Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan öz ilatyna waksinasiýa etmäge taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda waksinasiýa üçin uly göwrümli taýýarlyklar başlandy. Sanjym üçin maddy-tehniki taýýarlyk bilen bir hatarda waksinasiýa ediljek raýatlaryň topary düzülýär. Birinji nobatda waksina ediljekleriň arasynda 60 ýaşdan uly raýatlar bar.

Ilaty sanjym üçin taýýarlamagyň bir bölegi hökmünde 60 ýaşdan uly adamlaryň arasynda analizleri etmek işi geçirilip başlandy. Gan barlagynyň üsti bilen antitela ýagny organizmiň kabul etmeýäniniň bar ýa-da ýokdugyny anyklamak işi geçirilýär.

Azatlygyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmelerine görä, ganynda antitela tapylmadyklara waksina ediler, tapylan ýagdaýynda edilmez. Emma çeşmeler, koronawirusyň ýokdugyny resmi taýdan yglan edýän ýurduň ilatynda bu keseliň başdan geçirilendigini görkezýän antitela jisiminiň nädip tapylyp bilinjekdigini düşündirip bilmediler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri sanjymlara görülýän taýýarlyklar barada resmi düşündiriş bermediler. Global koronawirus pandemiýasynyň başyndan bäri türkmen häkimiýetleri bu keseliň ýurtda bolup bilmegini inkär edýärler.

Muňa garamazdan, dekabr aýynda Türkmenistan Orsýetiň Sputnik V sanjymyny satyn almak planlaryny yglan etdi. 18-nji ýanwarda bu ýurt Merkezi Aziýada ilkinji bolup rus sanjymyny hasaba aldy.

Azatlygyň habarçylarynyň habar bermegine görä, häzir waksinasiýa üçin 60+ kategoriýadan we töwekgelçilik toparlaryndan bolan adamlar barlagdan geçirilýär, soňra waksinasiýa galanlara ediler. Ilata sanjym ediljegi barada, telefon ýa-da öýlerine baryp, habar beriljekdigi aýdyldy we garaşmak maslahat berildi.

Häzirki wagtda poliklinikalar sowadyjylar bilen üpjün edilýär. Waksinalaryň ilkinji topary eýýäm geldi, indikisine aýyň ahyrynda garaşylýar.

"Birinji bölegi getirilende bolşy ýaly, waksina üçin ýörite ýük uçary iberiler" - diýip çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, "Pfizer-BioNTech" sanjymy hem ýurda getirilipdir, ýöne onuň hasaba alnyp-alynmandygy hakynda hiç zat belli däl.

"Ony satyn almak fiziki taýdan mümkin däl diýýärler - nobat gaty uly we ýeterlik däl, onuň hasaba goýmak we ulanyşa bermek üçin rugsat almak maksady bilen getirilen bolmagy mümkin, ýöne bu karar şu wagta çenli yza süýşürilýär" diýip, çeşme belleýär.

Türkmenistanda soňky ýarym ýylyň dowamynda keselçilik güýçli ýaýrady. Keselhanalar COVID-19 alamatlary bolan näsaglaryň görlüp-eşidilmedik sanyna döz gelip bilmeýär. Ölüm köpeldi, pata çäreleri ýygy-ýygydan geçirilýär, gonamçylyklarda gyssagly mazar gazylýar we guburlar köpelýär.

Häkimiýetleriň koronawirusyň bardygyny inkär etmegini dowam etdirýän wagtynda, ýurtda ýogalýan adamlar barada jikme-jik maglumatlar gowuşýar.

26-njy ýanwarda Azatlygyň habarçysy Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň bir ýaşuly ýaşaýjysynyň ölümi barada jikme-jik maglumat berdi.

Merhumyň garyndaşlarynyň sözlerine görä, maşgala başy geçen hepdäniň başynda ýokary gyzgyny galyp, ys almak ukybyny ýitirensoň Baýramalynyň etrap hassahanasyna alnyp barylypdyr, anna güni ol ýokanç keseller keselhanasyna äkidilip, şol ýerde aradan çykypdyr. Maşgalasy onuň ölümi barada jübi telefonyna jogap beren lukmandan bilip galypdyr.

"Geçen anna gününden bäri onuň telefony kesilipdi. Men hassahana bardym, ýöne olar meni içine salmadylar. Garawullara 50 manat berip, getiren naharlarymy kakama eltip bermegi soradym. Ol tizara gaýdyp geldi we bukjanyň oňa ýetiriljekdigini aýtdy. Duşenbe güni kakamyň telefony birden işläp başlady. Emma jaňa özüni lukman hökmünde tanadan adam jogap berdi we kakamyň ölendigini aýtdy. Ol bize onuň jesediniň sagat 14:00-de getiriljekdigini aýtdy we gyssagly mazar taýýarlamalydygyny aýtdy. Tizara ony getirdiler. Jeset polietilene dolanyp getirildi we açmaga rugsat berilmedi, derrew jaýlamak talap edildi"- diýip merhumyň ogly Azatlyga gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu maşgalanyň gizlinlik şertlerini we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen olaryň atlaryny we ýaşaýan ýerini agzamakdan saklanýar.

Türkmenistanda ilata koronawirusa garşy waksinasiýa etmek üçin ýanwar aýynyň başyndan bäri sanawlary düzmek işi alnyp barylýar. Saglygy goraýyş işgärlerine sanjymlaryň fewral aýynyň başynda başlajakdygy habar berildi. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, ýokary töwekgelçilikli topara ýagny waksinalar ilkinji ediljek adamlaryň sanawyna saglyk işgärleri we mugallymlar hem girýär. Sanawlar üçin maglumatlary ýygnamak we hasaba almak işi ýerli maşgala lukmanlaryna tabşyryldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG