Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerkide zeýkeşleriň arassalanmazlygy ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny peseldýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebabyň Kerki etrabynda zeýkeşleriň we ýaplaryň arassalanmazlygy ýerleriň hasyllylygyny peseldýär. Hususan-da şaly ösdürip ýetişdirýän daýhanlar bu ýagdaýdan şikaýat edýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy oba hojalyk hünärmenlerine we daýhanlara salgylanyp habar berýär.

Kerkili daýhanlaryň ençemesi etrabyň çäginde azyndan 30 ýyl bäri arassalanmadyk zeý kanallarynyň bardygyny, şeýle-de ekerançylyk ýerlerini suwarmak üçin zerur bolan kanallaryň suw geçirijilik ukybynyň ep-esli pese gaçandygyny aýdýarlar.

Kerkide şaly ösdürip ýetişdirýän daýhan hojalyklaryň agzalary Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde mundan 30 ýyl ozal ýerden alan hasyly bilen soňky ýyllarda alýan hasylynyň möçberini deňeşdirdi.

“Ýerler mundan 25-30 ýyl ozal, 80 sentiner hasyl beren bolsa, soňky 5-10 ýyl bäri 5-15 sentiner aralygynda hasyly zordan berýär” diýip, anonim şertde gürrüňdeş bolan daýhanlar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Adamlar ýerleriň hasyllylygynyň peselip, olaryň sandan çykýandygyny aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Resmi metbugata görä, türkmen hökümeti şu ýyl Lebap welaýatynda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tona şaly hasylyny almagy meýilleşdirýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda 2020-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” aprel aýynda gol çeken kararyna laýyklykda, ýurt boýunça bu ýyl 83 müň tonna golaý şaly hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda şaly esasan Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy, Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda ösdürilip ýetişdiriýär.

“Şaly ekilip ýerleriň güýji galmandyr, gamyşlyk meýdany ýatladýar” diýip, habarçy Kerkiniň şaly meýdanlary barada habar berdi.

Kärendeçi daýhanlar we ýer eýeleri köp mukdarda suw talap edýän şaly ekinini ösdürip ýetişdirmek üçin zerur bolan suwaryş suwlarynyň ýetmezçilik edýändigini, gyrmança basan ýaplaryň ýyllarboýy arassalanmaýandygyny we zeýkeşleriň wagtly-wagtynda gazylmaýandygyny aýdýarlar. Bu kemçilikler oba hojalyk hünärmenleriniň pikiriçe şaly ösdürilip ýetişdirilýän ýerleriň meleoratiw ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär.

“Şaly meýdanlarynda topragyň düzümini ylmy taýdan öwrenýän laboratoriýa Lebapda ýok” diýip, habarçy şeýle barlaghananyň ýurduň Oba hojalyk uniwersitetinde bardygyny, ýöne onuň mümkinçilikleriniň lebaply daýhan hojalyklara elýeterli däldigini aýtdy.

Daýhanlaryň aýtmagyna görä, Kerkide häkimiýetler ýap gazmak işlerini ilatyň hasabyna geçirmegi tabşyrýarlar.

“Kärende ýerleri bolup, bergidar çykýan daýhanlarda ýere höwes galmandyr” diýip, söhbetdeşleriniň özünde galdyran täsirini gürrüň berdi.

Türkmenistanda kärendeçi daýhanlar ekerançylyk ýerlerinden hasyl ösdürip ýetişdirmekde zerur bolan tehnikalaryň, mineral dökünleriň we suwuň üpjünçiliginden häli-şindi şikaýat edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG