Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Aýaly, agtygy syrkawlan daýhan derman we azyk üçin potrat ýerini 'satýar'


Lebabply daýhan. Bezeg suraty
Lebabply daýhan. Bezeg suraty

"Suw nasoslary ýygy-ýygydan döwülýär we olary bejermek üçin adamlardan pul çöpleýärler. Elbetde, nasos bejerilenden soň suw ýetse, daýhanlar muňa-da razy, emma suw ilki gurply maşgalalaryň potratyna tutulýar" diýip, habarçy bilen gürleşen daýhan aýtdy.

Azatlygyň Marydaky habarçysy sebitiň Garagum etrabynda daýhanlaryň öz arza ýazyp alan we ulanyp oturan potrat ýerlerini gizlinlikde, bikanun satmaly bolýandyklaryny, "ýerimi eýgermän berdim" diýýändiklerini habar berýär.

Bu maglumat döwlet baştutanynyň ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2021-nji ýylda ýurt boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek baradaky nobatdaky karara gol çeken wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

"Şu günler potrat ýerlerini satýan adamlar köpeldi, häzir hiç bir ekin ekilmän duran 1 gektar potrat ýeri 3000 manat bahalanýar, ýöne bugdaý ekilen potrat ýerleriniň gektaryny 3000 manatdan satýan adamlar-da az däl" diýip, habarçy aýtdy.

Adamlar potrat ýerlerini satmaklarynyň sebäbini özleriniň maliýe kynçylyklary bilen düşündirýärler. Olaryň pikiriçe, hökümet 2011-ni ýylda, plandan artyk öndürilen önümleri biržada satmaga mümkinçilik berip, adamlaryň "elini azajyk agzyna ýeter" ýaly edeninden soň, daýhanlaryň hal-ýagdaýyna düýpden seretmedi.

Olar häzirki şertlerde potrat ýerlerini ulanmagyň tasdan mümkin däldigini aýdýarlar. Başga biriniň ýerini ulanmaga alýan daýhanlaryň esasy kynçylyklarynyň biri suw problemasy bilen galy.

"Suw nasoslary ýygy-ýygydan döwülýär we olary bejermek üçin adamlardan pul çöpleýärler. Elbetde, nasos bejerilenden soň suw ýetse, daýhanlar muňa-da razy, emma suw ilki gurply maşgalalaryň potratyna tutulýar" diýip, habarçy bilen gürleşen daýhan aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ilki suw nobatly tutulmaly diýýärler, emma soň nobat bozulýar.

"Potratymyzyň üstünden suw geçip dur, emma bize suw açmak gadagan, sebäbi suwy ilki häkimlikde, hukuk goraýjy edaralarda ýa Aşgabatda uly işde işleýän garyndaşy bolan potratçylar alýar. Bize gezek ýetýänçä ýa nasos täzeden döwülýär, ýa-da ýapda suw gutarýar" diýip, Garagum etrabynyň ýaşaýjysy aýtdy.

Azatlyk radiosynyň söhbetdeşleri ýurtda dowam edýän eden-etdilikleriň daýhan hojalyklaryna salýan agramynyň ýyl-ýyldan agralýandygyny, emma häkimiýetleriň bu mesele baş galdyrman, diňe plan doldurmaga çalyşýandyklaryny aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, potratçylaryň güni meniňki bolsun diýer ýaly däl: olar otag, ýekeleme işleri üçin hakyna adam tutýar, çagalary bilen sowuk ýa yssy diýmän işleýär; pagta ýygyny döwründe tutuş hojalygy bilen ir ertirden agşama çenli işläp, köplenç öýlerine gaýtman, potrat ýerlerinde ýatyp galýan adamlar hem az däl.

Synçylar ýurtdaky sosial adalatsyzlyklaryň aglaba daýhan hojalyklaryny "gurply maşgalalar" diýilýänleriň garşysynda hemişe ejiz hala salýandygyny aýdýarlar.

"Biz beýleki gurply hojalyklardan köp işlemesek, az iş etmeýäris, emma wagtynda suw tutup bilmän, ýerlerimizi eýgermeýän adam bolup galýarys, agtyklarymyzyň ýaşyndaky resmilerden gep çekip, hiç jogap berip bilmän dymmaly bolýarys" diýip, Azatlyk bilen gürleşen daýhan aýtdy.

Gaz, suw, elektrik togy üçin pul sorap gelýärler, dessine tölemeseň, gazyňy kesjek diýýärler diýip, ýerini satýan potratçy onuň puluna syrkawlan aýalyna, agtygyna derman almakçydygyny, häzir öýde unaş bişirmäge-de ýagdaýynyň ýokdugyny gürrüň berdi.

"Häzir biri 4 gektar potrat ýerimi 8000 müň manada alaýyn diýýär, her gektaryna 2000 manat bolýar, emma azajygam bolsa gymmat satasym gelýär, sebäbi bu ýere ejem-kakam dirikä, çagalykdan seredip başladym" diýip, ýerini satýan daýhan öz ýagdaýyny düşündirdi.

Garagum etrabynda 40 ýyl gowrak daýhançylyk eden raýat potrat ýeriniň elden gidýänine gynanýandygyny, ýöne häzir gurply hojalyklaryň ýerlerine seredip, suw tutup, otag otap, pagta ýygyp... gün görmekden başga çykalgasynyň ýokdugyny aýtdy.

Türkmenistanyň prezidentiniň 22-nji ýanwarda gol çeken kararynda, öňki ýyllarda bolşy ýaly, ýene bir gezek resmilere daýhanlary dökün, tehnika we suw bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG