyklaryny, şol sanda çagalary jenaýatçylykly hüjümlerden goramakdan ybarat" diýdi. Şonuň bilen birlikde, "ene-ata tarapyndan gözegçiliginiň bolmazlygy kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy jenaýat işine mümkinçilik döredýär" diýip belledi.

2020-nji ýylyň 11 aýy üçin hukuk statistikasy we Baş prokuratura tarapyndan berlen resmi maglumata görä, kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy ýüze çykan 71 sany zorlama hadysasy hossarlar, çaga seredýänler ýa-da pedagoglar tarapyndan edilipdir. Statistika komitetiniň habaryna görä, Gazagystanda 2020-nji ýylda «Kämillik ýaşyna ýetmedigi zorlamak» maddasy boýunça 199 iş hasaba alnypdyr. Olardan 128 iş kiçi ýaşly çaga bilen baglanyşykly. Bir hadysada çaga ýeten zorlukdan ölüpdir.

Gazagystanyň Jenaýat kodeksinde 120-nji maddadan(«Zorlamak») başga-da, «Jynsy häsiýetli zorlukly hereketler» (121-nji madda), «On alty ýaşa ýetmedik bilen jynsy gatnaşyk ýa-da beýleki jynsy gatnaşyklary» (122-nji madda), «Kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy azgynçylyk» (124-nji madda) ýaly bölümler bolsa-da, 2020-nji ýylyň dowamynda çagalaryň jynsy taýdan eldegrilmesizligine garşy jenaýatlarynyň sany umumylykda artypdyr.

— Geçirilen derňewleriň netijelerine görä, kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy jenaýat köplenç ene-atalaryň çagalaryna gözegçiliginiň bolmazlygyndan, kämillik ýaşyna ýetmediklere öý-içerde, öýüň töwerek-daşynda, köçede, goňşularyna, tanyşlara, ýoldaşlaryna aşa ynanmagy ýaly meselelerde gözegçiligiň bolmazlygy sebäpli ýüze çykýar – diýip, Içeri işler ministrliginiň Içerki we daşarky aragatnaşyk bölüminiň ýerine ýetiriji müdiri Albina Mahambetowa aýdýar.

Jenaýatyň ýüze çykmagynda beýleki bir faktoryň oňşuksyz maşgala şertidigini polisiýa öňe sürýär.

«Sosial-durmuş häsiýetindäki oňşuksyzlyk dowam edýän maşgalanyň içerki meselelerine goşulyşmaga polisiýanyň ygtyýary ýok» diýip, Mahambetowa belleýär.

«BU KLASSYKA»

Gorkuzylan hem basyş görkezilen pidakär – munuň özi «klassyka» diýip, «НеМолчи» - "Ümsüm bolma" fonduny esaslandyryjy Dina Smailowa aýdýar. Ýokarda ýatlanan Saniýa polisiýa derňewi işlerine başlanynda, oňa ýüz tutupdy.

— Bu zorlukly ýagdaý klassyka, ýagny jyns gatnaşyklarynyň nusgawy görnüşi: ene süteme duçar bolanda, çaga howpuň nähili güýçlüdigine, oňa garşy durup bolmajakdygyna gowy düşünýär. Şonuň üçin şeýle çaganyň psihikasyny basmak gaty aňsat. Zorlaýanlar hut şu manipulýasiýalary ulanýarlar – diýip, Dina Smailowa düşündirýär.

“Biziň tejribämizde maşgalada ýüze çykan jenaýatyň ählisi ýa enä, ýa-da çaga garşy zorluk bilen bagly” diýip, jemgyýetçilik fondunyň ýolbaşçysy aýdýar.

Gazagystanyň kanunçylygynda çaganyň hukuklary ene-atalar ýa-da kanun wekilleri tarapyndan goralýar diýlip ýazylypdyr. «Hut şolar hem zorlugy amala aşyrýarlar» diýip, beýleki bir jemgyýetçilik hukuklaryny goraýjy fonduň direktory Almat Muhamedžanow belleýär.

— Görnüşi ýaly, çaganyň dadyny hiç kim eşitmeýär, hatda kömek sorasa-da, oňa zorlugy subut etmek kyn. Mysal üçin ony gorajak howandarlyk edaralary gelip, ene-atalardan zorlugyň bolandygy barada sorasa, ene-atalar muny ret edýärler. Kanunlar berkidilýär – bu eýýäm gowy, mundan başga-da, hukuk goraýjy tejribäni berkitmeli – diýip, ynsan hukuklaryny goraýjy aýdýar.

— Bize çagalar bilen işleşip biljek bilermenler – psihologlar, sülçüler gerek. Olar çaga bilen bir dilde gürleşmegi başarmaly, muny asuda hem arkaýynçylyk şertlerde amala aşyrmaly. Biziň ýurdumyzda jebir çeken bilen sorag-jogap köpçüligiň gözüniň alnynda geçirilýär, şeýle sorag berilýär, çaga näme diýjegini bilmän özüni ýitirýär, bu oňa gaty agyr düşýär – diýip, Almat Muhamedžanow aýdýar.

Pedofiliň nireden döreýändigi barada halkara bilermenler häzire çenli belli jogap tapanoklar. Ýöne soňraky barlaglar ozal pikir edişleri ýaly, çagalara garşy jenaýat eden adamlaryň çagalykda kemsidilenler däldigini görkezdi.

— Çaga pidalaryna geljekde beýnä täsir ediji ýaramaz serişdeleri ulanmak, depressiýa, dowamly trawmatiki täsirlere uçramak ýa-da jenaýatçylykly herekete baş goşmak ýaly howplar abanýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, jenaýatçylaryň aglaba köpüsi kazyýetde özüne duýgudaşlyk gazanjakdygyna garamazdan, çagalykda özüne garşy jynsy zorlugyň bolandygyny ret edýärler. Kanadanyň Toronto şäherindäki Jynsy gatnaşyklar merkeziniň müdiri, doktor Jeýms Kantor 2019-njy ýylyň güýzünde The New York Times’iň saýtynda çap eden barlagynda; "Bulam-bujarlykda geçen çagalyk soňlugy bilen her dürli bulaşyklyk ähtimallygyny ýokarlandyrýar" diýip ýazdy.

Alymlar pedofiliň owaly bilen biologiki näsazlykdygyny öňe sürýärler. Jon Hopkins seks hem jynsy meseleler klinikasynyň direktory doktor Fred Berlin: "Hiç kim pedofile öwrülmegi arzuw etmeýär" diýdi.

Material Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG