Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara bazarda dollaryň bahasy yranýar. Migrant işçileriň ýurda iberýän pullary walýutanyň bahasyna täsir edýär


Illýustrasiýa suraty

Lebapda walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasy geçen anna güni 30 manada çykdy, häzir ol 28-30 manat aralygynda üýtgeýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli çeşmelere salgylanyp, soňky wagtlarda Türkiýede işleýän işçi migrantlaryň Türkmenistana ugradýan pul serişdeleriniň möçberiniň azalmagynyň gara bazarda dollaryň bahasyna täsir edýändigini habar berýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, geçen anna güni, 8-nji ýanwarda Lebapda bir dollar 30 manatdan satyn alyndy; 9-njy ýanwarda MHM edaralarynyň gatyşmagy bilen, dollaryň bahasy 28 manada düşdi.

“Şu gün (11-nji ýanwarda) dollaryň bahasy Lebapda 28-30 manat aralygynda çaýkanýar” diýip, bir lebaply Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenabatda walýuta söwdasy bilen meşgullanýan birnäçe ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde gara bazarda dollaryň bahasynyň 40 manada çenli ýokarlanmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolan ýerli çeşmeler gara bazarda dollaryň bahasynyň birden ýokarlanmagyna ýurtda ätiýaç walýuta gorlarynyň peselmeginiň, Türkiýede işleýän türkmenistanlylaryň ýurda ugradýan pul serişdeleriniň möçberiniň juda pese gaçmagynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

“Türkmenistanly migrantlaryň Türkiýeden ugradýan pullary pandemiýa sebäpli ep-esli kemelipdir” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň Lebapdan öwrenen sanlaryna görä, Türkiýedäki türkmen migrantlary 2019-njy ýylda her aý 1,5 million dollar töweregi maliýe serişdesini Türkmenistana ugradypdyrlar, ýöne bu san häzirki wagtda bir aýda 125 müň dollara çenli pese gaçypdyr.

“Bu sanlar Türkiýede işsiz galan türkmenleriň köpelmeginden habar berýär” diýip, anonim çeşme Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlygyň maliýe pudagyna ýakyn bir çeşmesi Türkmenistanyň Merkezi bankynda ätiýaç walýuta gorlarynyň egsilendigini aýdýar.

“Dollaryň bahasy diňe daşary döwletlerdäki raýatlarymyza bagly” diýip, çeşme aýtdy.

Beýleki tarapdan, döwlet media serişdeleri dekabryň ahyrlarynda soňky 11 aýyň dowamynda Türkmenistanyň daşary ýurtlara eksport eden nebit-gaz serişdeleriniň ýurduň gaznasyna 4 milliard dollardan gowrak girdeji getirendigini habar berdi.

“Nebit-gaz” elektron neşiriniň habaryna görä, Türkmenistan tebigy gazyň we nebithimiýa önümleriniň eksportyndan soňky 11 aýda 4 milliard 130 million dollar möçberinde girdeji gazandy.

“Nebit-gazdan gelýän girdejiler nirä gidýär? Bu, hemişe bolşy ýaly, halka ýapyk mesele” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

Gara bazarda dollaryň bahasy Türkiýedäki migrant işçileriň ýurda iberýän pul serişdeleriniň möçberine garaşly galýan wagty, türkmen hökümeti daşary ýurtlardaky türkmen migrantlarynyň sany barada maglumat bermeýär.

Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň statistikalaryna görä, diňe 2020-nji ýylyň özünde 87 müň töweregi türkmenistanly Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alypdyr.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen hökümeti daşary ýurtlardaky türkmenistanly migrantlaryň ýurda iberýän pul serişdeleriniň möçberi barada-da resmi sanlary äşgär etmeýär.

Türkmenistanda walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasy 2020-nji ýylyň soňky çärýeginde oýnap başlady.

Noýabryň ortalarynda ilkibada 23 manat töwereklerinde bahalanan dollar 23-nji noýabrda 25 manat 50-60 teňňä, dekabryň başlarynda, ilki 27 manat 40 teňňä, soňra 28 manat 60 teňňä çenli ýokarlandy. 9-njy dekabrda 29 manada çenli ýokarlanan dollar soňra birden 25 manat 80 teňňä çenli aşaklap başlady. Ýöne durnukly baha saklanyp galmady. Soňky maglumatlara görä, häzir ol ýene 30 manada çenli gymmatlady.

Türkmenistanyň Merkezi banky bir dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG