Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Biz 'gullukdaky agalygyň' pidasy bolduk". Ýüze çykan hadysadan soň, iki täjik kursanty Gazagystanyň Harby institutyndan çykaryldy


Petropawlowsk şäherindäki (Demirgazyk-Gazagystan oblasty) Harby institut

Gazagystan Respublikasynyň Milli gwardiýasynyň Harby instituty kursantlaryň özara uruşmagy sebäpli dörän wakadan soň, täjigistanly iki kursanty okuwdan çykardy.

Ol kursantlar Gazagystanda bile okaýan ýoldaşlarynyň arasynda gullukdaky agalygyň, ýagny “dedowşinanyň” pidasy bolandygyny aýdýarlar, ýöne institutyň administrasiýasy täjigistanly kursantlary bolan wakada günäkär hasaplap, olaryň şol sebäpden okuwdan çykarandygyny aýdýarlar.

Olaryň okuwdan çykarylmagyna degişli buýrugyň nusgasy Azatlyk Radiosynda bar, Ziýoratşo Gurbonow hem Awaz Gurbonow 15-nji ýanwarda institutdan çykarylypdyr.

Institutyň administrasiýasynyň tassyklamagyna görä, täjigistanly kursantlar bile okaýan ýoldaşyny urupdyrlar hem institutda studentleriň özüni alyp baryş kadalaryny bozupdyrlar.

Ziýoratşo Gurbonow bilen Awaz Gurbonow Gazagystanyň Milli gwardiýasynyň Petropawlowsk şäherindäki Harby institutynyň dürli fakultetleriniň kursantlarydy. Olar gazak kursdaşlarynyň zorlugy sebäpli jepa çekendiklerini, şeýle-de bolsa, institutyň administrasiýasy näme bolandygyny adalatly anyklamagyň deregine, täjigistanly kursantlara dawa-jenjeli başlamakda hem-de günäni öz üstlerine almakda basyş edip, munuň netijesinde institutdan çykarypdyrlar. Ol kursantlar Täjigistanyň Içeri işler ministrliginden, Petropawlowskda okamak üçin iberilipdi.

Awaz Gurbonow Petropawlowskdan telefon arkaly söhbetdeşlikde, gazak kursantlarynyň täjigistanly kursantlara zulum edýändiklerinden, dürli haýbat bilen gorkuzýandyklaryndan zeýrendi.

Ol bolan ýagdaýy şeýle suratlandyrdy: “Olar maňa garnymyň üstüne polda ýatmagy buýurdylar. Ýöne meniň leýtenant derejäm bar, mertebäm maňa beýle buýrugy ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýär. Soňra institutyň kursanty Bakitbekow gazak dilinde sögünip, Ziýoratşonyň ejesine ýetdi. Hajathanada olaryň arasynda dawa-jenjel döredi, ýöne ofiserler derrew gelip, ýakalaşyp başlan studentleri aýyrdylar, olar elleşip aýrylyşdylar".

Jedel, onuň yzyndan dörän ýakalaşma 6-njy dekabrda bolup geçipdir. Institutyň administrasiýasynyň maglumatyna görä, gazagystanly kursant kämillik ýaşyna ýetmedik bolmaly. Şol gije Gurbonowyň sözüne görä, gazak kursantlary kazarmada çyrany öçürip, harby guşaklary bilen urup başlapdyrlar. Umumylykda, onuň aýtmagyna görä, 160 töweregi hüjümçi bolup, olar 10 täjik kursantyny ýenjipdirler.

Bakitbekowyň arzasynda görkezenlerine esaslanyp, Petropawlowsk şäher kazyýeti Awaz Gurbonowy "bilkastlaýyn şikes ýetirendigi" üçin günäli tapdy we oňa 100 dollar jerime saldy. Awaz Gurbonowyň pikirine görä, bolan dawa-jenjelde ol, Ziýoratşo we beýleki täjigistanly kursantlar jebir çekipdirler. Ýöne günäni öz üstlerine almasalar, tokaýda öldürjekdiklerini, eger aýdylany etseler, olaryň diňe jerime bilen gutuljakdyklaryny, şonuň bilen bar işiň ýapyljakdygyny aýdypdyrlar. Olar bolsa günäni boýun alypdyr.

Kazyýetiň kararyna laýyklykda täjigistanly kursantlara jerime salynýar, soňra bolsa olary okuwdan çykardylar. Täjigistanly kursantlaryň okuwdan çykarylmagynyň sebäbi barada institutyň ýolbaşçysynyň buýrugynda: «olar harby düzgün-nyzamy hem-de okuw jaýynda özüni alyp baryş kadalaryny bozdular» diýilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy harby institutyň bilim bölüminiň ofiserlerinden biri bilen gürrüňdeş boldy. Özüni tanatmak islemedik ofiser studentleriň ýokary okuw jaýynyň kadalaryny gödek bozandygy sebäpli okuwdan çykarylandygyny aýtdy.

Täjik kursantlary bolsa özlerine salnan jerimäni ildeş klasdaşlarynyň kömegi bilen töländiklerini aýdýarlar, ýöne institutyň ofiserleri olary urup, sowuk howada umumy ýaşaýyş jaýyndan kowupdyrlar. Awaz Gurbonow ýanynda galan pula kireýine jaý alandyklaryny, indi näme etjegini bilmeýändigini aýdýar.

Häzirki wagtda Gazagystanyň Milli gwardiýasynyň Harby institutynda 37 täjik kursanty taýýarlanýar. Olar Täjigistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan, bu ýerde tälim almak üçin iberilipdi. Täjigistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hökümetara ylalaşyk esasynda, täjik kursantlaryny taýýarlamak 2009-njy ýyldan bäri dowam edýär.

Material Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG