Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bazarlardaky nyrhlar türkmen metbugatyny ýalançy edýär


Türkmen bazary. Arhiw suraty
Türkmen bazary. Arhiw suraty

Türkmen hökümeti her ýyl aýlyklary 10% ýokarlandyrýandygyny aýdýar, ýöne harytlaryň näçe göterim gymmatlaýandygyny agzamaýar. Soňky maglumatlara görä, manadyň dollaryň garşysyndaky ýagdaýy pandemiýa aladalary bilen birleşip, ýerli önüm öndürijileri we sarp edijileri barha kän aldym-berdime salýar.

Türkmen hökümeti pandemiýadan has öň manadyň erkin konwertasiýasyna, walýuta alyş-çalşygyna berk çäklendirme girizip, daşary ýurtlardan getirilýän önümleri azaltmak, ýerli önümleri köpeltmek we eksporty artdyrmak kararyna geldi.

Eger resmi metbugatda berilýän maglumatlar dogry bolsa, bu ugurda eýýäm uly işler edildi we azyk howpsuzlygy döredilip, daşary ýurtlara eksport edilýän harytlaryň möçberi köpeldildi. Emma resmi habarlary ýalana çykarýan maglumatlar hem az däl.

Azatlyk bu ýagdaýa ýerli habarçylaryň we synçylaryň gözi bilen seredip, bazarlarda ýerli önümleriň dogrudanam köpelýändigini, ýöne munuň bolçulygyň netijesi däldigini anyklady.

Elbetde, telekeçilerde ýeterlik dollar bolmasa, serhetler aýlap ýapyk bolsa, daşary ýurtlardan gelýän harytlaryň azaljagy öz-özünden hem düşnükli.

Ýöne ýurduň dürli ugurlary boýunça anyk statistiki maglumatlar elýeterli bolmansoň, bu meselede anyk bir zat aýtmak kyn. Ikinji tarapdan, bazarlarda daşary ýurt önümi hökmünde satylýan harytlaryň hem bir toparynyň ýerli önüm bolup çykýandygy habar berilýär.

"Türkmenistanda, ýurduň egirme-dokma fabriklerinde öndürilen matalardan tikilen egin-eşikleriň bir topary daşary ýurtlaryň belli tikinçileriniň ýarlyklary bilen satylýar" diýip, bu meseläni ýakyndan öwrenen habarçy adamlaryň ýagdaýdan çykalga tapmak üçin her hili emele ýüz urýandygyny belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, öýlerde gizlinlikde palto, jemper, jinsi, köýnek tikip, olara belli daşary ýurt brendleriniň etiketkalaryny çatmak we Türkiýeden geldi diýip satmak tasdan kadaly zada öwrüldi.

Elbetde, ýerli harytlara garanda daşary ýurtdan gelendigi aýdylýan harytlaryň hyrydary köp bolýar we bu ýagdaý satyjynyň elini güýçlendirýär.

Ýöne, ýerli önümleriň hem öndürilýändigine garamazdan, bazarlardaky elektron enjamlar esasan Hytaýdan, "kargo", ýagny ýük daşaýanlara sargalyp getirilýär we gymmat bahalardan satylýar.

Aýakgaplaryň hem köpüsi Hytaýdan getirilýär we olaryň hem bahalary, beýleki harytlaryňky ýaly, ilat köpçüligi üçin ýokary bolup görünýär, iň arzan köwüşler hem 200 manatdan ýokarda bahalanýar diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda köwüş, aýakgap tikmek üçin çig malyň ýeterlikdigine garamazdan, bu mesele 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri köp adam, hususan-da eli ýuka maşgalalar üçin uly problema aýlandy we, kähalatlarda köne, taşlanan köwüşler hem gowy tapynda ýa sowgada öwrüldi diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Habarçy ýurtda öndürilýän gök, bakja önümleriniň, şol sanda bürünç, greçka, manka (semolina) ýaly ýerli harytlaryň hem halk üçin gymmatdygyny aýdýar. Mysal üçin, greçkanyň 1 kilosy 40 manatdan satylýar.

Dükanlarda duran azyk önümleriniň aglabasy ýerli haryt, ikinji ýerde Türkiýeden gelen harytlar durýar, ýöne olar has gymmat görülýär; daşary ýurt harytlary esasan ady belli marketlerde satylýar diýip, habarçy gymmatçylygyň oba ýaşaýjylary bilen şäherlileriň arasyny haç açandygyny belledi.

"Obalarda esasan diňe Türkmenistanda öndürilen harytlar bar. Daşary ýurtlardan getirilen harytlaryň nyrhlary ýokary bolansoň, oba halkynyň olara gurby çatmaýar" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen metbugatynyň bolçulyk baradaky tekrarlamalary ozaly bar bolan harytlaryň bahalarynyň arzanlaman, yzygiderli ýokarlanmagy netijesinde ýalana çykýar. Azatlyk bilen gürleşen ýerli söwdagäriň tassyklamagyna görä, dürli görnüşdäki harytlaryň bahalary olaryň geçen ýyldaky nyrhlaryndan takmynan 45% ýokarlandy.

"Daşary ýurtdan getirilýän harytlar her gezek öňküsinden gymmatlap gelýär, munuň sebäbini dollaryň nyrhynyň ýokarlanmagyndan gözlemeli" diýip, ýerli täjir aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG