Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bagtyýarlyk: Ýazga durmak we ýazgydan çykmak üçin töleg nagt talap edilýär, 'kwitansiýa berilmeýär'


Bagtyýarlyk etrap häkimligi

Şu günler Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýjylary ‘kagyz işleri’ bilen bagly bir päsgelçilik bilen ýüzbe-ýüz galýar. Etrap polisiýasynyň Ilaty ýazga alyş bölümi ýaşaýjylary hasapdan çykarmak üçin ýa-da hasaba goýmak üçin zerur bolan tölegleriň nagt görnüşinde tölenilmegini talap edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, polisiýa bölümi tölegiň geçirilendigi barada raýatlara hiç hili kwitansiýa bermeýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, paýtagtyň ýaşaýjylaryndan dokument üçin nagt töleg talap etmek işlerine Bagtyýarlygyň etrap polisiýasynyň Ilaty ýazga alyş bölüminiň müdiri we işgärleri gatnaşýar.

“Geçirilen tölegler barada raýatlara resmi taýdan hiç hili kwitansiýa ýa-da girdeji edilendigi barada başga bir dokument berilmeýär” diýip, bir bagtyýarlyk ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Etrabyň nagt töleg talaby türkmen häkimiýetleriniň ýurtda dürli hyzmatlary sanly ulgama geçirýändiklerini gaýtalaýan wagtyna gabat gelýär.

Raýatlar ýaşaýan ýeriniň ýazgysyny üýtgeden halatynda, Bagtyýarlyk etrabynyň bir ýaşaýjysyna görä, olardan dokumentleri kabul etmek, zerur blankalary kompýuterde doldurmak, gerek bolan dokumentleri gözden geçirmek ýaly hyzmatlar üçin etrap polisiýasy 20 manat möçberinde nagt pul talap edýär.

Galyberse-de, taýýar dokumentlere möhür basmak we gol çekmek üçin Polisiýanyň ilaty hasaba alyş bölüminiň müdiri raýatlardan 25 – 100 manat aralygynda töleg talap edýär.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir etrap ýaşaýjysy bu tölegler boýunça raýatlara kwitansiýa berilmeýändigini gaýtalady.

Azatlyk Radiosynyň Bagtyýarlyk etrabynyň polisiýa bölüminden kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi.

Türkmenistanyň resmi we ýarym resmi habar serişdeleri ýurtda maliýe ulgamlarynyň kämilleşdirilýändigi, söwda we beýleki hyzmatlar üçin nagt däl töleg mümkinçilikleriniň giňeldilýändigi barada wagtal-wagtal habar berýär. Galyberse-de, döwlet edaralary nagt ýa-da nagt däl islendik töleg üçin raýatlara kwitansiýa bermeli.

Raýatyň ýaşaýan ýeriniň ýazgysy soňky wagtlarda Türkmenistanda has uly ähmiýete eýe bolup başlady. Sebäbi, döwlet dükanlary subsidirlenen azyk harytlary üçin alyjylardan olaryň ýaşaýan ýeriniň ýazgysy barada kepilnama talap edýär. Mundan ozal, Azatlyk Radiosy bu kepilnamany almak üçin ýurduň dürli künjeklerinde raýatlaryň görýän kynçylyklary barada habar berdi.

Raýatlaryň ýaşaýan ýeriniň salgysy baradaky güwähaty şäher ýerlerinde Öý müdirlikleri, oba ýerlerinde geňeşlikler berýär.

Türkmenistan Sowet häkimiýetlerinden miras galan “propiska” düzgünini saklap galýar. Raýatlaryň ýaşaýan ýeriniň ýazgysy onuň pasportynda bellige alynýar. Adamlar bir etrapdan başga bir etraba göçenlerinde olardan täze salgylary boýunça hasaba durmak talap edilýär.

2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda raýatlaryň içerki pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipeleri Türkmenistanyň içeri işleri edaralarynyň üstüne ýüklenildi.

Oktýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap hem-de Mary welaýatlarynda ýerli häkimiýetleriň raýatlaryň pasport maglumatlaryny ýygnap başlandyklary barada habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG