Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebaply býujet işgärleri we okuwçylar buýan köküniň şiresini ýanyna alyp ýörmeli edildi


2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow koronwirusa garşy göreşde buýan köküniň peýdalaryny üns bilen öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet edaralarynyň işgärleri we okuw jaýlarynyň okuwçylary indi öz ýanynda buýan köküniň şiresini götermeli bolarlar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, şu günler bu talap bilen hususan-da, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary ýüzbe-ýüz bolupdyr. Koronawirusa garşy göreşmek üçin ösümlikleri ulanmak inisiatiwasy ýurtda COVID-19-yň ýokdugyny aýdýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli.

Lebap welaýatynyň resmileri, býujet işgärleri we okuwçylar buýan köküniň şiresini öz ýanynda göterýän derman gapyrjagyna girizmeli edilipdir. Bu barada 11-nji ýanwarda habar beren habarçylarymyz täze talabyň hökmanydygyny aýdýarlar.

Hususan-da, Farap etrabynda ýerli býujet guramalarynyň işgärlerine talabyň ýerine ýetirilmedik halatynda olaryň işe goýberilmejegi barada duýduryş berlipdir.

Mekdep okuwçylary üçin hem şuňa meňzeş talap göz öňünde tutulýar. 18-nji ýanwarda gyşky dynç alyş gutarandan we okuwyň täzeden başlanmagyndan soň, her bir okuwçynyň ýanynda bolmaly derman gapyrjagynda buýan köküniň şiresinden başga-da, antiseptik, 5 lukmançylyk maskasy, oksolin mazy we rezin ellikler bolmaly. Bu talaplaryň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda mugallymlara käýinç, ene-atalara jerime salynar.

Täze talap, döwlet baştutanynyň buýan köküniň COVID-19-a garşy peýdalaryny öwrenmek barada ýaňy-ýakynda eden buýrugynyň yzýanyna gabat geldi. 25-nji dekabrda Türkmenistanyň prezidenti hökümet maslahatynda buýan köküniň koronawirusa garşy göreşde täsirli derman bolup biljekdigini aýtdy. Gurbanguly Berdimuhammedow az mukdarda kök ekstraktynyň koronawirusy ýok etmäge kömek berýändigini aýtdy.

Mundan öň, prezidentiň teklibi esasynda ýurduň mekdeplerinde we döwlet edaralarynda üzärlik giň derejede we yzygiderli tütedildi.

Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, derman gapyrjagyndaky zerur serişdeleriň sanawyna buýan köküniň şiresiniň hem goşulmagy goşmaça çykdajylary talap edýär. Welaýatdaky dermanhanalarda şeýle siropyň bahasy 30-40 manat aralygynda.

Çuňlaşýan ykdysady krizisiň çäginde ýurt ilatynyň maddy ýagdaýy günsaýyn ýaramazlaşýar. Häzir gyşyň sowuk howasynda köp çagada ýyly eşik we aýakgap ýok. Şeýle-de, oba ýerlerinde köp çagalar birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýän mekdeplere gatnap okamaly bolýarlar.

Ýurtda koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän Türkmenistanyň häkimiýetleri çäklendirmeleri yzygiderli güýçlendirýärler we ilata yzly-yzyna täze talaplary girizýärler.

Şu okuw ýylynyň başynda ýurduň mekdep okuwçylarynda maska, ýod, rezin ellikler, antiseptik we oksolin mazy ýaly serişdeleriden ybarat aýratyn derman gapyrjagynyň bolmagy talap edildi. Bu gapyrjak okuwçylaryň mekdep formasynyň üstünden sag tarapda götermeli ýörite halta salynmaly.

Azatlygyň habarçysynyň 11-nji ýanwarda aýtmagyna görä, Lebapdaky orta mekdeplerinde okuwçylardan talap edilýän derman gapyrjagynyň bahasy 300 manat töweregine ýetipdir.

Mundan başga-da, koronawirus pandemiýasy döräli bäri, mekdep okuwçylary we býujet işgärleri dezinfeksiýa serişdeleri we otaglary üzärlik bilen tütetmek üçin pul tabşyrmaga borçly edildi.

Prezident Berdimuhamedowyň pikiriçe, üzärlik, sazak we burçly unaş ýaly zatlar koronawirus ýaly ýokanç kesellere garşy göreşmäge kömek berip bilýär.

Türkmenistan COVID-19 hadysalarynyň ýurtda düýpden ýokdugyny öňe sürmek bilen birlikde, özüni bu kesel bar ýaly alyp barýar. Koronawirusyň alamatlary bilen ýüze çykan keselçiligiň güýçli ýaýbaňlanýan we ölüm derejesiniň ýokarlanýan döwründe ilatdan maskalaryň giňden dakylmagy, distansiýa saklanmagy talap edilýär we hereket çäklendirmeleri girizilýär, döwlet işgärleri öz hasabyna koronawirus testlerinden geçmeli bolýarlar we koronawirusa garşy waksina etmek üçin kesel töwekgelçiligi bolan raýatlaryň sanawlary düzülýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG