Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda düşewüntsiz daýhan birleşikleri ýapmak, olaryň ýerlerini daýhan hojalyklara geçirmek boýunça iş barýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Lebapda häkimiýetler birnäçe düşewüntsiz daýhan birleşigi ýapmak hem-de olaryň binýadynda daýhan hojalyklary döretmek boýunça iş alyp barýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy ýanwarda Lebapdan habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, şu günler Darganata, Dänew hem-de Farap etraplarynda resmiler daýhan birleşikleriň binýadynda iri daýhan hojalyklaryny döretmek işlerini ýabaňlandyrýarlar: käbir kärendeçi daýhanlaryň eýeçiligindäki gowaça we bugdaý meýdanlaryny alyp, olary telekeçilere berýärler.

“Daýhan birleşiklerini ýapmak işleri başlandy” diýip, habarçy bilen söhbetdeş bolan bir lebaply oba hojalyk hünärmeni gürrüň berdi.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, şu günler Darganatanyň "Hojalyk", "Sakararyk", "Başsakaoba" daýhan birleşikleriniň ygtyýaryndaky ýerleri daýhan hojalyklara bermegiň üstünde iş barýar.

Dänew etrabynyň "Hojakenepsi", "Üçkersen", "Göýnük" hem-de "Watan" daýhan birleşikleri hem häzirki wagtda kärendeçiler bilen şertnama baglaşmakdan saklanýar. Ýerleri hususy daýhan hojalyklara bermek göz öňünde tutulýar.

Habarçynyň öwrenen maglumatlaryna görä, kärendeçileriň ýerlerini daýhan hojalyklara geçirmek işleri esasan soňky ýyllarda döwlet plan borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedik daýhan birleşiklere degişlidir.

“Diňe döwlet plan borçnamasyny ýerine ýetiren obalary döwlet hasabynda saklap galmak göz öňünde tutulýar” diýip, lebaply oba hojalyk hünärmeni aýtdy.

Beýleki tarapdan, daýhan birleşikleriň kärende ýerlerine isleg bildiriýän hususy telekeçi köp däl.

“Geçen ýyllarda-da Lebapda daýhan hojalyklar üçin ýer bölünip berildi” diýip, hünärmen aýtdy, ýöne onuň sözlerine görä ýer alan hususy daýhan hojalyklar ýeriň hözirini görüp bilmedi. “Olaryň köpüsi uly zyýana galyp, ýerlerini yzyna tabşyrdylar” diýip, oba hojalyk hünärmeni gürrüň berdi. “Şonuň üçin, ýer aljak daýhan telekeçi tas ýok diýen ýaly” diýip, ol sözüne goşdy.

Habarçy Dänew etrabynda 100 gektar ýeri yzyna tabşyran bir daýhan hojalygyň eýesi bilen gürrüňdeş boldy. Ol geçen ýylyň hasylyndan 2 million manat töweregi zyýan çekipdir.

Şol bir wagtyň özünde, telekeçiler kärende ýerlerinde ýetişdiren önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhynyň juda pesdigini aýdýarlar.

“Bu daýhan hojalygyň diňe tohum üçin eden çykdajysyny hem ödemeýär” diýip, beýleki bir telekeçi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Daýhanyň erkin bazara çykmak hukugy ýok” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

2018-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda täze oba hojalyk reformalary kabul edildi. Ýöne synçylar bu özgertmeleriň şu wagta çenli beren netijesine şübheli çemeleşýärler.

Üç ýyl töweregi mundan ozal, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň oba hojalyk pudagynda täze reformalary teklip etdi. Ol şonda başga-da birnäçe teklip bilen bir hatarda “düşewüntsiz” daýhan birleşikleriň ýerlerini ellerinden alyp, olary has girdejili işlejek önüm öndürijilere 99 ýyl möhlete bermek boýunça teklip hödürläpdi.

Azatlyk Radiosy mundan ozal geçen ýylyň ýanwarynda daýhan birleşikleriň hasabyndaky ýerleriň daýhan hojalyklara geçirilýändigi barada habar beripdi.

Döwlet media serişdeleri soňky ýyllarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan hususy telekeçileriň ýurduň obasenagat toplumynda aktiw iş alyp barýandygyny habar berýärler.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan oba hojalyk hünärmenleri we kärendeçi daýhanlar hususy telekeçileriň ýerden girdeji gazanyp bilmeýändiklerini, olaryň zyýana galýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanda soňky gezek 2013-njy ýylda “Daýhan hojalygy hakynda” kanun kabul edildi. Kesgitlemä görä, “daýhan hojalygy - oba hojalyk önümçiligini bilelikde alyp barmak üçin bir ýa-da birnäçe maşgalanyň agzalary tarapyndan döredilýän oba hojalyk kärhanasydyr”.

Daýhan hojalygyny döreden är-aýallar, olaryň çagalary, ene-atalary we beýleki ýakyn dogan-garyndaşlary onuň agzalary bolup bilýär.

Daýhan hojalyklary zähmet şertnamasy esasynda iş orunlaryny hödürleýär. Olarda zähmet şertnamasy esasynda işleýän adamlar daýhan hojalyklaryň agzalygyna kabul edilmeýär. Daýhan hojalyklaryň girdejileri olaryň öz eýeçiligine degişli bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG