Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Lebapda üçünji karantin zonasy esaslandyryldy, waksina sanjymlaryna taýýarlyk görülýär


Türkmen häkimiýetleri ýurtda edilen COVID-19 testlerini daşary ýurtlardaky laboratoriýalara seljeriş üçin ibermeýär.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda edilen COVID-19 testlerini daşary ýurtlardaky laboratoriýalara seljeriş üçin ibermeýär.

Türkmenistanda ýurduň esasy karantin zonalarynyň ýerleşýän Lebap welaýatynda daşary ýurt kärhanalarynyň hünärmenleri üçin ýene bir karantin merkezi ornaşdyryldy. Bu aralykda, koronawirus waksinasynyň ilkinji sanjymlary üçin taýýarlyk işleri görülýär. Türkmenistanda halkara uçuş gatnawlaryna girizilen çäklendirmeleriniň 30-njy iýuna çenli uzaldylandygy baradaky maglumatlaryň arasynda, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenabatdan Moskwa ýörite uçuşy guramalaşdyrandygyny habar berdi. Türkmenistanda koronawirusa ýolugan we ondan heläk bolanlar baradaky maglumatlara garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurduň çäklerinde bu ýokunjyň ýeke ýagdaýynyň hem resmi taýdan hasaba alynmandygyny öňe sürýärler.

Lebabyň Çärjew etrabynyň günortasynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşyk işleriniň geçirilýän sebitinde, ýurtdaky iri gurluşyk taslamalaryny amala aşyrýan kompaniýalaryň daşary ýurt hünärmenleri üçin aýratyn bir karantin sebiti ornaşdyryldy.

“Bu merkezde daşary ýurtlardan gelýän hünärmenler 21 gün möhlet bilen saklanarlar. Soňra-da haýsy kompaniýanyň çakylygy bilen gelen bolsalar, degişli gurluşyk obýektlerine ugradylarlar” diýip, bu ýagdaýlardan habarly ýerli işçileriň biri Azatlygyň habarçysyna 24-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Belläp geçsek, mundan owal Lebap welaýatynda iki karantin zonasy bolup, olaryň biri Amyderýanyň çep tarapynda, täze awtomobil we demirýol köprüsiniň arasyndaky ozalky gurluşyk kompaniýasynyň bazasynda, ýene biri Farapdaky gümrükhana nokadynda ýerleşýärdi.

Bu aralykda, Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabadyň keselhanalarynda koronawirusa garşy waksinanyň ilkinji sanjymlary edilmeli saglyk işgärleriniň sanawlary düzülýär. Ýatlatsak, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup, Russiýanyň “Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagyny oňlapdy.

“Türkmenabatda waksina sanjymlary şäheriň çägindäki alty saglyk öýünde amala aşyrylar. Häzir ilkinji sanjym edilmeli saglyk işgärleriniň sanawy we dokumentleri taýýarlandy. Raýatlar sanjyma özleriniň ambulator, ýagny saglyk hasaba alyş kartalary bilen gelip, waksina urdurandygy barada möhür goýdurmaly. Süýji keseli bolanlara sanjym edilmez” diýip, türkmenabadyň keselhanalarynyň işgärleriniň biri atlandyrylmasyzlyk şerti bilen habarçymyza gürrüň berdi.

Lebapda ornaşdyrylan täze karantin sebiti we waksina sanjymlaryna görülýän taýýarlyklar barada welaýat we şäher häkimliklerinden goşmaça maglumat almak başartmady.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda koronawirus alamatlaryny görkezýän näsaglar köpeldi we öýken näsaglygy diagnozy goýlan adamlaryň ýogalmagy ýygjamlaşdy.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistan dünýäde koronawiruss näsaglarynyň hiç birini resmi taýdan hasaba almadyk ýurtlaryň onlygyna girýär. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri ýurtda edilen COVID-19 testlerini daşary ýurtlardaky laboratoriýalara seljeriş üçin ibermeýär.

Şol bir wagtda, ýurtda berk maska düzgüni ornaşdyryldy we raýatlaryň syýahat mümkinçilikleri çäklendirildi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri, Türkmenistanyň Dubaýdaky Baş konsulhanasynyň ugradan hatydygy aýdylan dokumente salgylanyp, halkara uçuş çäklendirmeleriniň şu ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaldylýandygyny habar berýär.

Soňky resmi maglumata görä, geçen ýylyň mart aýynda halkara uçuşlara girizilen çäklendirmeler 31-nji ýanwara çenli uzaldylypdy. Halkara uçuş çäklendirmeleriniň möhletiniň uzaldylandygy barada resmi we ýarym-resmi türkmen neşirlerinde häzirlikçe maglumat ýok.

Bu aralykda, Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy 25-nji ýanwarda Türkmenabadyň halkara aeroportyndan Moskwa ýörite uçuşy gurnandygyny, şeýle-de ondan 177 adamyň peýdalandygyny mälim etdi. Ilçihananyň saýtynda munuň 2020-nji ýylyň martyndan bäri hasap boýunça altynjy uçuş bolandygy bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG